Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti

Displaying items by tag: news

K. Žubanow adyndaky Atkýubinski regional döwlet uniwersitetiniň wekilleri ilkinji gezek Ýanka Kupala adyndaky GrDu-da saparda boldylar

11082017

Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU Belarus uniwersitetleriniň içinden ilkinji bolup K. Žubanow adyndaky Atkýubinski regional döwlet uniwersiteti bilen bile işleşmegi maksat tutunýar. Gazak uniwersitetiniň birinji prorektory Kuanyşbek Şunkeýewiň belläp geçmegine görä, Atkýubinski uniwersitetiniň berk halkara ylmy gatnaşyklary bar, şeýle hem bu uniwersitet Gazagystanyň Atkýubinski welaýatynda işleýän hytaý kärhanalarynyň işgärleri bilen bilelikde praktiki ähmiýetli ylmy işler bilen meşgullanýar.

Gazagystandan gelen myhmanlaryň we Kupalow uniwersitetiniň alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň içinden has ileri tutulýanlarynyň biri diýip we talyplaryň we işgärleriň akademiki  alyş-çalyşlary we bilim pudagyndaky bile edilýän işleri belläp geçdiler. Aýratynda Atkýubinski uniwersitet Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň alymlarynyň spektroskopik derňewler, nanotehnologiýalar we ekologiýa, şeýle hem «Технолаб» atly okuw-ylmy-önümçilik Merkezi pudagyndaky alynyp barylýan işler bilen gyzyklanýarlar.

Okuw işleri boýunça prorektor Ýuriý Belyh kupalow uniwersitetiniň diňe bir ylmy pudakdaky özara gatnaşyklara şat dälde, eýsem biziň uniwersitetimiz K. Žubanow adyndaky Atkýubinski regional döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryny we alymlaryny «Çagyrylan professor» atly programmanyň üsti bilen kabul etmäne taýýarlygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda iki tarapyn wekilleri hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ähli ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra myhmanlar biziň uniwersitetimiziň muzeýinde boldylar, şeýle hem fiziko-tehniki fakultetin laboratoriýalarynda bolup eksprementleriň awtomatizasiýalarynyň usullary bilen tanyşdylar. Şeýlede umumy fizika kafedrasynyň bu pudakda Gazagystanly işgärleri bilen öz toplan tejribelerini bölüşmäne taýýardyklaryny görkezdiler.

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty Iwan Tihon biýik döwlet baýragy bolan “Hormat” ordenine mynasyp boldy

998899

Prezident Belarus döwletiniň iň öňde baryjy adamlaryna biýik döwlet baýraklaryny gowşurdy. Sylaglananlaryň sanawy 39 adama barabar. Olaryň arasynda Rio-de-Žaneýroda geçen Olimpiýadasynyň kümüş medalynyň eýesi, Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň aspiranty Iwan Tihon hem bardy.

Belarus Respublikasynyň iň wajyp hadysalarynyň biri bolan Garaşsyzlyk baýramynda ýurdyň öňde barajy şahsyýetlarini dabaraly gutlamak ajaýyp däp dessurlaryň birine öwrüldi. Sylaglanyş darasy iýul aýynyň 4-ne Garaşsyzlyk köşgünde geçirildi. Ordenler we medallar iň dürli hünärleriň wekillerine, ata-babalarymyzyň bize goýup giden şöhratlaryny beýige galdyrýan, nusga edip öz borçlaryny we batyrlyklaryny gözkezýän ähli şahsyýetlere gowşuryldy. Sylaglananlaryň içinde – lukmanlar, daýhanlar, harby işgäler, mugallymlar, sungat işgärleri, sportsmenler we ýaragly güýçler strukturalarynyň wekilleri bardylar.

Aleksandr Lukaşenko ýygnananlaryň ählisini Garazsyzlyk baýramy bilen gutlady we olara professionalizmlik we olaryň ýeten beýik derejeleri üçin sag bolsun aýtdy, şeýle hem her bir raýat öz goşan goşandy üçin bellenip geçiljekdigini aýdyp geçdi.

