Inženerlik goşunlaryň podpolkownigi, asudalygy saklaýjy güýçleriň polkownigi, şahyr Wladimir Petrow diller fakultetiniň daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdy

2375 91

Bu duşuşyk Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň diller fakultetiniň daşary ýurt dili hökmündäki rus dili kafedrasy tarapyndan “Dostluk” proýektini durmuşa geçirilmegi esasynda gurnalyndy.

– Bu proýektiň esasy maksatlarynyň biri talyplary dürli milli medeniýetler bilen, olaryň gyzyklanmalaryny we başga döwletlere we milletlere, medeniýetine we şol milletlere mahsus bolan işlerine goýulýan hormatyny ösdürmek üçin, tanyşmaga kömek etmek bolup durýar, – diýip kafedranyň mugallymlary belleýär. 

Duşuşykda talyplar Wladimir Petrowyň wzwodyň komandiriniň serkerdeliginden inženerlik goşunlar bölüminiň ştabynyň başlygynyň orunbasarlygyna çenli geçen serkerdelik ýoly barada, şeýle hem özüniň 10 ýyllyk harby kafedrasynda geçen mugallymçylygy barada gürleşdiler. Şeýle-de, talyplar şahyryň döredijiliginiň köp taraplydygyny belläp geçdiler, soňra olar Wladimir Iwanowiçiň goşgularyny okadylar. Mundan başgada, daşary ýurtly talyplar şahyryň kitaplary bilen tanyşdylar, onuň suratlaryny we şahyrlaryň dürli bäsleşiklerinde eýe bolan diplomlaryny gördiler. Wladimir Petrowyň özi hem, näme üçin Watan goragçylyk hünärini saýlandygyny gürrüň berdi, şeýle hem, gulluk eden ýyllary barada we öz döredijilik ýollary barada aýdyp berdi.

Daşary ýurtly talyplar Belarus şahyry bilen duşuşyk baradaky täsirlerini daşary ýurt dili hökmündäki rus dili sapagyndaky ýazan düzmelerinde beýan etdiler.  

Diller fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

 

Talyp şäherçesi: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň 4-nji umumy ýaşaýyş jaýynda “Maslenisa” atly baýramçylyk belläp geçdiler.

228 1

Adat bolan “ähli blinler Maslenisada” atly baýram-bäsleşigi ýene bir gezek Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň 4-nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan kupalowçylary bir ýere jemledi.

Bilin bişirmek bäsleşigine iki topar gatnaşdy: “Älemgoşar” we “Blin patyşalary”.

– talyplar öz ukyplaryny diňe bir blin bişirmekde dälde dälde, eýsem, bişiren zatlaryny örän owadan edip bezäp saçakda goýmakda görkezdiler, – diýip umumyb ýaşaýyş jaýyň terbiýeçisi belläp geçdi.  – Bäsleşige gatnaşyjylary we tomaşa edijileri şowhunly aýdymlary bilen, çastuşkalary bilen we gyzykly çäreleri bilen belarus talyplary bilen bir hatarda daşary ýurtly talyplary şatlandyrdylar.

Bäsleşigiň jemi boýunça toparlaryň ikisi hem talyplar proskomy tarapyndan taýýarlanynan süýjülik we ýadygärlik sowgatlaryna eýe boldylar.

Bu baýramçylygy umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçileri we talyplar aktiwyndan bolan mugallyçylyk fakultetiniň talyplary Tatýana Ilýutçik we Anželika Gubko bilen bilelikde taýýarladylar.

228 2

228 3

228 4

228 5

228 6

228 7

228 8

Bedenterbiýe fakulteti Gazagystanyň sport we syýahatçylyk akademiýasynyň kafedralary bilen özara gatnaşyk işlerini ýola goýýar

234 1

Bu barada 3-4-nji fewralda Almata şäherinde Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň bazasynda geçen “Innowasiýa – Bilim – Sport” atly talyplar sportynyň Bütündünýä halkara federasiýasynyň ylmy konferensiýasynda habar berildi.

