Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk konserti geçirildi.

 pr 1

Baýrammyçylyk konsertini otkýabr aýynyň 31-ne daşary ýurtly talyplaryň “Watandaşlyk” guramasy we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň Milletara Bilim Merkeziniň işgärleri gurnadylar.

Kupalow uniwersitetiniň müňden gowrak kollektiwiniň adyndan we ähli ýolbaşçylaryň adyndan uniwersitetiň terbiýeçilik işleri boýunça prorektory Wasiliý Wasiliýewiç Senko gutlag sözleri bilen baýramçylyga gelenlere ýüzlendi.

– Şu gün  daşary ýurtly talyplarymyz, Belarus döwletiniň dostlukly gatnaşýan Respublikalarynyň biri bolan, Türkmenistanyň Şanly Garaşsyzlygynyň ýubileýini belläp otyr. Bizi bu iki halkyň arasyndaky serhetlere seretmezden dörän we häzirki wagtda batly depginde ösmegini dowam etýän mähirli we dostlukly aragatnaşyklary şatlandyrýar. Şeýle hem,  biziň döwlet baştutanlarymyzyň dostlugy biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklaryny berkitýänligini belläp geçesim gelýär – diýip Wasiliý wasilýewiç belläp geçdi.  – Bu baýramçylyk güni Türkmen döwletine mundan beýläk hem gülläp ösmegi arzuw etýän.

Türkmen talyplarynyň biziň alma-matermyzda nähili ýaşaýanlyklary, nähili işler bilen gyzyklanýanlyklary, nahili derejelere ýetenlikleri  we üstünliklere eýe bolanlyklary barada daşary ýurtly talyplaryň “Watandaşlyk” guramasynyň ýolbaşçysy Geldi Baýrammyradow.

– Şü günki gün kupalow uniwersitetinde 677 sany daşary ýurtly talyp okap, olaryň 428 sanysy Türkmenistandan bolup, bäşisi magistraturada okap bilim alýar. Umuman GrDU-nyň ýokary bilim baradaky diplomyny 1863 sany Türkmenistanly uçurumlar alandygyny Geldi Baýrammyradow aýdyp geçdi.  – Türkmen talyplary aktiw ýagdaýda uniwersitetiň medeni, ylmy durmuşynda çykyş etýärler: öz talantlaryny özbaşdak çeperpeçilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda çykyş etmek bilen gökezýärler we ylmy konferensiýalar üçin dürli dokladlary taýýarlaýarlar.

Konsertiň dowamynda ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Ene Geldiýewa we hukuk fakultetiniň talyby Meýlis Täçmämmedow alyp baryjylar hökmünde çykyş etdiler we bu agşamyň myhmanlaryna parahat, asuda, berkarar döwleti bolan Türkmenistan döwletine syýahat etmegi hödürlediler. Bu zatlaryň hemmesi daşary ýurtly kupalow talyplarynyň we belarus talyplarynyň taýýarlanmagy esasynda durmuşa geçirildi. Ýaş oglan gyzlaryň ýerine ýetirmeginde tans we aýdym çykyşlary, gülkünç sahnalarynyň we halk saz kompozisiýalaryň üsti bilen baýramçylyk çaresine bezeg berdiler.

pr 2

pr 3

pr 4

pr 5

pr 6

pr 7

pr 8

pr 9

pr 10

pr 11

Grodno şäheriniň içeri işler bölüminiň wekilleri Ýanka Kupala adyndaky GrGU-nyň daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdylar

nov 1

2016-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde “Belarus Respublikasyndaky daşary ýurt talyplaryň hukuklary we borçlary” atly seminar geçirildi. Biziň uniwersitetimiziň daşary ýurt talyplarynyň öňünde Grodno şäheriniň hukuk goraýyş organlaryň wekilleri çykyş etdiler.

Kupalow uniwersitetiniň diwarlarynda myhmanlary Milletara Bilim Merkeziniň başlygy Ýelena Iosifowna Belekoz garş aldy.

Soňra ähli ýygnanan talyplaryň öňünde Grodno şäheriniň Lenin raýonynyň içeri işler bölüminiň raýatlar we migrasiýa boýunça inspektory Olga Wladimirowna Genýuş wiza almak we ony resmileşdirmek barada gürrüň berdi, şeýle hem daşary ýurt raýatlary üçin registrasiýanyň aýratynlyklary barada belläp geçdi.