Dabaraly çäre gutarandan soň Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty bilen bolan söhbetdeşlikde ol özüniň häzirki wagtda güýçli depginde Ýewropa çempionatyna, 2019-njy ýylda Belarus döwletinde geçiriljek Ýewropa Olimpiýa oýunlaryna we elbetda öz sportda ýeten derejeleri bilen alan baýraklarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen 2020-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýandygyny aytdy.

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň hukuk fakultetiniň halkara hukuk kafedrasynyň dosenti Andreý Bogustowyň ylmy işi respublika boýunça geçirilen “Belarus Respublikasynyň sport hukugy” atly bäsleşikde iň gowy iş diýen ada eýe boldy

08062017

Milli olimpiýa komitetiniň ştab-kwartirasynda “Belarus Respublikasynyň sport hukugy” atly VII  bäsleşigiň laureatlarynyň we ýeňijileriniň dabaraly sylaglanyş dabarasy bolup geçdi.

Eýelän orunlary ýeňijilere bäsleşigiň guramçylary bolan, sport hukugynyň hünärmenleri bolan, şeýle hem bedenterbiýe we sport pudagynda döwlet dolandyryjy edaralarynyň ýolbaşçylary bolan jýuriler saýladylar.  

“Sport pudagynda işlemeýän hukukçynyň iň gowy işi” atly diplom bilen Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň halkara hukuk kafedrasynyň dosenti Andreý Bogustow birinji orna eýe boldy.

Hukuk fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň proýektler sektorynyň halkara proýektleri administrirleme boýunça hünärmeni A.I. Kuza adyndaky Ýasskiý uniwersitetinde (Ruminiýa) Şahsyýeti okatmagyň Halkara hepdesine gatnaşdy

07062017

Şahsyýeti okatmagyň Halkara hepdesi işgärleriň professionallyny we “Erasmus+” programmasy dürli ýörelgeleriniň esasynda milletara bilimi  we hyzmatdaşlygy ösdürmeklik maksady bilen geçirilýär.

 Bu çärä dünýäniň 15 döwletiniň wekilleri çykyş etdiler: Albaniýadan, Alžirden, Armeniýadan, Belarusiýadan, Bosniýadan we Gersegowinydan, Gruziýadan, Izraýyldan, Gazagystandan, Marokkodan, Moldiwydan, Serbiýadan, Täjigistandan, Tunisden, Ukrainadan we Özbegistandan. Belarus döwletiniň adyndan bolsa Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň halkara proýektleriň administrirleme boýunça hünärmeni Ýelena Sarkisowa çykyş etdi.

Şahsyýeti okatmagyň Halkara hepdelik programmasy wekilleriň çärä gatnaşyjylar bilem tanyşlygy we salamlaşygy, Erasmus+ programmasynyň ewolýusiýasy boýunça A.I. Kuza adyndaky Ýasskiý uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar işleri boýunça prorektory, professor Genri Luçianonyň okan gysga leksiýasyndan başlady. Hepdäniň dowamynda birnäçe Ýewropa intgerisiýa soraglary boýunça  leksiýalar, Halkara medeniýet kommunikasiýalary we professionallyk ösüş baradaky bilim seminarlary geçirildi.

– Geçirilen çäreler ähli uniwersitetleriň wekilleri bilen gürleşip professionallyk tanyşlyklary we gatnaşyklary gurnamaga uly mümkinçilik berdi. Biz esasan Erasmus+ programmasy boýunça halkara mümkinçilikleri gürleşdik, dürli maglumat beriji bukjalarymyz bilen we ýadygärlik sowgatlary bilen alyş-çalyş etdik, – diýip kupalow uniwersitetiniň wekili belläp geçdi.

Açyk festiwal Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde ähli Nowruz baýramyny belleýän daşary ýurtly talyplary bir ýere jemledi. Nowruz baýram – bu astronomiki gün kalendary boýunça täze ýyl bolup durýar.

4466 6 

Öz şatlyklaryny talyplar bilen paýlaşmana kupalow uniwersitetine Adatdan daşary we dolyygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasyndan delegasiýa geldi.

Talyplar bilen gürleşmekden öňürti Ilçi kupalow uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýlede, taraplar ýokary derejedäki Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň we Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň kadalaşdyrylan hyzmatdaşlyklarynyň barlygyny, şeýlede Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen kadalaşdyrylan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň barlygyny belläp geçdiler.   

