Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Belarus we Rossiýa döwletlerinden programmist-talyplar ýygnanşýarlar

acm

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti MISiS we MFTI bilen bilelikde 2016-njy ýylyň awgust aýynyň 15-den 24-ne çenli «MoscowACM/ICPCWorkshops» kompaniýasynyň gözegçiligi astynda “Programmirlemeden mesele çözmek boýunça halkara çempionatynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy” atly çäre geçirýär.

Çärä gatnaşýan talyplaryň sany Belarus we Rossiýa döwletinden 22 barabardyr. Olara mugallym hökmünde NITU-dan, Moskwanyň fiziki-tehnika Institutyndan we Ýanka Kapala adyndaky GrDU-dan bolan bäş adam hyzmat eder.

Bu ýerde boljak sapaklar iki toparda geçiriler: “A” we “B”. Olaryň her birinde 4 gün dürli mogzuklar (her gün bir mogzuk) boýunça leksiýalar we praktiki sapaklary bolar. Şeýle hem, ýene 4 gün komandalaryň arasynda bäsleşikler bolar. Toparlaryň programmalaryna laýyklykda geçjek temalary: sanlaryň teoriýasy, oýunlaryň teoriýasy, setirleýin algoritmler we maglumatlaryň gurluşy.

Türgenleşik informafion tehnologiýalar pudagynda talyplaryň taýýarlygyny ösdürmek we talyplary programmirleme boýunça çempionata taýýarlamak maksady bilen geçirilýär. Şeýlelikde şu ýylyň oktýabr aýynda talyplardan düzülen toparlar iň bir ady belli bolan çempionata, ýagny ASM/ISPS programmirlemesi boýunça talyplaryň halkara  olimpiýadasynyň dörtdenbir finalyna gatnaşarlar. Dörtden bir finalynyň netijesi boýunça iň güýçli topar ýarym finala, soňra 2017-nji ýylyň ýazynda boljak finalyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýeňijiler mynasyp bolan diplomlaryndan başgada bir näçe dürli baýraklar bilen sylaglanarlar. Mundan başgada olara dünýäniň iň uly ady belli IT-kompaniýalarynda öz karýeralaryny başlamaga mümkinçilik beriler. 

 

Matematika we Informatika fakultetiniň matematiki analiz, defferensial deňleme we algebra kafedrasynyň müdüri A.A. Grin Berlin şäheriň Tehniki uniwersitetinde stajirowka geçdi.

ber

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň Matematika we Informatika fakultetiniň matematiki analiz, defferensial deňleme we algebra kafedrasynyň müdüri Aleksandr Aleksandrowiç Grin MOST proýetinde çykyş etdi. Iki hepdäniň dowamynda biziň uniwersitetimiziň wekili Berliniň Tehniki Uniwersitetiniň matematika Institutynda okuw prosessiniň we ylmy barlag işleriniň guramaçylyk işleri bilen tanyşdy.

Stajirowkanyň dowamynda Aleksandr Aleksandrowiç bu ýokary okuw jaýynyň matematiki sapaklarynyň döwrebap metodlaryny öwrendi. Mundan başgada birnäçe özbaşdak sistemalaryň klaslary we onuň goşundylary üçin ahyrky siklleriň ençeme meselelerini çözüş täze nukdaýnazarlary özleşdirdi. Kafedranyň müdüri özüniň şol ýerde alan bilimerini bu ýerde “Matematika (ylmy-pedagogiki işi)” hünäri boýunça okaýan biziň talyplarymyz üçin geçiljek “Defferensial deňlemeleriň hilli teoriyasy” atly ýöriteleşdirilen kursyň dowamynda ulanmagy planlaşdyrýar.

Aleksandr Aleksandrowiçiň stajirowkasy Matematiki Institutynyň işdeşleri bilen geçirilen duşuşyklar bilen tamamlandy. Duşuşygyň dowamynda iki tarapyň wekilleri uniwersitetleriň halkara bahalandyrmasyna gatnaşmaklygy, şeýle hem bilim pudagynda birek birek üçin amatly we mümkin bolan uzak wagtlaýyn hereket etjek hyzmatdaşlyklary barada gürrüňdeşlikleri geçirdiler

Matematika we Informatika fakultetiniň ähli täzelikleri bilen rus dilinde şu ýerde tanyşyp bolýar.

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplary, uçurymlary we aspirantlary Belarus döwletiniň adyndan Rio-de-Janeýro şäherinde XXXI Olimpiýa oýunlarynda çykyş etýärler

rio 2016 1

Şu gün, 5-nji awgustda, Rio-de-Janeýroda belarus türgenleri XXXI Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralary. Olaryň ýedisi Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň wekili.

