Umumy syn

   Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti 130-dan gowrak halkara şertnamalar esasynda Rossiýa, Polşa, Litwa, Ukraina, Hytaý, Gazagystan, Ermenistan, Özbegistan, Awstriýa, Germaniýa, Finlandiýa, Bolgariýa, Belgiýa, Italiýa, Ispaniýa, Norwegiýa, Latwiýa, Moldowiýa we Beýik Britaniýa ýaly döwletleriniň ýokary okuw jaýlary we guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etýär.

   GrDU-nyň talyplary we işgärleri daşary ýurt uniwersitetlerinde we guramalarynda goşmaça bilim alýarlar we tejiribe geçýärlar, öz bilimleri we alan tejribeleri bilen paýlaşýarlar, dürli leksiýalary okap, ylmy dernew işlerini, seminarlary, medeni, sport we dürli ençeme çärelerini aşakdakylaryň esasynda geçirýärler:

  • - döwletara baglanyşylan şertnamalar;
  • - halkara hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalar;
  • - Erasmus Mundus;
  • - Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugy (DAAD);
  • - BASERCAN+;
  • - IAESTE;
  • - ş.m.

   Ilkinji gezek Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti Tomusky rus dili mekdebini açdy we Polşa, Italiýa, Ispaniýa, Belgiýa, Sloweniýa, Awstriýa, Germaniýa, Çehiýa we ABŞ ýaly 9 döwletden 26 adam kabul etdi. Dil kurslaryndan başgada mekdebe gatnaşyjylaryň gyzykly gezelenç etmek, Grodno we Belarus döwletine syýahat etmek mümkinçilikleri boldy. Mundan başgada, myhmanlar üçin milli çeperçilik boýunça master klas görkezen ýerli ussatlar bilen geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar.

   2016-njy ýylda ÝKGrDU Tomusky rus dili Mekdebini awgust aýynyň 1-den 21-i aralygynda geçirýär. 

banner11 banner21 banner31