Soňra myhmanlar “Döredijilik älemgoşary” atly Gündogar atmosferasyna çümük bolýan, milli egin-eşiklerini, çaý-seplerini we türkmen halkynyň gündelik durmuşyny görüp bolýan, türkmen milli naharlaryny iýip bolýan we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplarynyň talyp durmuşy bilen tanyşyp bolýan sergide boldylar. Nazarguly Şagulyýew ilçihananyň ähli wekilleriniň adyndan Nowruz baýramy bilen gyzgyn gutlap, onuň diňe bir milli baýram dälde, eýsem halkara baýram bolandygyny aýdyp geçdi.

Rektor Andreý Korol hem özgezeginde, türkmen medeniýetiniň däpleri boýunça ýaz paslyny  kupalow uniwersitetiniň diwarlarynda garş alynmagyň özi biziň ýokary okuw jaýymyzyň dürli medeniýetleri görkezmek üçin ençeme mümkinçilikleri berýän köp milletlidigi barada aýtýar diýip belläp geçdi. 

– Bu zatlaryň ahlisi daşary ýurtly talyplaryň okuw işlerine pozitiw alamatlar boljagyna berk ynanýaryn. Ondan başgada, bu ýerde dürli medeniýetler bilen tanyşmagyň özi – bu bir hyzmatdaşlygyň we doslugyň esasy bolup durýar, – diýip rektor belledi.  – Bu gün talyplar ýokary derejede uly baýramy gurnadylar, sergi we şowhunly sport çärelerini gurnadylar. Şeýle-de, bu çäreleriň köp dürlüligi haýrana goýýar.   

Şeýle hem uniwersitetiň rektory we Türkmenistanyň Belarus Respublikasynyň ilçihanasyndan gelen delegasiýa Milli türkmen göreşi boýunça geçen açyk turniriniň açylyşyna gatnaşdylar we ýaryşa gatnaşyjylara üstünlik we ýeňiş arzuw etdiler.

Göreş barada aýdanymyzda, bu ýaryşda onlarça Türkmenistanly talyplar, Belarusýaly we Täjigistanly talyplar gatnaşdylar. Nazarguly Şagulyýew bu göreşi geçirilişi simwollaşdyrylandygyny bellemek bilen, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlarynyň boljaklygyny aýtdy.

Açyk festiwal dabaraly ýagdaýda Milli türkmen göreşiniň ýeňijilerini sylaglanyş we “Döredijilik älemgoşary” atly serginiň işjeň gatnaşyjylaryny sylaglanyş we uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.                                                  

Okuw işleri boýunça prorektor Ýuriý Belyhyň aýtmagyna görä, türkmen diasporasy Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da okaýan daşary ýurtly talyplaryň içinde iň ulysy, köp sanlysy bolup durýar. Her ýyl türkmen talyplary öz milli baýramçylyklaryny belleýärler, a kupalow uniwersitetiniň ýolbaşçylary her dürli ýollar bilen olara kömek etýärler. Olardan, däp bolan baýramçylyklaryň içinde dabaraly konsert görnüşinde geçirilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk we Garaşsyzlyk baýramlary, Gurban baýramy we birnäçe dürli çäreleri wagtal-wagtal geçirilip durulýandyr. 

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

11

12

13

14

15

16

17

18

Inženerlik goşunlaryň podpolkownigi, asudalygy saklaýjy güýçleriň polkownigi, şahyr Wladimir Petrow diller fakultetiniň daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdy

2375 91

Bu duşuşyk Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň diller fakultetiniň daşary ýurt dili hökmündäki rus dili kafedrasy tarapyndan “Dostluk” proýektini durmuşa geçirilmegi esasynda gurnalyndy.

– Bu proýektiň esasy maksatlarynyň biri talyplary dürli milli medeniýetler bilen, olaryň gyzyklanmalaryny we başga döwletlere we milletlere, medeniýetine we şol milletlere mahsus bolan işlerine goýulýan hormatyny ösdürmek üçin, tanyşmaga kömek etmek bolup durýar, – diýip kafedranyň mugallymlary belleýär. 

