Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti

Displaying items by tag: news

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da 2017-nji ýylyň Gyşky rus dili mekdebiň birinji hepdesi: ekskursiýalar, aşpezlik ussatlygy we medeni tanyşlyk agşamy

image001

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde ikinji gezek gyşky rus dili mekdebi işe başlady. Daşary ýurtlylar üçin ilkinji hepde örän gyzgalaňly geçdi.

Özleriniň Grodno şäherine ilkinji gelen günlerinden başlap Polşaly, Fransyýaly we Germaniýaly oglanlar rus dili bilimini ösdürip başladylar. Belarus we daşary ýurtly raýatlaryny dil boýunça taýýarlaýyş kafedrasynyň mugallymlary daşary ýurtly talyplar üçin we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň fakultetiniň diňleýjileri üçin tematik sapaklaryny taýýarladylar.

Soňky günleriň dowamynda myhmanlar Grodnanyň mukaddes ýadygärlikli ýerlerinde ekskursiýalarda boldylar.

– Meniň üçin täze açyş bolan zatlaryň biri - Grodnodaky kafedral ybadathanasyny meniň watandaşym bolan missioner, din tarapyndan ejir çeken Fransisk Ksaweriň hormatyna atlandyrypdyrlar, – diýip Gyşky rus dili mekdebiň diňleýjisi, Fransiýaly aspirant-taryhçy Gwendal Pýege gürrüň berdi.

Şeýle hem daşary ýurtly okuwçylar Belarus medenýeti boýunça turizm we medeni miras kafedrasynyň başlygy Sergeý Donkihiň okan leksiýasyny uly höwes bilen diňlediler. Görkezilen Belarus aşhanasy boýunça ussatlyk hemmeleri haýrana goýny. Diňleýjiler bilen meýletin kömekçiler we mekdebiň mugallymlary höwes bilen çokundyryş baýramyna kutýa bişirdiler. Şeýle-de mekdebe gatnaşyjylar belarus we daşary ýurtly raýatlaryny dil boýunça taýýarlaýyş kafedrasy tarapyndan üstünlükli geçirilýän fakultatiw kursy bolan “rus dilindäki karaokesinde” özlerini görkezdiler. Ol ýerde daşary ýurtlylar rus diliniň ýaňyltmaçlary bilen tanyşdylar we rus dilinde birnäçe aýdymlar aýtdylar. Ol aýdymlaryň iň bir ady bellisi “Katýuşa” aýdymy boldy. Elbetde, meýletin kömekçiler bilen daşary ýurtlylar bilelikde şäheriň ençeme şowhunly çärelerde boldylar.

– Gyşky rus dili mekdebiniň birinji hepdesi kupalow uniwersitetiniň ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetinde däp boýunça her ýyl geçirilýän (3-nji gezek) tanyşlyk agşamy bilen tamamlandy, ­­– diýip belarus we daşary ýurtly raýatlaryny dil boýunça taýýarlaýyş kafedrasynyň mugallymy Tatýana Çerkez belläp geçdi. – Bu baýram diňe bir mekdebe gelen daşary ýurtlylary dälde, eýsem geçen ýylky diňleýjilerimizi we uçurumlarymyzy bir ýere jemledi.

Ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň dekany Ýuriý Romanowski daşary ýurtly duşuşyga gatnaşyjylara çözmesi kyýn bolan metematiki meselesini hödürledi. Bu meseläni Hytaýdan gelen diňleýji Lýu Sinýuýö çözmegi başardy. Bu agşama gatnaşyjylar rus dilinde özleri barada, öz höweslenýän zatlary we öz watyny barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň soňunda daşary ýurtly okuwçylar rus dilinde konsert programmalary we saz kompozisiýalary bilen bu tanyşlyk agşamynyň şowhunyny artdyrdylar.

image003

image003

image005

image007

image009

image011

image013

image015

image017

image019

image021

image023

image025

image027

image029

image031

image033

image035

image037

image039

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ikinji gezek Gyşky rus dili mekdebi öz işine başlady

Bu ýyl mekdebe gatnaşyjylar üç döwletiň wekilleri boldular – Germaniýanyň, Fransiýanyň we Polşanyň. Olaryň ählisi 2016-njy ýylyň awgustynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde geçen Tomusky rus dili Mekdebiniň gatnaşypdylar.

Iki hepdäniň dowamynda ­– 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-den 29-y aralygynda – daşary ýurtly gatnaşyjylar diňe bir rus dilini öwrenmek bilen çäklenmän eýsem belarus medenýeti bilen giňden tanyşarlar.

Däp boýunça Gyşky Mekdebiň guramaçylary gatnaşyjylar üçin  gyzgalanly programma taýýarladylar. Şeýlelikde, gatnaşyjylar gözýetimiňi giňeltjek ekskursiýalar bilen Belarus döwletiniň paýtagty bolan Minsk şäherinde we Grodno şäheriniň gözel ýerlerinde bolarlar.

Mundan başgada, gatnaşyjylar üçin belerus aşhanasy boýunça, milli döredijilik boýunça ussatlyk sapaklary, medeniýet we Belarus taryhy boýunça dürli leksiýalar okalar we olary rus dili karaokesyna çagyrarlar.

Gyşky Rus dili Mekdebiň jemi boýunça her gatnaşyja özüniň şu ýerde okanlygy barada şahadatnama beriler.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory Andreý Korolyň täze ýyl gutlagy

3428 1Mähriban dostlar!

Tüýs ýüregimden sizi ýetip gelen täze ýyl baýramyňyz bilen gutlaýaryn!