Has köp, ýygy-ýygydan bozulýan ýol hereketiniň düzgünleri barada we olaryň öňüni alyş barada Grodno weleýatynyň içiri işler dolandyryşynyň transport boýunça bölüminiň birinji orunbasary Waleriý Wiktorowiç Sakowiç gürrüň berdi. Daşary ýurtly talyplaryň iň köp duçar meselereriň biri daşary ýurt raýatlaryň kanun bilmezligi diýip talyplaryň ünsüni özüne çekdi.

Duşuşygyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan, biziň ýurdymyza giriş baradaky soraglary berdiler.

nov 2

nov 3

Grodnadaky Polşa Respublikasynyň general konsuly Ýaroslaw Ksenžek Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da saparda boldy

 pos 1

2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda bolan saparyň maksady – Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti bilen tanyşmak we iki taraplarýan ösüş ugurlaryny ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak.

Ýaroslaw Ksenžek Genaral konsullyk wezipesine şu ýylyň sentýabr aýynda bellenildi. Bilim pudagyna bolan höwes, aýratynda myhmanlaryň kupalow uniwersitetine bolan höwesi tötänleýin däl: ol öz hünärini Warşawa Uniwersitetiniň Taryh Institutynda mugallym bolup başlapdy, ondan soňra diplomatiki işçilik ýoluna gadam basdy, - mugallymçylyk we Seuldaky (Günorta Koreýa), Harkowdaky (Ukraýina), Moskwadaky (Rossiýa) işilerini bile alyp bardy.

Duşuşygyň dowamynda rektor Andreý Dmitriýewiç Korol General konsulyna Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň ylmy we medeni pudaklardaky gazanan üstünlikleri barada, şeýle hem halkara gatnaşyklary pudagyndaky alma mater üstünlükleri barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň Polşa ýokary okuw jaýlary bilen gatnaşyklar baradaky baglanylyşan 29 sany ylalaşyklary bar. Biziň Uniwersitetimiz Belostok Uniwersiteti bilen, Belostok Politehniki Uniwersiteti bilen, Gdansk Uniwersiteti bilen, Belsko-Býala şäherindäki Gumanitarno-tehniki Akademiýasy bilen, Poznan şäherindäki Adam Miskewiç adyndaky Uniwersitet bilen aktiw aragatnaşygyny saklap gelýär. Ýokary okuw jaýlarynyň arasynda akademiki mobillik guramaçylyk işleri Abraýly etaplarda alnyp barylýar, professorlaryň arasynda berk iş we şahsy gatnaşyklary ýola goýulandyr. Eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna rus dilini öwrenmek üçin uniwersitetdäki hereket etýän Tomusky rus dili Mekdebine Polşanyň dürli uniwersitetlerinden gelýärler. 2013-nji ýylda polonistikany öwdürmek maksady bilen biziň uniwersitetimizde polşa dil, edebiýat we medeniýet Merkezi açyldy.

Merkeziň işi bilen myhmanlary polýak filologiýa kafedrasynyň müdüri Ýewgeniý Arkadýewiç Pankow tanyşdyrdy.

– 1989-njy ýylda uniwersitetde polýak filologiýasynyň kafedrasy döredildi. Şondan bäri hem polonistika bolan höwes gün-günden artýar. Ahyryn 2013-nji ýylyň aprel aýynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da polşa dil, edebiýat we medeniýet Merkezi açyldy, – diýip Ýewgeniý Arkadýewiç aýtdy.

Ýaroslaw Ksenžik hem öz gezeginde, – Mundan beýläp hem biz öz gatnaşyklarymyzy ösdüreris diýip umyt etýärin, sebäbi biziň aramyzda öz aragatşyk işlerimiz üçin ösmäne entäk hem uly mümkinçilikler bar – diýip belläp geçdi.

pos 2

pos 3

pos 4

pos 5

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyby erkin göreşi, grek-rim göreşi we gyzlar göreşi boýunça harby gullukçylaryň arasynda geçirilýän XXXI dünýä çempionatynda bürünç medalyna eýe boldy

3455676

2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 21-24-ne Makedoniýanyň Skopýe şäherinde erkin göreşi, grek-rim göreşi we gyzlar göreşi boýunça XXXI dünýä çempionatynda dünýäniň 134 künjeginden harby gullukçylary ýygnady.

