Anna, 24 Iýun 2016 10:11

Daşary ýurtly talyplaryň biz baradaky pikirleri

 logo  

Daşary ýurtly talyplaryň biz baradaky pikirleri

    Her bir adamynyň öňünde iru-giç öz gelejegi üçin hünär saýlamaly wagty gelýär. Meniň üçinem şol wagt gelip ýetdi we menem öz gezegimde iňlis dili mugallymy bolmak netijesine geldim. Iň bir gowy mugallymlaryň biri bolmagyň özi bir hormat goýulýan kär bolup durýar. Elbetde, men uniwersiteti derrew saýladym, ýöne başga nätanyş ýurtda ene-atalaryndan we ýakyn dogan-garyndaşlaryndan daşda, nätanyş ýurdyň hukuklary bilen 6 ýyl ýaşamak we okap bilim almak kyýn bolaýjak ýaly bolup görünýärdi. Şeýle hem bolsa, maňa öz gorkymy ýeňip geçmek başartdy. Eýsem men bu ýerde okan wagtymyň nädip geçeninide duýman galman, sebäbi maňa bu ýerde örän köp adamlar bilen tanyşmak we doslaşmak niýesler etdi, şeýle hem özüm üçin men birnäçe açyşlar etdim. Mundan başgada öz söýgüli uniwersitetimiň köpçülik durmuşynda çykyş etdim, elbetde dürli kyýnçylyklara gabat geldim, ýöne olaryň hemmesini maňa ýeňillik bilen ýeňip geçmek başartdy.

   Häzirki wagtda, men Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetiniň uçurumy bolup, bu uniwersitet meniň durmuşymdaky iň bir dogry saýlawyň biri bolandygyny buýsanç bilen belläp geçesim gelýär.

 Qsk4UgevyHg

Mämmedowa Jahan Baýramowna

(Türkmenistan)

Diller fakultetini gutaran 2016-njy ýylyň uçurymy

    Men Belarus döwletine 5 ýyl mundan ozal öz dostumyň maslahaty boýunça geldim. Ol maňa Grodno şäherinde meniň okamagym üçin sungat we dizaýn fakultetli Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň bardygyny aýtdy. Men, bu uniwersiteti, ýagny meniň döredijilik ukubymy ösdüren we meniň dünýä garaýşymy kesgitlemäne uly kömek eden uniwersiteti öz durmuşymyň kuliminasiýasy diýip hasap etýän. Men hemişe, uly-uly üstünliklere ýetip dizaýner hökmünde meşhur adam bolasym gelýärdi. Bu uniwersitetde mana sahna çykmak niýesser etdi, mundan başgada men diňe bir okamak bilen çäklenmän, eýsem tans etmek, suratkeşlik we tikinçilik bilen meşgullanýaryn.

    Men çyn ýürekden bu uniwersiteti we okan fakultetimi öz maşgalam diýip hasap etýärin.

 SjpWl3vOyQg

Appui Mettiaraççige Don Omila

Nauşan (Şri-Lanka)

Sungat we dizaýn fakultetiniň 5-nji ýyllyk talyby

     Programmamirleme häzirki wagtyň bütündünýä täsin hadysasy bolup durýar. Meni Alan Týuriň, Bil Geýts we Mark Sukerberg ýaly programmistler haýrana goýýar. Men kompýuterler ylymlarynyň netijesi bolan tehnologiýanyň ösüşini duýup gezýän we hakykatdanam programmist bolmak bu bir şeýle ajap duýgy. Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetine men arzuwlarymy durmuşa geçirmäge berýän mümkinçilikleri üçin köp köp sag bolsun aýdasym gelýär.

 988478

Onýekaçi Ikenna Wilýams

(Nigeriýa)

Matematika we Informatika fakultetiniň 3-nji ýyllyk talyby

    Men matematika we informatika fakultetinde "Sanly tehnikalary we awtomatlaşdyrylan sistemalary programma bilen üpjün etmek" hünäri boýunça okap 19 ýyl mundan ozal Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň diplomyny aldym.

   Meniň örän mähirli we akyldar mugallymlarym bolupdy, häzir-häzirlerem men olary ýygy-ýygydan ýatlap durýan. Men Grodno şäherini öz ikinji öýüm hasap etýärin.

  Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti meniň durmuşumda bilim pudagyndaky iň bir hormatlanýan we meşhur adamlar bilen deňeşmäge mynasyp adam edip ýetişdiren ýer bolup durýar.

 1796662 796

Hamid Jan

(Päkistan)

matematika we informatika fakultetini tamamlan 1997-nji ýylyň uçurumy

    Bu uniwersitetde maňa dünýä belli bolan alymyň, Lýudmila Wasilýewna Ryçkowanyň ýolbaşçylygynda ylym bilen meşgullanmak miýesser etdi.

   Lýudmila Wasilýewna Ryçkowanyň kömegi esasynda meni, entak ýaňy uniwersitetiň ikinji ýyllyk talybyny, ömründäki ilkinji gezek çykyş eden, Minsk şäherinde geçen, ylmy konferensiýasynda "ýaş alym" diýip atlandyrdylar. Emma, muňa garamazdan, häzirki wagtda men bu uniwersiteti gutaryp hünärmeniň diplomyny alsamda, öz öňümde entak el degmedik ullakan bir dag ýaly meniň almaly bilimlerimiň ýatanlygyny we ýetip bilmedik derejelerimiň barlygyny görýärin.

   Bu günki gün maňa işlemäge we ösmäge uly mümkinçilikler berip, magistraturada okap öz okuwumy dowam etmäne meniň öňümde birnäçe perspertiwalary açyp uniwersitet meni özbaşdak we garaşsyz adam edip ýetişdirýär. Indi men Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň halkara bilim Merkezinde işläp, uniwersitetiň diňe bir men barada dälde, eýsem her bir daşary ýurtly talyby barada alada etýänligini her gün görüp durun. Şu zatlary görüp durkam nadip öz GrDU-ny söýmäýin?

   Ýanka Kupala adyndaky GrDU - bu her talybyň arzuwlarynyň durmuşa geçýän ýeridir!

 ob1pOJxqWzU

 Baýrammyradow Geldi Baýrammyradowiç

(Türkmenistan)

Diller fakultetini gutaran 2016-njy ýylyň uçurymy

   Men iň bagtly adamlaryň biri, sebäp diýseň men bu wagt Ýanka Kapala adyndaky GrDU-nyň magistraturasyny tamamlaýaryn. Mundan ozal men Hytaý döwletiniň uniwersitetinde okap bilim aldym. A Belarus döwletinde köp adamlar bilen tanyşdym, ençemesi bilen dostlaşdym. Men bu ýerde özümiň çyn dostlarymy tapdym. Şeýle hem, maňa biziň uniwersitetimiziň köp-köp bilim beren mugallymlary we uniwersitetiň guramaçylyk işleri ýaraýar. Bir söz bilen aýdanyňda, maňa Belarus döwletiniň hemme zady ýaraýar. Şonuň üçinem men bu ýerde okuwymy ýene dowam edeýin diýen netijä geldim we uniwersitetiň aspiranturasyna girdim.

   Meniň pikirimçe, meniň okamak üçin saýlan Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti iň dogry saýlawym bolup durýar, sebäbi bu meniň uniwersitetim - iň gowy uniwersitetdir.

 IMG 7759

 Çen Ýan

(Hytaý)

Ykdysadyýet we dolandyryň fakultetiniň magistraturasyny gutaran 2016-njy ýylyň uçurymy

 

Read 2225 times Last modified on Anna, 22 Iýul 2016 08:51
banner11 banner21 banner31