Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti

Displaying items by tag: news

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-daky hepdäniň TOP täzelikleri

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetinde Soçi şäherinde geçen talyplaryň we ýaşlaryň XIX Bütündünýä festiwalynyň delegatlaryny garşy aldylar.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň alyp barýan işiniň 2013-2017 ýyllaryndaky TOP netijeleri

19 sany täze magistrlik programmalary açyldy we olaryň 15-si praktika ähmiýetli programmalar.

Dört esse magistrleriň sany artdy.

            Ýöriteleşdirilen orta bilimiň esasynda gaýwana okuwa kabul ediliş 30 % peseldildi.

            Praktika ähmiýetli bilimiň sistemasy döredildi: her fakultetde Koordinasion sowetleri döredildi; kärhanalarda we guramalarda 78 sany kafedralaryň filiallary işleýär; kadrlary buýrujylar bilen işjeň gatnaşyklaryň netijesinde uçumlar 100 % ilkinji iş ýerleri bilen üpjün edilýärler; diplom we magistrlik ylmy işleri kärhanalaryň we guramalaryň buýrugy boýunça ýazylýar. 2015-nji ýyldan bäri kärhanalarda we guramalarda mugallymlaryň we professorlaryň professionallyk başarjaňlygyny ýokarlandyryş sistemasy döredildi.

Uniwersitetiň ylmy-tehnologiki seýilgähi döredildi. Onuň üçin ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet komitetiniň respublikan fondyndan we oblastyň innowasion fondundan maliýeleşdirme alyndy.

            Ýurtda ilkinji Innowasion mediýni klasteri döredildi. Klaster boýunça geçirilýän ylmy we praktiki seminarlar arkaly regional gazetleriň saýtlaryna giriliş, sitata getirmäniň indeksleri, gözleg sistemalarda has ýokary galdy.

Guramaçylyk düzümini optimizasiýalaşdyryş işleri geçirildi: norma laýyk getirmeklik maksady bilen kafedralaryň sany 84-den (2013-nji ýylda) 65-e getirildi (2017-nji ýylda). Düzüm bölümçeleriniň sany azaldyldy: häzirki wagtda 2 sany dolandyryş bölümi, 6 sany merkez, 10 sany bölüm işleýär. Milletara Bilim Merkezi döredildi we metbugat gullugy döredildi.  

           

Goşmaça bilim we beýleki hyzmatlaryň esasynda 300 % girdejilik serişdelerin möçberi ýokarlandy.

Uniwersitetde ortaça aýlygyň möçberi hem artdyryldy.

Material-tehniki bazada inwestisiýalaryň göwrümi ulaldyldy: bibliotekada, naharhanalarda kapital remonty edildi; bilim mediakompleksy döredildi, Talyplar mediamerkezi, Uniwersitetiň baýdak meýdançasy açyldy; täze talyplar şäherçesiniň gurluşygy başlady.

11 sany iňlis dilinde geçilýän bilim programmasy açyldy (2013-nji ýylda olaryň sany 0 we 2017-nji ýyla çenli 11).

Dört esse bilim hyzmatlarynyň möçberi ösdi.

Indiwidual we kafedral reýtingleriň, rektoryň grantynyň, moral sylaglarynyň we maliýe tölegleriniň üsti arkaly proffessorlary we mugallymlary höwesini artdyryş sistemasy durmuşa geçirildi.

Ylmy derejeli mugallymlaryň we profesorlaryň sany 2013-nji ýylda 40,3% bolup 2017-nji ýyla çenli 48,7 % barabar boldy.

Işgärleriň kanagatlananlygy artdy: 2000 gowrak işgärleriň arasynda 2012-nji ýylda 3,8 bolsa, 2017-nji ýylda 4,1 barabar.

“Uniwersitet-muzeý” konsepsiýasy durmuşa geçirilýär: «Ад гімназіі да ўніверсітэта» ‘Gimnaziýadan uniwersiteta çenli’ atly unikal interaktiw ekspozisiýasy döredildi. Uniwersitetiň Ýyl ýazgysy alnyp barylýar we wagtal-wagtal aktiwleşdirilip durýar.

Köpçülik maglumat serişdelerinde uniwersitet barada aýdylýan gowy işleriň sany öňkiden 8 esse köpeldildi.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň mugallymlary Kolomboda (Şri-Lankada) taýýarlyýyş kurslarynyň jemleýji çärýegini geçirdiler.