Duşuşykda talyplar Wladimir Petrowyň wzwodyň komandiriniň serkerdeliginden inženerlik goşunlar bölüminiň ştabynyň başlygynyň orunbasarlygyna çenli geçen serkerdelik ýoly barada, şeýle hem özüniň 10 ýyllyk harby kafedrasynda geçen mugallymçylygy barada gürleşdiler. Şeýle-de, talyplar şahyryň döredijiliginiň köp taraplydygyny belläp geçdiler, soňra olar Wladimir Iwanowiçiň goşgularyny okadylar. Mundan başgada, daşary ýurtly talyplar şahyryň kitaplary bilen tanyşdylar, onuň suratlaryny we şahyrlaryň dürli bäsleşiklerinde eýe bolan diplomlaryny gördiler. Wladimir Petrowyň özi hem, näme üçin Watan goragçylyk hünärini saýlandygyny gürrüň berdi, şeýle hem, gulluk eden ýyllary barada we öz döredijilik ýollary barada aýdyp berdi.

Daşary ýurtly talyplar Belarus şahyry bilen duşuşyk baradaky täsirlerini daşary ýurt dili hökmündäki rus dili sapagyndaky ýazan düzmelerinde beýan etdiler.  

Diller fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

 

Talyp şäherçesi: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň 4-nji umumy ýaşaýyş jaýynda “Maslenisa” atly baýramçylyk belläp geçdiler.

228 1

Adat bolan “ähli blinler Maslenisada” atly baýram-bäsleşigi ýene bir gezek Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň 4-nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan kupalowçylary bir ýere jemledi.

Bilin bişirmek bäsleşigine iki topar gatnaşdy: “Älemgoşar” we “Blin patyşalary”.

– talyplar öz ukyplaryny diňe bir blin bişirmekde dälde dälde, eýsem, bişiren zatlaryny örän owadan edip bezäp saçakda goýmakda görkezdiler, – diýip umumyb ýaşaýyş jaýyň terbiýeçisi belläp geçdi.  – Bäsleşige gatnaşyjylary we tomaşa edijileri şowhunly aýdymlary bilen, çastuşkalary bilen we gyzykly çäreleri bilen belarus talyplary bilen bir hatarda daşary ýurtly talyplary şatlandyrdylar.

Bäsleşigiň jemi boýunça toparlaryň ikisi hem talyplar proskomy tarapyndan taýýarlanynan süýjülik we ýadygärlik sowgatlaryna eýe boldylar.

Bu baýramçylygy umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçileri we talyplar aktiwyndan bolan mugallyçylyk fakultetiniň talyplary Tatýana Ilýutçik we Anželika Gubko bilen bilelikde taýýarladylar.

228 2

228 3

228 4

228 5

228 6

228 7

228 8

Bedenterbiýe fakulteti Gazagystanyň sport we syýahatçylyk akademiýasynyň kafedralary bilen özara gatnaşyk işlerini ýola goýýar

234 1

Bu barada 3-4-nji fewralda Almata şäherinde Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň bazasynda geçen “Innowasiýa – Bilim – Sport” atly talyplar sportynyň Bütündünýä halkara federasiýasynyň ylmy konferensiýasynda habar berildi.

Gazak uniwersitetiniň rektory we dekanlary bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň bedenterbiýe fakultetiniň sport sapaklary kafedrasynyň ýolbaşçysy Witaliý Hramow bedenterbiýe bilimini informatizasiýalaşdyş pudagynda özara gatnaşyklaryň ösüş ýollaryny mälim etdi. Şeýle hem, taraplar akademiýada hereket etýän bedenterbiýe we sport üçin işgärleri taýýarlaýyş we kwalifikasiýalaryny galdyryş Merkezi bilen hyzmatdaşlygyň formalaryny alamatlandyrdylar.

Dünýäniň 45 döwletini bir ýere jemlän ylmy forumda Witaliý Wladimirowiç Belarus Respublikasynyň mekdepleriniň bedenterbiýe sapaklaryndaky tehnologiki innowasiýalara baradaky doklady bilen çykyş etdi. Şeýle hem, biziň uniwersitetimiziň wekili Gazak akademiýasynyň fakultetleriniň bilim proseslary bilen tanyşdy we sportyň gyşky görnüşleri boýunça Bütündünýä uniwersiadasynyň binalaryny görmäne bardy.