Gatnaşyjylaryň arasynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň bedenterbiýe fakultetiniň talyby Andreý Karpaç hem bardy.

Erkin göreşi boýunça ençeme söweşiň netijesinde kupalow talyby 74 kg agramlylaryň arasynda ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy.

 

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti bilen Lida elektron enjam işläp çykaryş zawody bilelikde "Ýewroregion Neman - 2016" atly respublikan sergisinde öz taslamasyny görkezdiler

1234

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti bilen Respublikan Unitar Kärhanasy bolan Lida elektron enjam işläp çykaryş zawodynyň sargydy boýunça okuw-ylmy-önümçilik Merkezi “Tehnolab” täze elektrik togyny tygşytlayjy ýagtalydyjy diodlaryň döretdijilik we testleşdiriş işlerinde çykyş etýärler. Biziň alma-materimiziň hormatyna “Kupala” diýip at berdiler.

Sentyabr aýynyň 23-ne biziň uniwersitetimiziň we zawodyň wekileri "Ýewroregion Neman - 2016" atly XVIII Respublikan uniwersal sergi ýarmarkasynda hödürledirler.

– Biziň bu täze çyramyz ähli taraplaýyn birkemsiz bolup, dünya belli brend harytlaryndan yza galmaýar, ol klimat şertlere garamazdan ulanyşa taýn bolup, ýollary ýagtylandyrmakda ulanylar we elektrik togyny tygşytly ulanmakda uly ýardam berer – diýip fizika-tehniki fakultetiň dekany German Andreý Yewgenýeviç belläp geçdi.

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Universiteti we LEZ işlap çykaryş zawody bilelikäki taslamasyny “Ýewroregion Neman – 2016” atly XVIII sergi ýarmarkasynda, LEZ-yň satuw işleri boyunça müdiriniň orunbasary M.M.Krasotskiýiň,fizika-tehniki fakultedin dotsendi A.E.Wasilyeviçiň hemde Fizika-tehniki fakultetiň dekany A.E.Germanyň görkezen pursatlary

1234 2

Täze köçe yşyklaryny Ýewroregion Neman - 2016" atly XVIII Respublikan uniwersal sergi ýarmarkasyndaky pursady

 1234 3

Täze görnyşe Ýewroregion Neman - 2016" atly XVIII Respublikan uniwersal sergi ýarmarkasynda baha berilişi.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň delegasiýasy Al-Farabi adyndaky Al-Farabi adyndaky Milli Gazak Uniwersitetindäki (GazMU) (Gazagystan) tegelek stolyň başynda uniwersitetleriň dünýä derejesinde tanalyşyny beýigeltmek barada gürrüňdeşlik geçirdi

324353

Sentýabr aýynyň 23-ne “Uniwersitetleriň dünýä derejesinde tanalymagyny beýigeltdiş” Tegelek stoly Gündogar Ýewropanyň we Orta Aziýanyň halkara bahalandyryş QS World University Rankings agenstwosynyň regional direktory Zoýa Zaýsewanyň gatnaşmagynda gazak uniwersitetleriniň rektorlaryny we ylym-bilim jemgyýetiniň wekillerini Alma-Ata şäherinde ýygnady.

Al-Farabi adyndaky GazMU-nyň rektorynyň çakylygy esasynda duşuşyga Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň delegasiýasy gatnaşdy. Biziň Uniwersitetimizden delegasyýanyň düzümine okuw işleri boýunça prorektor Gennadiý Alekseýewiç Gaçko, žurnalistika kafedrasynyň müdüri Tamara Anatoliýewna Piwowarçik we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Olga Witalýewna Minowa boldylar.  

Tegelek stolyň başynda QS World University Rankings bahalandyrnamasynyň enjamlary arkaly uniwersitetleriň dünýä derejesinde tanalymagyny beýigeltmek baradaky soraglary ara alyp maslahatlaşyldy. Şonuň bilen birlikde, duşuşyga gatnaşyjylar soňky bäş ýylyň dowamynda gazak ýokary okuw jaýlarynyň aktiw ýagdaýynda halkara bahalandyryş sistemalarynda ýokary derejelere ýetenlikleri barada belläp geçdiler. Meselem, Al-Farabi adyndaky GazMU QS bahalandyrnamasynda 236 ýeri eýelemek bilen Orta Aziýa ýokary okuw jaýlarynyň arasynda top-250 dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň arasynda girdi. Şeýle hem, şol topara Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyndan M.W. Lamonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersiteti girdi.