Ýokary bilime taýýarlaýyş fakultetiniň dekany Ýuriý Romanowski we ýokary okuw jaýyna çenli berilýän bilimiň häzirki zaman tehnologiýalary kafedrasynyň ýolbaşçysy Irina Korlýukowa Kolomboda (Şri-Lankada) AmericanInternationalCampus taýýarlyýyş kurslarynyň jemleýji çärýegini geçirdiler.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň Demokratik Sosialistik Respublikasy Şri-Lankada we American International Campus (AIC) Maldiwa Respublikasynda taýýarlyýyş kurslarynyň diňleýjilerini taýýarlamak baradaky şertnamasy 2017-nji ýylyň ýanwarynda baglanyşyldy. Bu şertnamanyň esasynda geçen okuw ýyly AIC-da 10 adam taýýarlyk kurslaryny tamamlady.

Sentýabr aýynyň 12-13-ne Ýuriý Romanowski we Irina Korlýukowa Kolombodaky AIC merkezinde diňleýjileri bilen matematika we fizika sapaklary boýunça synag geçirdiler. Synaglaryň jemi boýunça, programmany doly ýerine ýetiren diňleýjiler Ýanka Kupala adyndaky GrDU-ny taýýarlaýyş kurslaryny gutaranlyklary baradaky şahadatnamalaryň eýesi boldylar. Olaryň ikisi bu okuw ýyly kupalow uniwersitetinde “Turizm we myhmansöýerlik” hünäri boýunça okuwlaryny dowam ederler.

Şeýle hem, saparyň dowamynda AIC bilen bilelikde Şri-Lankanyň raýatlaryna birinji basgançakdaky ýokary bilim berýän we Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranturasynda  talyplary taýýarlaýyş programmalary barada soraglar ara alyp maslahatlaşyldy.

2017-2018-nji okuw ýylynda Şri-Lankada Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň taýýarlaýyş kurslarynyň diňleýjileriniň ortalyk çärýekleri internet ulgamynyň üsti bilen onlaýn tertipde geçirilmegi hyýallaşdyrylýar, emma tomusda ýene-de kupalow uniwersitetiniň wekillerine gutardyş synaglaryny tabşyrarlar.   

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň we Şandun ulag ýollar uniwersitetiň bilelikde alnyp barylýan bilim programmasy durmuşa geçirilip başlady

]

Şandun ulag ýollar döwlet uniwersitetiniň (şäh. Şandun, Hytaý Halk Respublikasy) we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň ilkinji gezek “2+2” atly bilim programmasy 2017-2018-nji okuw ýyllarynda durmuşa geçirilýär.

Bu okuw ýylynda kupalow uniwersitetine Hytaý Halk Respublikasynyň iki raýaty okuwa kabul edildi. Tao Žan Şandun ulag ýollar uniwersitetinde iki ýyl okan  hytaý gyzy “2+2” programmasy arkaly Grodno şäherine okuwa geldi. Häzirki wagtda bu talyp gyzy diller fakultetiniň “Rus filologiýasy (iş kommunikasiýasy)” hünäri boýunça 3-nji ýyllyk talyby boldy we ýene 2 ýyldan Ýanka Kupala adyndaky GrDU-ny okap gutarar.Okuwlaryň jemi boýunça uçurum bolmak bilen bir hatarda bu talyp iki ýokary okuw jaýynyň bakalawrlyk diplomy alar. “2+2” programmasynyň durmuşa geçmegi uniwersitetleriň okuw planlarynyň derňewinden soňky ylalaşykdan soň mümkin boldy.  

Belarus we hytaý okuw jaýlarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň netijesinde daşary ýurtly raýatlar üçin taýýarlyk bölümine Şandun uniwersitetiniň talyby Ýan Haýžun kabul edildi. Bu hytaý gyzy Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da stajirowka geçer we bir ýylyň dowamynda rus dilini okar. Bu ylalaşyk mugallymlaryň, işgärleriň we talyplaryň akademiki alyş-çalyşyny we ylym pudagyndaky özara gatnaşyklary göz öňüne tutýar.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplary we mugalymlary oblast boýunça geçirilen «Чытаем разам класікаў» atly aksiýa gatnaşdylar.

12092017

“Dostlaşyk” proýektini durmuşa geçirmegiň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary oblast boýunça geçirilen «Чытаем разам класікаў» atly aksiýa gatnaşdylar.
Bu aksiýa Ý.F. Karskiý adyndaky Grodno oblastynyň ylmy kitaphanasynda geçirildi. Kupalow uniwersitetiň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde belarus, fransuz, arab, türkmen we iňlis dillerinde Ýanka Kupalanyň we Ýakub Kolasyň goşgylary ýaňlandy.
Klassikleriň edebi mirasyndan çäre gelen Grodno şäheriniň Lenin raýonynyň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksandr Kowş, OAO «Молочный Мир» kärhanasynyň logistika we satyjylyk bölüminiň başlygy Petr Pogranowskiý, Grodno oblastynyň ОАО «АСБ Беларусбанк» profbirleşik kärhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Çeslaw Mulýarçik ýaly hormatly myhmanlar öz söýgüli setirlerini okadylar. Şeýle hem çärede Grodno şäheriniň gimnaziýalarynyň we mekdepleriniň okuwçylary çykyş etdiler.
Bu çäre klassikleriň döredijilik setirlerini bilelikde okamaklyk bilen tamamlandy.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň delegasiýasy Respublikan pedsowetinde çykyş etdi.