Gazak uniwersitetiniň rektory we dekanlary bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň bedenterbiýe fakultetiniň sport sapaklary kafedrasynyň ýolbaşçysy Witaliý Hramow bedenterbiýe bilimini informatizasiýalaşdyş pudagynda özara gatnaşyklaryň ösüş ýollaryny mälim etdi. Şeýle hem, taraplar akademiýada hereket etýän bedenterbiýe we sport üçin işgärleri taýýarlaýyş we kwalifikasiýalaryny galdyryş Merkezi bilen hyzmatdaşlygyň formalaryny alamatlandyrdylar.

Dünýäniň 45 döwletini bir ýere jemlän ylmy forumda Witaliý Wladimirowiç Belarus Respublikasynyň mekdepleriniň bedenterbiýe sapaklaryndaky tehnologiki innowasiýalara baradaky doklady bilen çykyş etdi. Şeýle hem, biziň uniwersitetimiziň wekili Gazak akademiýasynyň fakultetleriniň bilim proseslary bilen tanyşdy we sportyň gyşky görnüşleri boýunça Bütündünýä uniwersiadasynyň binalaryny görmäne bardy.

Bedenterbiýe fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

 

234 2

234 3

234 4

234 5

234 6

Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň filosofiýa kafedrasynyň professory Oleg Romanowa, ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşurdy

3456

Ýanwar aýynyň 26-syna, Aleksandr Lukaşenko dabaraly ýagdaýda ylymlaryň doktorynyň diplomyny we döwletiň pedagogik we ylmy işgäri şahadatnamasyny gowşurdy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşýanlara hormat goýup, Aleksandr Grigorýewiç ylmy köplenç okean bilen ­– köp ýerde görülmedik, adamlaryň öňünde müňlerçe mümkinçilikleri açyş etýän tebigy hadysalar bilen, – deňeýänligini belläp geçdi.

– Gözlegiň we açyşlaryň suw joşguny kimin burlak aly akymynda diňe standartlaryň araçäginden batyrlyk bilen çykýan, täze ýodalardan we ýollardan gitýän adamlar ýeňiji bolýarlar. Diňe öz öňünde beýik maksatlary, aýratynda ýetip bolmajak maksatlary goýup iň bir möhüm netijelere alyp bolýar – diýip hökümet Baştutany aýtdy.

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň mugallymçylyk fakultetiniň filosofiýa kafedrasynyň professory Oleg Romanowa ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşuryldy. Soňky 15 ýylyň içinde Belarus Respublikasynyň Ýokary attestasion barlagynda ykrar edilen  Oleg Aleksandrowiçiň filosofiýa boýunça doktorlyk dessertasiýasy ilkinji gezek goralandygyny belläp geçmek gerek. Bu 2016-njy ýylyň 9-njy iýunyňda Prezidium WAK-yň çykaran çözgüdi.

Oleg Romanow Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň biologiýa we ekologiýa fakultetini gutardy, 2000-nji ýylda biziň alma materimiziň filosofiýa kafedrasynda aspiranturany gutardy, 2001-nji ýylda “jemgyýetçilik transformasiýasynyň şertlerinde şahsyýetiň sosiallaşmagy” atly kandidatlyk dessertasiýasyny gorady, a 2007-nji ýylda oňa dosentlik derejesi berildi. 2012-nji ýylda Oleg Aleksandrowiç Belarusiýanyň Milli Bilimler Akademiýasynyň filosofiýa Institutynda doktoranturany gutardy. 2016-njy ýylda doktorlyk dessertasiýany gorady we şol ýylyň iýul aýynda hem doktorlyk derejesini aldy. Ol 2016-njy ýylda kupalow uniwersitetinde professorlyk wezipesini aldy.

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurtly talyplary we diňleýjileri Hytaý we Belarus döwletleriniň diplomatik aragatnaşyklarynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärelere gatnaşdylar

1112121

Hytaý halk respublikasynyň Belarus döwletindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky Hytaý diplomatik missiýasy Hytaý we Belarus döwletleriniň diplomatik aragatnaşyklaryna 25 ýyl bolanlygy mynasybetli Grodno şäherine geldiler. Dabaraly çäreler 2017-nji ýylyň 21-nji dekabrynda geçirildi.

