Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti

Displaying items by tag: news

Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde "2020-nji ýylyň talyby" bäsleşigine gatnaşmak üçin saýlama tapgyry başlanýar

 

 

Umumyuniwersitet bäsleşiginiň birinji tapgyry 6-30-njy aprel aralygynda uniwersitetiň fakultetlerinde we kollejlerinde geçiriler.
Bäsleşige, ýokary bilimiň birinji basgançagynyň gündizki tapgyrynyň talyplary, şeýle hem bilim, gözleg, jemgyýetçilik çäreleri, sport, medeni durmuş we döredijilik ugurlarynda ýokary üstünlikleri gazanan Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň gumanitar we tehnologiki kollejleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.
Umumyuniwersitet "Ýylyň talyby" bäsleşigi 2 tapgyrda geçiriler. Aprel aýynda uniwersitetiň fakultetlerinde we kollejlerinde saýlama tapgyry geçiriler, şol döwürde gatnaşyjylar üç synagdan geçmeli bolarlar: “Wizit kartoçka”, “Uniwersitet seniň mümkinçilikleriň” orator bäsleşigi we “Belarus biziň umumy öýümiz” atly döredijilik bäsleşigi. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ýeňijileriň atlary 2020-nji ýylyň 5-nji maýyndan gijä galman yglan ediler.
Ikinji tapgyra synaglar maý aýynda başlanar. Ýarym final seçimi 1-nji iýuna çenli tamamlanar, şondan soň final tapgyryna gatnaşmaga hukyk gazananlar “Men talyp!” wideo roligini taýýarlamaga başlarlar, şeýle hem ýaşlaryň we talyp başlangyçlarynyň döredijilik, ylmy, hünär potensialyny ösdürmäge gönükdirilen hususy ýaşlar taslamasyny döreder. Bu eserleriň tanyşdyrylyşy 2020-nji ýylyň 28-nji sentýabryna çenli bolmaly. Oktýabryň birinji ýarymynda umumyuniwersitet “2020-nji ýylyň talyby” bäsleşiginiň finalynyň ýüzbe-ýüz tapgyry geçiriler we sebit bäsleşiginde dogduk Alma materini kimiň taryp etjekdigi kesgitlener.
“Ýylyň talyby” Umumyuniwersitet bäsleşiginiň gurnaýjysy, uniwersitet talyplarynyň kärdeşler arkalaşygy komiteti, Belarus respublikan ýaşlar birleşiginiň esasy guramasy, başlangyç talyp guramasy “Belaýa Rus” we uniwersitetiň utgaşdyryjy (koordinasionnyý) talyp geňeşi bilen bilelikde hasaplanýar. Bäsleşigiň maksady, okaýan ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini kesgitlemek, aýan etmek we durmuşa geçirmek üçin şertleri we gurşawy döretmekden ybarat.

 

Bir hepde dowam eden marafon baýramçylyk dabaralary talyplary, mugallymlary we uniwersitet işgärlerini, şeýle hem Belarus Respublikasyndan we daşary ýurtlardan gelen köp sanly myhmanlary özünde ýygnady

  

Baýramçylyk hepdesiniň esasy pursatlaryny bir habarda ýygnadyk. Alma materiň ýyl dönümine (ýubileýine) bagyşlanan esasy wakalary bilelikde ýatlalyň.

Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti talyplary “Çagalaryň halkara hukuk goragy” atly iň gowy düzme bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Arzalar 17-nji aprele çenli talyplardan - geljekki aklawçylar, ykdysatçylar, ekologlar we harby fakultetiň kursantlary tarapyndan kabul edilýär.