23-24-nji awgustda geçen Respublikan pedsoweti Minsk şäherinde 800 gowrak adam ýygnady. Ol duşuşyga Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, gulluk wezipelerindäkiler, döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýerli halk wekilleri, deputatlar, ýurdyň ähli welaýatlaryndan we Minsk şäherinden okuw jaýlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Auditoriýanyň öňünde çykyş etmek bilen Belarus Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilim pudagynyň ösüşiniň esasy nukdaýnazarlaryny belläp geçdi. Soňra açyk mikrofon formatynda ýurdyň okuw jaýlarynyň işgärleri dürli soraglar boýunça öz pikirleri, garaýyşlary we tejribeleri bilen paýlaşdylar. Bu çäräniň plenar mejlisinde Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory Andreý Korol hem regionyň durnukly ösüş Merkezini uniwersitetleriň alyp barýardygy barada gürrüň berdi.  

Şeýle hem Respublikan pedsowetine gatnaşylylar effektiw pedagogiki tejribesiniň, pedagoklaryň döredijilikli üstünlik netijeleriniň, okuw we okuw-metodiki edebiýatynyň, bilim pudagyndaky täze tehnologiýalaryň nusgalarynyň sergisinde boldylar. Forumyň birinji güni dürli tematiki seksiýalar we tegelek stollar geçirildi. Hünärmenler mekdebe çenli berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin ulanylýan nukdaýnazarlary, aýratyn bilimi belarus ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine öwürmegi başarjak goýumlary we ýokary bilim beriş jaýlarynyň esasy ugurlary ýaly ençeme wajyp soraglary ara alyp maslahatlaşdyrlar. Mundan başgada, inklýuziw biliminiň (инклюзивное образование), döwrebap şertlerde sosial, terbiýeçilik, ideologik aktual jähtleriniň we pedagogiki kadrlary taýýarlamagyň ösüşlerine uly üns berildi.  

Ýanka Kupala adyndaky GrDU Belarus, Rossiýa, Ukraina, Singapur we Özbegistan ýaly döwletlerden talyp-programmistleri kabul etýär.

news tm 18 08

15-nji awgustdan 25-ne çenli Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň bazasynda sport programmirowaniýasy boýunça halkara türgenleşik ýygnanşyklary gurnanyldy. Olaryň inisiatory bolup «Moscow Workshops ACM ICPC»we Moskwanyň fiziko-tenhiki instituty çykyş etdiler (MFTI).

 

 

Bu ýygyndylary geçirmek üçin Kupalow uniwersiteti tötänleýin saýlanan ýer däl. Grodnodaky türgenleşigiň koordinatory, ykdysadyýet sistemalary üpjün edijilik matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy Ýuriý Stepiniň aýtmagyna görä, biziň şäherimiz talyplary halkara bäsleşiklere we açyk çempionatlara sport programmirowaniýasy boýunça taýýarlan merkezi şäherleriniň biri bolup durýar.

– Şeýlelikde, ACM ICPC formatlaryndaky bäsleşiklerde çykyş etýän ýaryşa gatnaşyjylar “W”diwiznona düşýärler. Olar üçin iňlis dilinde sapaklar alynyp barylýar. Algoritm meseleler dünýäsiniň öwrenijileri “S” diwiznona düşýärler. Ol ýerde ähli sapaklar rus dilinde geçýär diýip, – Ýuriý Genrihowiç belläp geçdi.

Türgenleriň okuw programmasy programmirowaniýa boýunça birnäçe gezek halkara bäsleşiklerde özlerini görkezen metodistler tarapyndan taýýarlanan. Olaryň içinde dört gezek ACM ICPC ýarym finalynyň baýragyna eýe bolan, ACM ICPC 2014 finalisty we CROC 2013 we Russian Code Cup 2014 finalisty Filipp Ruhowiç  we 2010-2012 ýyllardaky informatika boýunça halkara olimpiýadasynyň ençeme baýraklarynyň eýesi, 2012-2013 ACM ICPC finalisty Kinan Alsarmini.

Ilkinji gezek bu türgenleşik Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň bazasynda 2015-nji ýylda geçirildi. Şol wagt türgenleşik diňe Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň we «МИСиС» NITU-nyň talyplaryny bir ýere ýygnady. Hormatly myhman bolup tehniki ylymlaryň doktory, professor Rossiýanyň ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Wladimir Arlazarow çykyş etdi.  

Sahypa 5 dan 10
banner11 banner21 banner31