Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti
Anna, 15 Dekabr 2017 11:15

Grodnanyň uniwersitetleriň daşary ýurtly talyplary dilewarlyk ussatlygynda bäsleşdiler

Grodnanyň uniwersitetleriň daşary ýurtly talyplary dilewarlyk ussatlygynda bäsleşdiler

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetinde 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda “Watanymy wasp etýärin” atly daşary ýurtly talyplarynyň arasynda dilewarlyk ussatlygy boýunça regional bäsleşigi geçirildi. 

Bu bäsleşik Grodno Döwlet uniwersitetiniň rus dili kafedrasy tarapyndan iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Çärä gatnaşanlaryň ählisi Grodno şäheriniň uniwersitetlerinde ýokary bilim alýan daşary ýurtly talyplary boldylar. Diller fakultetiniň dekanynyň aýtmagyna görä bu bäsleşik dürli ýurtlardan gelen talyplary bir ýere jemlemek bilen olaryň Belarus döwleti bilen tanyşlygyny we rus dili bilimini ýokarlandyrmaga ýardam etýär.

Bu gezek dilewarlyk ussatlygy boýunça geçirilen bäsleşik Türkmenistanly, Türkiýeli, Gruziýaly, Marokkoly, Bangladeşli, Şri-Lankaly we Gazagystanly kupalow uniwersitetiniň we Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň talyplaryny ýir ýere ýygnady.

Bäsleşik üç tapdyrdan ybarat  boldy. Birinjisinde – “Dilewarlaryň parady” – her gatnaşyjy özi bilen we öz ritoriki şygary bilen tanyşdyrdy. Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar dilewarlyk sözleýişinde tomaşyçylary öz Watany,  medeniýeti we öz halkynyň däp-dessurlary, şeýle hem öz halkynyň buýsanýan taryhy ýadygärlikleri barada gürrüňler arkaly tanyşdyrdylar. Üçünji tapgyrda – “Açyk mikrofon” – rus atalar sözleriniň we nakyllarynyň manysyny ýüze çykarmak we öz ene dilinden olara meňzeş mysal getirmek şerti boldy.

Şeýlelikde bäsleşigiň ýeňijisi diýip Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň talyby Nikolaý Idolenkow yglan edildi.

Ikinji orny bolsa Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Mariýa Motornaýa we Udika Rimaşika Agampodige eýe boldylar.

Üçinji orun alanlaryň hataryna – kupalow uniwersitetiniň talyby Hasan Bepari we Lukmançylyk uniwersitetiniň talyby El Azami El Hasani girdiler.

Eminleriň gelen netijesinä görä aýratyn tapawutlanan talyplar hem sylaglandylar. Şeýlelik-de iň ynandyryjy dilewar diýip Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyby Röwşen Öwezow ykrar edildi. Iň gowy ýerine ýetirijilik ussatlygyny GrGMU-nyň talyby Günaý Nasibowa, a tüýs ýürekden edilen çykyş diýip GrGMU-nyň talyby Aýjan Koý Bagarowa hasap edildi.

Mundan başgada, ýadygärlik sowgatlary bilen Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň talyplary Şirin Turaýewa, Näzikjemal Hallyýewa, Şahrinoz Egemberdiýewa, Mähri Joraýewa we Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň talyby Gunça Baýramgeldiýewa sylaglanyldy.

Read 7986 times
banner11 banner21 banner31