Bäsleşik, Belarus Gyzyl Haç Jemgyýetiniň, Belarus Respublikasynyň Milli Maglumat merkezi, BMG-nyň Bosgunlar baradaky ýokary Komissarlygynyň edarasynyň goldawy bilen MITSO Halkara Uniwersiteti tarapyndan geçirilýär. Esasy maksat, ýaşaýan ýerinden gitmäge mejbur bolan bosgun çagalaryň hukuklaryny goramagyň meselelerine we ugurlaryna talyplary çekmek.
Bäsleşik üçin hödürlenen makalalaryň mowzuklary aşakdaky ugurlaryň birine laýyk gelmelidir: bosgun çagalaryň hukuklaryny ähliumumy derejede goramagyň guramaçylyk we hukuk taraplary,Ýewropa bileleşiginde bosgun çagalarynyň hukuklaryny goramagyň hukuk kadalaşdyrylyşy, bosgun çagalaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmekde halkara we sebit guramalarynyň roly. Bäsleşigi gurnaýjylaryň talaplaryna laýyklykda, makala görkezilen mowzugy açyp görkezmeli we garaşsyz, innowasiýa, yzarlaýyş häsiýetleri özünde jemlemelidir. Gatnaşýanlaryň her biri ýaryşa diňe bir eser iberip biler.
Bäsleşigiň netijelerine görä iň köp bal gazanan ýeňijiler kesgitlener. Baýrak gowşurylyş dabarasy 2020-nji ýylyň 19-njy maýynda "MITSO" halkara uniwersitetinde geçiriljek "Bosgunlaryň we migrantlaryň hukuklaryny halkara derejede goramak" ylmy-amaly konferensiýasynda geçiriler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler, öz işlerini 17-nji aprele çenli anketasy bilen bilelikde "На конкурс_2020" belligi bilen Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz. e-poçta adresine ugratmaly. Goşmaça maglumatlary telefon arkaly alyp bilersiňiz. (017) 279-98-51, (029) 635-43-03

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Daşary ýurtly talyplar Watandaşlygynyň aktiwy bilen rektor Irina Kiturkonyň duşuşygy geçirildi (WIDEO GUŞULAN)

Akgöwünli açyk diolog gürnüşinde talyplar öz täze gyzykly ideýalaryny hüdürlediler, şeýle hem uniwersitetiň ýolbaşçysy bilen özlerini biynjalyk etýän temalaryy ara alyp maslahatlaşdylar.

Открывая встречу, ректор университета Ирина Китурко поблагодарила иностранных студентов за инициативу, которую они проявили в организации мероприятия:

Duşuşygy açyp, uniwersitetiň rektory Irina Kiturko daşary ýurtly talyplara olaryň inisiatiwalary üçin ullakan sag bolsun bolsun aýtdy:

  • Men size meni bu duşuşyga çagyranyňyz üçin ullakan minnetdarlygymmy bildirýän we sizi şul sebäp bolan nyşanly günüňiz bilen gutlaýan – Daşary ýurtly talyplar Watandaşlygynyň döredilenine bu gün üç ýyl boldy – diýip Irina Fýodorowna belläp geçdi.

Ol her bir daşary ýurtly talyby – bu bir uly we agzybir kupalow maşgalasynyň agzasydygyny aýdyp şeýle diýdi:

  • Men uly höwes bilen, şu uniwersitet, islendik başga maşgalalar ýaly, öz däp-dessurlaryna örän baý. Siz özüňiziň Hytaý täze ýyly, Nowruz baýramy ýaly däp-dessurlaryňyz we baýramçylyklaryňyz bilen has-da uniwersitetiň baýlygyny artdyrýaňyz. Uniwersitetiň medeniýetara kommunikasiýasy siziň arkaňyz bilen ösýär, a siz hem öz gezegiňizde belarus medeniýetine has hem çüňlaýyn öwrenýärsiňiz.

Duşuşygyň dowamynda Watandaşlygyň wekilleri Irina Kiturka öz alyp barýan işleri barada, olaryň netijelri bolan – ylymda, sportda we döredijilikde ýeten derejeleri we mümkin bolan bäsleşiklerde we festiwallarda ýetelen üstünlikleri barada gürrüň berdiler. Talyplar çözmesi kyýn bolan meseleler barada agzap geçdiler we olary nädip çözmek usullaryny hödürlediler. Şeýle-de okuw prosessi, köpçülik guramalary we umumy ýaşaýyş jaýlary baradaky soraglary agzap geçildi.

Talyplar rektordan daşary ýurtly talyplar üçin gutardyş ballyny geçirmek mümkinçili barada soradylar, ol soraga rektor jogap edip rektor duşuşygyň agzalaryny bile bolmaga ähli kupalow-talyplary bilen bile bolmaga çagyrdy:

  • Menä her bir daşary ýurtly talybyň özini öz toparynyň, fakultetiniň we umuman Ýanka Kupala adyndaky uniwersitetiň bölegi bolmagyny islärdim. Biz şu uniwersiteti siziň öýüňiz we maşgalaňyz etmek üçin jyrjaşýarys – diýip Irina Fýodorowna aytdy.