–  Duşuşykda kupalow uniwersitetiniň QS halkara bahalandyrnamasyndaky ösüşi boýunça daşlykdaky okuw seminary geçirmek barada ylalaşyga gelindi – diýip okuw işleri boýunça prorektor Gennadiý Alekseýewiç Gaçko gürrüň berdi.

Saparyň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň delegasiýasy Gazagystanyň iň uly uniwersitetleriniň içinden Al-Farabi adyndaky Gazak Milli Uniwersitetiniň, L.N. Gumilew adyndaky Ýewroaziýa Milli Uniwersitetiniň, Abaý adyndaky Gazak Milli Mugallymçylyk Uniwersitetiniň we Sport we Turizm Gazak Akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen hem birnäçe gürrüňleri geçirdi.

Gazaklar tarapyny talyplaryň akademiki mobilligi bolan “Çagyrylan professor” programmasy, magistrantlar we doktorantlar üçin stažirowka guramaçylygy, magistrantlary taýýarlaýyş “Bilim menejmenti” programmasy we eýýäm ikinji ýyl daşary ýurt talyplarynyň arasynda özüniň uly üstünliklerini görkezýän Tomusky Rus dili Mekdebi gyzyklandyrdy.  

Goşmaça maglumat

QS World University Rankings – iň gowy uniwersitetleriň halkara bahalandyrnamasy. QS bahalandyrnamasynda 6 kriteriý boýunça dünýäniň ýokary okuw jaýlaryna baha berilýär: ylmy derňew pudagyndaky abraýlylygy, professor-mugallymlar düzüminiň talyplara bolan gatnaşygy, ýokary okuw jaýynyň işgärleriniň arasyndaky abraýlylygy, ylmy çaplarynyň sitatalandyryş indeksleri, daşary ýurtly talyplaryň sany we daşary ýurtly mugallymlaryň sany.

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurt talyplary Gurban baýramçylygyny bellediler

kb

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurt talyplary yslam dini medeniýetiniň iň wajyp baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramçylygyny giňden bellediler.

Üç günüň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurt talyplary tarapyndan 2-nji, 3-nji we 4-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda Gurban baýramçylygyny gurnanyldy. Gurban baýramyň birinji güni kupalow uniwersitetiniň daşary ýurt talyplar delegasiýasy Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetine öz watandaşlaryny gutlamaga gitdiler. Ikinji we üçinji günleri Lukmançylyk we Oba-hojalyk uniwersitetleriniň talyplary jogap edip biziň kupalow talyplarymyzy Gurban baýramy bilen gutlamaga geldiler. Mundan başgada, biziň uniwersitetimiziň birnäçe işgärleri we mugallymlary baýramçylygyň çagyrylan myhmany boldylar.

- Bu baýramy 4-nji umumy ýaşaýyş jaýynda gurnamak üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň ähli işgärleri ulydan kömek etdiler. Umumy ýaşaýyş jaýynyň müdüri we terbiýeçileri oglanlar üçin okalga zalyny we gyzlar üçin uly bolan otaglaryň birini berdiler, gap-çanak, haly we saçak tapmaga kömek etdiler – diýip umumy ýaşaýyş jaýynyň starostasy bolan, bedenterbiýeçilik fakultetiniň 3-nji ýyllyk talyby Ihlasbek Taňirberganow belläp geçdi.

Baýramçylykda taýýarlanylýan esasy naharlaryň biri diýip goýun etinden edilýän türkmen milli nahary “dograma” hasaplanylýar. Ony taýýarlamak üçin talyplar 8 sagatdan hem gowrak çörek we goýun etini bişirdiler. Şeýle hem, milli naharlardan somsa, içlekli we süýjilik nahary bolan şek-şeki  taýýarlanyldy.