Baýramçylygyň dowamynda Grodnanyň ýaşaýjylarynyň öňünde Gansu prowinsiýasynyň aýdym we tans Grodno teatry çykyş etdi, a täze köşkde bolsa Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplarynyň we diňleýjileriniň bolan Marina Elýaşewiçiň suratkeşlik sergisi açyldy.

– Bu baýram biziň üçin, ýagny Hytaýdan gelen talyplar üçin, sebäbi biz bu ýerde, Grodno şäherinde öz ene dilimizi eşidip bilýäris. Bu çärede biz özümizi bir kiçijik Hytaý döwletinde duýduk, – diýip taýýarlaýyş fakultetiniň diňleýjisi Lýu Sinýue özünde galan täsirleri bilen paýlaşdy. – Şeýle hem uly höwes bilen Hytaý halk respublikasynyň Belarus döwletindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Suý Simin bilen gürleşmäne we onuň bilen surata düşmäne mümkinçiligimiz boldy.

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da 2017-nji ýylyň Gyşky rus dili mekdebiň birinji hepdesi: ekskursiýalar, aşpezlik ussatlygy we medeni tanyşlyk agşamy

image001

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde ikinji gezek gyşky rus dili mekdebi işe başlady. Daşary ýurtlylar üçin ilkinji hepde örän gyzgalaňly geçdi.

Özleriniň Grodno şäherine ilkinji gelen günlerinden başlap Polşaly, Fransyýaly we Germaniýaly oglanlar rus dili bilimini ösdürip başladylar. Belarus we daşary ýurtly raýatlaryny dil boýunça taýýarlaýyş kafedrasynyň mugallymlary daşary ýurtly talyplar üçin we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň fakultetiniň diňleýjileri üçin tematik sapaklaryny taýýarladylar.

Soňky günleriň dowamynda myhmanlar Grodnanyň mukaddes ýadygärlikli ýerlerinde ekskursiýalarda boldylar.

– Meniň üçin täze açyş bolan zatlaryň biri - Grodnodaky kafedral ybadathanasyny meniň watandaşym bolan missioner, din tarapyndan ejir çeken Fransisk Ksaweriň hormatyna atlandyrypdyrlar, – diýip Gyşky rus dili mekdebiň diňleýjisi, Fransiýaly aspirant-taryhçy Gwendal Pýege gürrüň berdi.

Şeýle hem daşary ýurtly okuwçylar Belarus medenýeti boýunça turizm we medeni miras kafedrasynyň başlygy Sergeý Donkihiň okan leksiýasyny uly höwes bilen diňlediler. Görkezilen Belarus aşhanasy boýunça ussatlyk hemmeleri haýrana goýny. Diňleýjiler bilen meýletin kömekçiler we mekdebiň mugallymlary höwes bilen çokundyryş baýramyna kutýa bişirdiler. Şeýle-de mekdebe gatnaşyjylar belarus we daşary ýurtly raýatlaryny dil boýunça taýýarlaýyş kafedrasy tarapyndan üstünlükli geçirilýän fakultatiw kursy bolan “rus dilindäki karaokesinde” özlerini görkezdiler. Ol ýerde daşary ýurtlylar rus diliniň ýaňyltmaçlary bilen tanyşdylar we rus dilinde birnäçe aýdymlar aýtdylar. Ol aýdymlaryň iň bir ady bellisi “Katýuşa” aýdymy boldy. Elbetde, meýletin kömekçiler bilen daşary ýurtlylar bilelikde şäheriň ençeme şowhunly çärelerde boldylar.

– Gyşky rus dili mekdebiniň birinji hepdesi kupalow uniwersitetiniň ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetinde däp boýunça her ýyl geçirilýän (3-nji gezek) tanyşlyk agşamy bilen tamamlandy, ­­– diýip belarus we daşary ýurtly raýatlaryny dil boýunça taýýarlaýyş kafedrasynyň mugallymy Tatýana Çerkez belläp geçdi. – Bu baýram diňe bir mekdebe gelen daşary ýurtlylary dälde, eýsem geçen ýylky diňleýjilerimizi we uçurumlarymyzy bir ýere jemledi.

Ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň dekany Ýuriý Romanowski daşary ýurtly duşuşyga gatnaşyjylara çözmesi kyýn bolan metematiki meselesini hödürledi. Bu meseläni Hytaýdan gelen diňleýji Lýu Sinýuýö çözmegi başardy. Bu agşama gatnaşyjylar rus dilinde özleri barada, öz höweslenýän zatlary we öz watyny barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň soňunda daşary ýurtly okuwçylar rus dilinde konsert programmalary we saz kompozisiýalary bilen bu tanyşlyk agşamynyň şowhunyny artdyrdylar.

image003

image003

image005

image007

image009

image011

image013

image015

image017

image019

image021

image023

image025

image027

image029

image031

image033

image035

image037

image039

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ikinji gezek Gyşky rus dili mekdebi öz işine başlady

Bu ýyl mekdebe gatnaşyjylar üç döwletiň wekilleri boldular – Germaniýanyň, Fransiýanyň we Polşanyň. Olaryň ählisi 2016-njy ýylyň awgustynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde geçen Tomusky rus dili Mekdebiniň gatnaşypdylar.

Iki hepdäniň dowamynda ­– 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-den 29-y aralygynda – daşary ýurtly gatnaşyjylar diňe bir rus dilini öwrenmek bilen çäklenmän eýsem belarus medenýeti bilen giňden tanyşarlar.

Däp boýunça Gyşky Mekdebiň guramaçylary gatnaşyjylar üçin  gyzgalanly programma taýýarladylar. Şeýlelikde, gatnaşyjylar gözýetimiňi giňeltjek ekskursiýalar bilen Belarus döwletiniň paýtagty bolan Minsk şäherinde we Grodno şäheriniň gözel ýerlerinde bolarlar.

Mundan başgada, gatnaşyjylar üçin belerus aşhanasy boýunça, milli döredijilik boýunça ussatlyk sapaklary, medeniýet we Belarus taryhy boýunça dürli leksiýalar okalar we olary rus dili karaokesyna çagyrarlar.

Gyşky Rus dili Mekdebiň jemi boýunça her gatnaşyja özüniň şu ýerde okanlygy barada şahadatnama beriler.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory Andreý Korolyň täze ýyl gutlagy

3428 1Mähriban dostlar!

Tüýs ýüregimden sizi ýetip gelen täze ýyl baýramyňyz bilen gutlaýaryn!

Geçip giden ýyl biz üçin ýönekeý bolmady, dinamiki, täze hadysalara we üstünliklere baý boldy. Uniwersitet hil we ylmy guramaçylyk pudagynda hökemetiň pul baýrakly laureatlyk derejesini tassyklady, uniwersitetiň işgärleri bolsa ýokary derejeli döwleti sylaglaryň eýeleri boldylar. 2016-njy ýyl biziň gelejegimiziň üçin iň bir wajyp işleriň göz başyny tutan ýyl bolup durýar. Biz uniwersitet üçin täze maksatlar tutundyk, baş ýörelgämizi tassykladyk we ilkinji netijelerini görüp başladyk.

2016-njy ýylda ilkinji gezek 4 sany doktorlyk we 19 sany kandidatlyk dessertisiýalary goraldy. Bilim prosessindäki innowision tehnologiýalarynyň üsti adamlaryň bilim derejesini hili taýdan ösdürmeklige gönükdürilen “Bilim innowasilaryň Uniwersiteti” atly ylmy elektron žurnalynyň ilkinji çykyşy çap edildi. 

Okuwa kabul ediliş kompaniýasy üstünlikli geçdi. Biz “Gümrük işleri” atly täze hünär açdyk we 4 sany ikinji derejedäki ýokary bilimde praktiki işlerine gönükdirilen hünärler açyldy. Ýarym müňden geçmek bilen uniwersitetde häzirki gün magistrleriň sany öňkiden has-da köpeldi.