Şeýle hem uniwersitetiň aragatnaşyk saklaýan ýurtlarynyň aýratyn tapawutlanýan eksponatlary ýygnajak Milli medeniýetler muzeýini döretmek barada sorag boldy. Rektor bu inisiatiwa gollap, bizde “Uniwersitet-muzeý” proýektiniň durmuşa geçirilýänligini we Milli medeniýet muzeýi onuň bir bölegi bolup biljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Watandaşlygyň aktiwine gramotalar, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Daşary ýurtly talyplar hem öz gezeginde Irina Fýodorowna eksklýuziw türkmen aksessuaryny bolan gyzyl reňkli milli nagyşly torbasyny sowgat etdiler.

 

 

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ýylyň talyby saýlandy

31-nji dekabrda kupalow uniwersitetiniň konsertlik zalynda geçirilen “Ýylyň talyby - 2018” bäsleşiginiň finaly geçirildi. 

Maşyngurluşygynyň innowasionlyk tehnologiýalarynyň fakultetiniň talyby Polina Bubeşko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ýylyň talyby diýen ada eýe boldy.  

Hukuk fakultetiniň talyby Irina Kuliniç ikinji orny eýeledi, üçinji orna bolsa ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby

“Iň gowy gollaw-topary” ady bilen inžener-gurluşyk, hukuk we maşyngurluşygynyň innowasionlyk tehnologiýalarynyň fakultetleri ýeňiş gazandylar.

Adat boýunça bäsleşik iki etapda geçdi. Birinji gaýwana turda bäsleşige gatnaşyjylar “Meniň dünýäm” atly portfoliýalaryny, köpçülik kyýnçylyklaryny çözmek ýollaryny durmuşa geçiriş matsatlary bilen talyplaryň döredijilik we kärendeçilik ukuplarynyň has-da ulalýandygyny görkezýän özleriniň “Ýaşlaryň inisiatiwasy” atly iň gowy proýektleri eminleriň dykgatyna ýetirdiler. Şeýle hem gaýwana turyň ýene bir bäsleşigi bolan “Men talyp” atly wideorolik bäslegi geçirildi. Geçirilen bäsleşikleriň jemi esasynda ýokary netije görkezen talyplar finala gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Final wagtynda üstünlikli çykyş edip ady agzalan talyplar ýokardaky sanalan netijeleri görkezdiler.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ýokary bilimiň tölegli görnüşine abituriýentleriň resminamalaryny kabul ediliş dowam etýär

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde diňe bir belarus raýatlary üçin dälde eýsem daşary ýurtly raýatlary okuwa kabul ediliş güýçli depginde dowam etýär.

Uniwersitetiň bu ýylky hödürleýän hünärleriniň sanawyny, tertiplerini we gerekli resminalar barada giňişleýin maglumatlary www.education.grsu.by adresiniň üsti bilen tanyşyp bilersiňiz.
Şeýle hem, daşary ýurtly talyplary kabul ediliş barada bilmek üçin aşakdaky telefonlaryň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz:
+375 152 681244
+375 25 9384678
+375 33 6229590

 

Türkmen milli göreşi boýunça turnir, milli oýunlar we milli naharlar: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Nowruz baýramy geçirildi

Bu festiwal kupalow uniwersitetinde ähli Nowruz baýramyny – astronomiki gün kalendary boýunça täze ýyl belleýän daşary ýurtly talyplaryň ählisini bir ýere jemledi.

Ilkinji gezek Nowruz baýramy Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar watandaşlygynyň inisiatiwasy esasynda geçen ýyl bellenildi. Şonda bu baýramçylykda 5 uniwersitetiň wekilleri gatnaşypdy. Bu ýyl festiwala 9 uniwersitetiň wekilleri gatnaşdylar: Belarus Döwlet Uniwersiteti, Belarus Döwletiniň Bedenterbiýe Uniwersiteti, Maksim Tank adyndaky Belarus Döwlet Mugallymçylyk Uniwersiteti, “BIP – Hukuk institut” hususy okuw jaýynyň Grodnoda filialy, “MITSO” Halkara uniwersitetiniň Witebs filialy, Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti, Polesk Döwlet Uniwersiteti, Grodno Döwlet Oba-hojalyk uniwersiteti we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti.