Olar: aspirant Iwan Tihon (demir zyňma), talyplar Irina Ýakolsewiç (uzyn taýak bilen bökmek), Soslan Daurow (grek-rim göreşi, 59 kg agramlykda), şeýle hem uniwersitetiň uçurymlary Mariýa Filonçik (basketbol) we Witaliý Bubnowiç (ok atma).

Awgust aýynyň 6-syndan 21-ne çenli  biziň ýaşlarymyz Belarus döwletiniň abraýyny halkara sport bäsleşiklerinde gorarlar.

Milli delegasiýanyň düzümine 180 adam girip olaryň içinde 24 sport görnüşinde, 76 olimpiýa programmasynyň sapaklarynda  çykyş etjek 123 türgenleriniň we 57 tälimçileriň gatnaşýandyklaryny ýatlatýarys. Olardan basketbol, boks, erkin we grek-rim göreşi, welosport, sport gimnastikasy, akademiki küreklemesi, baýdarkada we kanoeda küreklemek, dzýudo, ýeňil atletika, stol üstündäki tennis, ýelken sporty, ýüzüw, suwa böküş, batutda böküş, sinhron ýüzüw, hazirki zaman  bäşgörnüşgöreş, ýaýdan atuw, ok atuwy, taekwondo, tennis, agyr atletika, çeperçilik gimnastikasy, gylyçlaşmak.

Öz türgenlerimiz üçin Rio-de-Janeýro şäherinde XXXI Tomusky Olimpiýa oýunlarynda janköýerlik etýäris!

 

Dünýäniň 14 döwletinden Ýanka Kupala adyndaky GrDU-a rus dilini öwrenmäge geldiler

rlss

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde ikinji gezek Tomusky rus dili mekdebi öz işine başlady.

Bu ýyl oňa gatnaşýanlar dünýäniň 14 döwletinden gelen talyplar, aspirantlar, mugallymlar we dürli kompaniýanyň işgärleri: Beýik Britaniýa birleşik karollygyndan, Demirgazyk Irlandiýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Kamerundan, Kanadadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Polşadan, Slowakiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan we Ýaponiýadan. Umuman aýdanyňda, özleriniň rus dilini ösdürmek we Belarus döwletiniň durmuşy we medeniýeti bilen tanyşmak üçin gelen 31 sany daşary ýurt raýatlarydyr.

Tomusky rus dili mekdebinde eýýäm 2-nji awgustda rus dili sapaklary başlady. Test işleriniň jemi boýunça gatnaşyjylar 5 topara bölündiler we bu toparlarda daşary ýurt dili hökmündäki rus dili  mugallymlary: Inna Ýurýewna Samoýlowa, Ýelene Iwanowna Bilýutenko, Natalýa Grigorýewna Muzyçenko, Irina Grigorýewna Kraskowskaýa we Tatýana Wladimirowna Çerkes sapak geçýärler.

Okamakdan başgada Tomusky mekdebe gatnaşyjylara baý manyly medeni programmalar garaşýar. Şonuň bilen birlikde olar belaruslaryň däp-dessurlary we gündelik durmuşy bilen tanyş bolarlar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin Belarus döwletiniň we Grodno şäheriniň bir näçe taryhy ýerleri boýunça we “Grodno” teleradiokompaniýasyna, Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň taryhy muzeýine boýunça ekskursiýalar, Awgust kanalynda baýdarkada ýüzüw, halk döredijili boýunça bir näçe master-klaslar, Neman derýasynda korablda aýlanmak, tanyşlyk agşamlary we şuňa meňzeş wagtyňy hoş geçirmek üçin birnäçe çäreler geçiriljekdir. Kurslaryň ahyrynda daşary ýurtly raýatlar Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň Tomusky rus dili mekdebine gatnaşyjysynyň sertifikatyny alarlar.

Proýekte gatnaşyjylaryň iň ýaşyna – 20 ýaş, a iň ulysyna – 59 ýaş (geçen 2015-nji ýyl bilen deňäniňde, Sloweniýaly gatnaşyjynyň 36 ýaşy doldy). Geçen ýyl Tomusky rus dili mekdebine 20 gyz we 6 sany oglan gatnaşypdy, emma bu ýyl oglanlaryň sany öňküden ep-esli artdy: 12 oglan, a gyzlaryň sany 18-e barabar bolup durýar. Mundan başgada Tomusky mekdebiň geçen 2015-nji ýylky Italiýaly gatnaşyjysy diňe bir özi Belarus döwletine ikinji gezek gelmek bilen çäklenmän, eýsem ýany bilen öz dostuny getirdi, a Polşa döwletinden bir gyz bolsa biziň bu proýektimizde wolontýor hökmünde çykyş etmäge isleg bildirdi.

Ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň lingwistiki sapaklary we daşary ýurt dili hökmündäki rus dili kafedrasy bu proýektiň guramaçysydyr we inisiatorydyr.

rlss 1

rlss 1

rlss 1

rlss 1

rlss 1

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda dünýa WEBOMETRICS bahalandyrmasy boýunça öz ikinji ornuny saklap gelýär

wrwu

2016-njy ýylyň iýul aýynyň ahyrynda täzeden Webometrics boýunça geçirilen bahalandyrmada  Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ýene bir özüniň ikinji ýerini eýeledi.

Adatdaky ýaly Webometrics bahalandyrmasynda 1-nji orny Belarus Döwlet Uniwersiteti (BDU), 3-nji orny Belarus Milli Tehniki Uniwersiteti (BMTU) eýelediler.

Mundan başgada, kupalow ýokary okuw jaýy hemişekisi ýaly Grodnanyň ýokary okuw jaýlarynyň aralarynda özüniň liderlik ornuny saklamagy başardy. Şeýle hem, Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti 6-njy orunda Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda, Grodno Döwlet Oba-hojalyk Uniwersiteti bolsa 30-njy ýeri eýeledi.

Webometrics bahalandyrmasy boýunça tassyklanan top 10-na girýän Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy:

1 Belarus Döwlet Uniwersiteti
2 Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersiteti
3 Belarus döwletiniň Milli Tehniki Uniwersiteti
4 Informatikanyň we Radioelektronikanyň Belarus Döwlet Uniwersiteti
5 Belarus Döwlet Tehnologiýa Uniwersiteti
6 Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti
7 Witebsk Döwlet Tehnologiýa Uniwersiteti
8 Fransisk Srorina adyndaky Gomel Döwlet Uniwersiteti
9 Belarus Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti
10 Halkara Uniwersitet MITSO

            Şeýle hem, instition repozitory Ranking Web Repositories (Webometrics) bahalandyrmada elektron kitaphanasy bolan “Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň alymlarynyň ylmy işleri” ýarym ýyl mundan ozalkysy ýaly döwletiň içindäki uniwersitetleriň elektron kitapnamalarynyň arasynda 3-nji orny (dünýäde 653-nji orny) eýeleýär. 1-nji orny bahalandyrmada adatky ýaly BDU eýeledi (114), ikinji orny – BMTU (351).

Bahalandyrma Webometrics(Webometrics Ranking of World Universities) 2004-nji ýylda we 12 ýylyň dowamynda Ispaniýanyň Milli Alymlar Sowetiniň düzümine girýän Cybermetrics ylmy alymlar topary tarapyndan hasaplanýandygyny ýatlatýarys. Munyň içinde diňe bir uniwersitetleriň arasyndaky dälde, eýsem lukmançylyk guramalarynyň, telekeçilik mekdepleriniň, ýokary okuw jaýlaryna degişli ylmy merkezleriň we kitaphanalaryň internet ulgamyndaky görkezilişlerine we sitatalaýyşlaryna baha berilýändir. 

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplary ylmy tanyşlyk tury esasynda Pekin şäherinde saparda

2016-njy ýylyň iýul aýynyň 20-30 aralygynda Pekin şäherinde (Hytaýda) geçirilýän Tomusky lagerine Belarus döwletinden 100 talyp gatnaşýar. Gatnaşýanlaryň arasynda hytaý dili we medeniýeti bilen gyzyklanýan biziň uniwersitetimiziň matematika we informatika fakultetiniň talyby Ýewgeniý Demidowiç we taryh, kommunikasiýa we turizm fakultetiniň talyby Olga Graçewa hem bar.

fawe34

GrDU-nyň işgärleri Wilnus uniwersitetinde saparda boldylar

   Umumy we slawýan dil öwreniş kafedrasynyň müdüri Lýudmila Wasilýewna Ryçkowa we şol kafedranyň uly mugallymy Alesýa Ýurýewna Stankewiç iýul aýynyň 14-ne litwa diliniň Institutynda we Wilnus uniwersitetide saparda boldylar.

gfht42

Ýanka Kupala adyndaky GrDu-nyň mugalymyna ylymlaryň doktory derejesi berildi

   Bilim ministrligi we Russiýa Federasiýasynyň ylmy tarapyndan 2016-njy ýylyň 11-nji iýulynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň mugallymyna ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşurmak barada perman çykdy.

af242

GrDU-nyň talyplary Azerbeýjan Respublikasynda geçiriljek Belarus Respublikasynyň ýaşlar günleri atly çärelere gatnaşýarlar.

Ilkinji gezek 2016-njy ýylyň iýul aýynyň 7-sinden 10-y aralygynda Azerbeýjan Respublikasynda Belarus Respublikasynyň ýaşlar günleri geçirilýär.

fasdgq123

Sahypa 8 dan 8
banner11 banner21 banner31