Gurban baýramy – bu iki esasy musulman baýramçylyklarynyň biri bolup durýar. Ähli umumy yslam dünýäsinde bu baýramy agyz bekleniş gutarandan 70 gün soň bellenilýär. Adatça bu baýram günleri musulmanlar namaz okap, gowydan gowy dileg etýärler, täze eşik geýýärler we metjide gidip wagyz nesihat diňleýärler. Üşüp okalýan namazdan soň baýramçylygyň kuliminasiýasy – gurban edilşik başlaýar. Biziň daşary ýurtly talyplarymyz myhmanlar we umumy ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýyjylary üçin her gün iki goýuny gurban etdiler we 100-den gowrak adamy naharladylar.

kb1

Nigeriýaly talyplaryň Gurban baýramynda bolan pursady

kb2

Gurban baýramyny bellemek üçin berlen gyzlar otagy

kb3 

kb4

Daşary ýurt talyplary baýramçylyk wagtynda

kb5

kb6

kb7

Türkmen milli nahary “Dograma”

 kb8

Oglanlaryň otagy

 kb9

Köpçülik üçin töwür okan mollalarymyz

Belostokdaky Uniwersitetiň wekilleri Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da saparda boldylar

bialystok tm

Belostokdaky Uniwersitetiň bilim boýunça prorektory Woýseh Sleşinski, Taryh we Pilitehniki ylymlar Institutynyň direktory Ýan Meçislaw Snopko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň prorektory Ýuriý Eduardowiç Belyh bilen duşyşdylar.

Duşuşyga gatnaşýanlaryň arasynda taryh, komminikasiýa we turizm fakultetiniň dekany Aleksandr Nikolaýewiç Neçuhrin we GrDU-nyň milletara bilim Merkeziniň başlygy Ýelena Iosifowna Belakoz.

Taraplar magistraturanyň “Taryh” hünäri boýunça talyplary bilelikde taýýarlamak barada soraglary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, uniwersitetleriň wekilleri Belostok Uniwersitetinde Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň edarasyny açmak we ençeme bilelikde geçirilýän hyzmatdaşlyk programmalarynyň durmuşa geçirmek barada gürleşdiler. Hyzmatdaşlyklaryň esasynda ýokary okuw jaýlarynyň fakultetleriniň arasynda talyplar bilen alyp-çalyş, bilelikde ylmy derňewler we webinarlary, proýektleri durmuşa geçirilýar we okuw planlary işlenýär.

Duşuşygyň soňunda Ýuriý Eduardowiç rektor Andreý Dmitriýewiç Korolyň adyndan Belostok Uniwersitetiniň rektory Robert Syborowskiny kupalow uniwersitetine çagyrdy.

 

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary “Ykdysadyýet ýaşlaryň gözi bilen” atly ýaş alymlaryň IX Halkara ykdysadyýet forumyna gatnaşýarlar

 Economic Forum

Belarus Döwlet Ykdysadyýet Uniwersiteti 2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 16-17-sine öz diwarlarynda ylmy bileleşigiň, biznesiň, kolležleriň okuwçylary we talyplary “Ykdysadyýet ýaşlaryň gözi bilen” atly IX Halkara ykdysadyýet forumyna ýygnady.

Konferensiýada çykyş etýälerin arasynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary Karolina Lapko we Semýon Sorkin.

Ady agzalan forumyň dowamynda kupalow uniwersitetiniň wekilleri “Name üçin alym bolmaly” atly tegelek stola we ylmy bileleşigiň, biznesiň wekilleri bilen bilelikde taýýarlanan tok-şowa, şeýle hem Belarus Respublikasynyň WAK wekilleri, BDYU-daky dessertasiýa goraýyş Soweti we BDYU-nyň ýokary kwalifikasiýanyň ylmy kadyrlary taýýarlamak boýunça Dolandyryşy tarapyndan taýýarlanan “Dessertasiýa: oý pikirden – üstünlikli goraga” atly master klas geçirdiler.

Mundan başgada, biziň talyplarymyz “buhgalteriýa hasabaty we analizi”, “Döwlet we Hukuk”, “Menejment, marketing we logistika”, “Ykdysady ösüşiň sosial-gumanitar nukdaýnazarlary”, “Ykdysadyýetdäki tehnologiýalar”, “Turizm we sportyň ykdysadyýeti”, “Finansirleme we pul aýlawy”, “Harby-senagat kompleksy”, “Ykdysadyýet we Innowasiýalar” ýaly ugurlar boýunça geçiriljek tegelek stollarda çykyş ederler.

Kupalow uniwersitetiniň wekilleriniň dokladlary ylmy materiallar ýygyndysyna girer.

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň ähli tazelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

 

Sahypa 6 dan 8
banner11 banner21 banner31