Ýalkymly salamlaşyk sözleri bilen myhmanlara we baýramçylygy guramaçylara Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory Irina Kiturko ýüzlendi.

  • Men sizi baýramçylygyz bilen gutlaýaryn we Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da bellenilýän Nowruz baýramynyň inisiatory bolan talyplara öz minnetdarlygymy bildirýärin. Şeýle hem, gelen myhmanlara sag bolsun aýtman isleýän, siz sebäpli bu festiwal biziň uniwersitetimiziň çäginden daşyna çykdy we talyplary birikdirýän, doslaşdyrýan gowy däp-dessurlaryň biri boldy, – diýip Irina Fýodorowna belläp geçdi we myhmanlara baýramçylyk tortuny sowgat berdi.

Festiwalda myhmanlar dürli döwletleriň milli koloritleri görkezýän interaktiw meýdançalarynda boldular: milli tagamlary dadyp gördüler we öz elleri bilen gözden goraýan alaja örmäni öwrendiler, türkmen halkynyň şaý-sepleri we öý esbaplary bilen tanyşdylar. Çäräniň myhmanlary üçin iň gyzykly bolan master-klasslary – türkmen dili sapagy, arap, hytaý kalligrafiýasy we milli oýunlardan baýdak aldy, bäş daş we kanat çekişmek ýaly oýunlar boldylar. Sport bäsleşiginiň söýüjilerini bolsa Milli Türkmen göreşi boýunça geçirilen turnir bir ýere jemledi.

Festiwal daşary ýurtly talyplaryň döredijilik sahnalarynyň üsti bilen öz medeniýeti bilen tomaşaçylary tanyşdyrmak arkaly baýramçylyk konserti bilen jemlenildi. Bu konsertiň dowamynda göreşiň ýeňijiçilerini, interaktiw meýdançalarynyň işjeň gatnaşyjylaryny, şeýle hem, “Täze gün” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini kuboklar, medallar, diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

 

Ýatlatýarys:

2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy bolmadyk medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna goşuldy, 2010-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda OON-nyň Genaral Assambleýesiniň 64-nji sessiýa 21-nji mart Bütin dünýä Halkara Nowruz güni diýip yglan etdi.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň wekilleri Azerbeýjandaky belarus biliminiň günlerine gatnaşdylar

 

Okuw işleri boýunça prorektor Ýuriý Belyh we biologiýa we ekologiýa fakultetiniň dekany Aleksandr Karewskiý belarus delagasiýasy bilen 4-nji martdan 8-nji marta çenli Baku şäherinde (Azerbeýjanda) belarus biliminiň günlerine gatnaşdylar.

Belarus delegasiýasynyň sapary Azerbeýjanyň bilim beriş jaýlary we beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we Azerbeýjanyň bilim hyzmatlar bazarynda “Belarusdaky bilim” atly öňegidişlik brendini ösdürmek maksady bilen gurnalyndy. Belarus döwletiniň 20 töwerek ýokary okuw jaýlarynyň gatnaşmagynda belarus biliminiň sergisi geçirildi. Ol ýerde Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň wekilleri ýokary bilimiň birinji we ikinji derejedäki hünärleri barada gürrüň berdiler, aspiranturada okuwy dowam etmegiň mümkünçilikleri barada, şeýle hem kupalow uniwersitetindäki Tomusky mekdepleri barada gürrüň berdiler.

Bilim pudagyndaky beýik tehnologiýalaryň durmuşa geçiriliş opytyny öwrenmek üçin belarus delegasiýasy Baku şäheriniň okuw jaýlarynda boldylar. Şeýlelikde, Belarus wekilleriniň bolan on uniwersitetleriniň içinde belarus dili we medeniýet Merkeziniň hereket etýän Bekin slawýan uniwersiteti hem bardy. Bu Merkeze biziň uniwersitetimiziň adyndan Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň mugallymlarynyň belarus dilinde çap eden kitabyny sowgat berildi.

Mundan başgada, Ýuriý Belyh we Aleksandr Karewskiý birnäçe gimnaziýalarda we hünärmen mekdeplerinde boldylar we Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda halkara olimpiadalaryna taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäräniň guramaçysy bolup Belarus Respublikasynyň Bilim Ministrliginiň halkara gatnaşyklar Merkezi we Belarus Respublikasynyň Azerbeýjandaky ilçihanasy çykyş etdiler.

Sahypa 3 dan 10
banner11 banner21 banner31