Bedenterbiýe fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

 

234 2

234 3

234 4

234 5

234 6

Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň filosofiýa kafedrasynyň professory Oleg Romanowa, ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşurdy

3456

Ýanwar aýynyň 26-syna, Aleksandr Lukaşenko dabaraly ýagdaýda ylymlaryň doktorynyň diplomyny we döwletiň pedagogik we ylmy işgäri şahadatnamasyny gowşurdy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşýanlara hormat goýup, Aleksandr Grigorýewiç ylmy köplenç okean bilen ­– köp ýerde görülmedik, adamlaryň öňünde müňlerçe mümkinçilikleri açyş etýän tebigy hadysalar bilen, – deňeýänligini belläp geçdi.

– Gözlegiň we açyşlaryň suw joşguny kimin burlak aly akymynda diňe standartlaryň araçäginden batyrlyk bilen çykýan, täze ýodalardan we ýollardan gitýän adamlar ýeňiji bolýarlar. Diňe öz öňünde beýik maksatlary, aýratynda ýetip bolmajak maksatlary goýup iň bir möhüm netijelere alyp bolýar – diýip hökümet Baştutany aýtdy.

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň mugallymçylyk fakultetiniň filosofiýa kafedrasynyň professory Oleg Romanowa ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşuryldy. Soňky 15 ýylyň içinde Belarus Respublikasynyň Ýokary attestasion barlagynda ykrar edilen  Oleg Aleksandrowiçiň filosofiýa boýunça doktorlyk dessertasiýasy ilkinji gezek goralandygyny belläp geçmek gerek. Bu 2016-njy ýylyň 9-njy iýunyňda Prezidium WAK-yň çykaran çözgüdi.

Oleg Romanow Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň biologiýa we ekologiýa fakultetini gutardy, 2000-nji ýylda biziň alma materimiziň filosofiýa kafedrasynda aspiranturany gutardy, 2001-nji ýylda “jemgyýetçilik transformasiýasynyň şertlerinde şahsyýetiň sosiallaşmagy” atly kandidatlyk dessertasiýasyny gorady, a 2007-nji ýylda oňa dosentlik derejesi berildi. 2012-nji ýylda Oleg Aleksandrowiç Belarusiýanyň Milli Bilimler Akademiýasynyň filosofiýa Institutynda doktoranturany gutardy. 2016-njy ýylda doktorlyk dessertasiýany gorady we şol ýylyň iýul aýynda hem doktorlyk derejesini aldy. Ol 2016-njy ýylda kupalow uniwersitetinde professorlyk wezipesini aldy.

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurtly talyplary we diňleýjileri Hytaý we Belarus döwletleriniň diplomatik aragatnaşyklarynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärelere gatnaşdylar

1112121

Hytaý halk respublikasynyň Belarus döwletindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky Hytaý diplomatik missiýasy Hytaý we Belarus döwletleriniň diplomatik aragatnaşyklaryna 25 ýyl bolanlygy mynasybetli Grodno şäherine geldiler. Dabaraly çäreler 2017-nji ýylyň 21-nji dekabrynda geçirildi.

Baýramçylygyň dowamynda Grodnanyň ýaşaýjylarynyň öňünde Gansu prowinsiýasynyň aýdym we tans Grodno teatry çykyş etdi, a täze köşkde bolsa Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplarynyň we diňleýjileriniň bolan Marina Elýaşewiçiň suratkeşlik sergisi açyldy.

– Bu baýram biziň üçin, ýagny Hytaýdan gelen talyplar üçin, sebäbi biz bu ýerde, Grodno şäherinde öz ene dilimizi eşidip bilýäris. Bu çärede biz özümizi bir kiçijik Hytaý döwletinde duýduk, – diýip taýýarlaýyş fakultetiniň diňleýjisi Lýu Sinýue özünde galan täsirleri bilen paýlaşdy. – Şeýle hem uly höwes bilen Hytaý halk respublikasynyň Belarus döwletindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Suý Simin bilen gürleşmäne we onuň bilen surata düşmäne mümkinçiligimiz boldy.

 

Sahypa 6 dan 10
banner11 banner21 banner31