Bütin ýylyň dowamynda biz öz talyplarymyzyň we işgärlerimiziň üstünliklerine ylmy we bilim pudaklarynda ençeme gezek şatlanypdyk, birnäçe döredijilik bäsleşiklerindäki, festiwallardaky we sport ýaryşlaryndaky kupalowlylaryň ýeňişlerine guwanypdyk.

Biz uniwersitetimiziň materialno-tehniki bazasyny ösdürmegimizi dowam etdik: ylmy kitaphanamazyň okalyş zaly kämilleşdirildi, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň ýaşaýyş şertleri öňkiden has-da gowylaşdyryldy.

Bu baýramçylykda men size ullakan sag bolsun aýdasym gelýär we uniwersitetiň ähli kollektiwine özümiň minnetdarlygymy bildirýärin. Siziň işiňiz sebäpli, siziň professionallygyňyz we jogapkärçiligiňiz sebäpli biz uniwersitetiň ýurdyň içindäki we daşyndaky tutýan bilim beriş pudagyndaky ýokary derejesini saklamagy we berkitmegi başardyk.

Gadyrly işdeşler, men size täze ýylda, siziň durmuşyňyzyň ýagty ideýalardan, üstüliklerden, täze professianal maksatlardan doly bolmagyny, durnukly we üstünlikli, ylhamly we döredijilikli bolmagyny arzuw etýärin.

Talyplara bolsa ylymda, döredijilikde we sportda üstünlikleriniň köp bolup uniwersitetimiziň adyny mundan beýläkde ýokara götermekliklerini, öňlerinde duran şowuna bolup öz arzuwlarynyp durmuşa geçmegini arzuw etýärin.

Täze ýylyň başynda siziň bir biriňiziň ojagynda bagt, söýgi we mähir bolmagyny, göwnüňiziň açyk bolmagyny, birek-biregiň arasynda bolsa sabyrlylyk, şatlyk, agzybirlik, täze ýylda täze-täze üstünlikleri arzuw etýärin.  

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurtly talyplary we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň diňleýjileri “Dünýäniň dürli künjeginden bize myhmançylyga” atly fewtiwalyna gatnaşdylar

 3320 1 ea9b989427

Bu baýram 17 dekabrda Grodno şäheriniň 18-nji orta mekdebinde geçdi.

– “Dünýäniň dürli künjeginden bize myhmançylyga” fewtiwalyny mekdebiň çäginde geçirmek – örän dowulmy pikir. Emma bu işleriň köplügine garamazdan biz muny başardyk. Mundan beýläk hem bu çäre biziň mekdebimiziň däbi bolar diýip umut etýäris – diýip mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbary Maýýa Morozik belläp geçdi.

Bu baýramçylyk biziň şäherimizde iki ýyldan bir gezek ençeme myhmanlary we grodnolylary bir ýere jemleýän Respublika boýunça geçirilýän Milli medeniýet festiwalynyň mysaly hökmünde gurnalyndy. Her synp bir döwletiň aýratynlygyny, gaýtalanmajak öwüşgünini we däp dessuryny görkezdi. Çäräniň myhmanlarana bolsa gyzykly taryhy faktlary barada öwrenmek üçin, milli aşlaryny dadyp görmek üçin hem-de mekdep okuwçylary bilen bilelikde dürli halklaryň milli tanslaryny etmek ýeke täk mümkünçilikleri boldy.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurtly talyplary we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň diňleýjileri hem bu fewtiwala gatnaşdylar. Kupalow talyplary festiwalyň açylyş dabarasynda özleriniň wokal we milli tanslary bilen çykyş etdiler, soňra olar dürli döwletleriň kerwensaraýlaryna tomaşa etdiler.

Festiwalyň jýurileriniň düzüminde bolan Milletara Bilim Merkeziniň işgäri Geldi Baýrammyradow iň gowy gatnaşyjylary hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglady.

 

 

Sahypa 5 dan 8
banner11 banner21 banner31