Geçip giden ýyl biz üçin ýönekeý bolmady, dinamiki, täze hadysalara we üstünliklere baý boldy. Uniwersitet hil we ylmy guramaçylyk pudagynda hökemetiň pul baýrakly laureatlyk derejesini tassyklady, uniwersitetiň işgärleri bolsa ýokary derejeli döwleti sylaglaryň eýeleri boldylar. 2016-njy ýyl biziň gelejegimiziň üçin iň bir wajyp işleriň göz başyny tutan ýyl bolup durýar. Biz uniwersitet üçin täze maksatlar tutundyk, baş ýörelgämizi tassykladyk we ilkinji netijelerini görüp başladyk.

2016-njy ýylda ilkinji gezek 4 sany doktorlyk we 19 sany kandidatlyk dessertisiýalary goraldy. Bilim prosessindäki innowision tehnologiýalarynyň üsti adamlaryň bilim derejesini hili taýdan ösdürmeklige gönükdürilen “Bilim innowasilaryň Uniwersiteti” atly ylmy elektron žurnalynyň ilkinji çykyşy çap edildi. 

Okuwa kabul ediliş kompaniýasy üstünlikli geçdi. Biz “Gümrük işleri” atly täze hünär açdyk we 4 sany ikinji derejedäki ýokary bilimde praktiki işlerine gönükdirilen hünärler açyldy. Ýarym müňden geçmek bilen uniwersitetde häzirki gün magistrleriň sany öňkiden has-da köpeldi.

Bütin ýylyň dowamynda biz öz talyplarymyzyň we işgärlerimiziň üstünliklerine ylmy we bilim pudaklarynda ençeme gezek şatlanypdyk, birnäçe döredijilik bäsleşiklerindäki, festiwallardaky we sport ýaryşlaryndaky kupalowlylaryň ýeňişlerine guwanypdyk.

Biz uniwersitetimiziň materialno-tehniki bazasyny ösdürmegimizi dowam etdik: ylmy kitaphanamazyň okalyş zaly kämilleşdirildi, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň ýaşaýyş şertleri öňkiden has-da gowylaşdyryldy.

Bu baýramçylykda men size ullakan sag bolsun aýdasym gelýär we uniwersitetiň ähli kollektiwine özümiň minnetdarlygymy bildirýärin. Siziň işiňiz sebäpli, siziň professionallygyňyz we jogapkärçiligiňiz sebäpli biz uniwersitetiň ýurdyň içindäki we daşyndaky tutýan bilim beriş pudagyndaky ýokary derejesini saklamagy we berkitmegi başardyk.

Gadyrly işdeşler, men size täze ýylda, siziň durmuşyňyzyň ýagty ideýalardan, üstüliklerden, täze professianal maksatlardan doly bolmagyny, durnukly we üstünlikli, ylhamly we döredijilikli bolmagyny arzuw etýärin.

Talyplara bolsa ylymda, döredijilikde we sportda üstünlikleriniň köp bolup uniwersitetimiziň adyny mundan beýläkde ýokara götermekliklerini, öňlerinde duran şowuna bolup öz arzuwlarynyp durmuşa geçmegini arzuw etýärin.

Täze ýylyň başynda siziň bir biriňiziň ojagynda bagt, söýgi we mähir bolmagyny, göwnüňiziň açyk bolmagyny, birek-biregiň arasynda bolsa sabyrlylyk, şatlyk, agzybirlik, täze ýylda täze-täze üstünlikleri arzuw etýärin.  

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurtly talyplary we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň diňleýjileri “Dünýäniň dürli künjeginden bize myhmançylyga” atly fewtiwalyna gatnaşdylar

 3320 1 ea9b989427

Bu baýram 17 dekabrda Grodno şäheriniň 18-nji orta mekdebinde geçdi.

– “Dünýäniň dürli künjeginden bize myhmançylyga” fewtiwalyny mekdebiň çäginde geçirmek – örän dowulmy pikir. Emma bu işleriň köplügine garamazdan biz muny başardyk. Mundan beýläk hem bu çäre biziň mekdebimiziň däbi bolar diýip umut etýäris – diýip mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbary Maýýa Morozik belläp geçdi.

Bu baýramçylyk biziň şäherimizde iki ýyldan bir gezek ençeme myhmanlary we grodnolylary bir ýere jemleýän Respublika boýunça geçirilýän Milli medeniýet festiwalynyň mysaly hökmünde gurnalyndy. Her synp bir döwletiň aýratynlygyny, gaýtalanmajak öwüşgünini we däp dessuryny görkezdi. Çäräniň myhmanlarana bolsa gyzykly taryhy faktlary barada öwrenmek üçin, milli aşlaryny dadyp görmek üçin hem-de mekdep okuwçylary bilen bilelikde dürli halklaryň milli tanslaryny etmek ýeke täk mümkünçilikleri boldy.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurtly talyplary we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň diňleýjileri hem bu fewtiwala gatnaşdylar. Kupalow talyplary festiwalyň açylyş dabarasynda özleriniň wokal we milli tanslary bilen çykyş etdiler, soňra olar dürli döwletleriň kerwensaraýlaryna tomaşa etdiler.

Festiwalyň jýurileriniň düzüminde bolan Milletara Bilim Merkeziniň işgäri Geldi Baýrammyradow iň gowy gatnaşyjylary hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglady.

 

 

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da daşary ýurtly talyplary we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň diňleýjileri ilkinji gezek BDU-da (Belarus Döwlet Uniwersiteti) ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçen milli medeniýet festiwalynda çykyş etdiler

3217 3

Bu ýyl festiwal Belarus Döwlet Uniwersitetinde 6-njy gezek geçýär we ähli welaýatlardan we paýtagtyň ýokary okuw jaýlaryndan gelen daşary ýurtly talyplary bir ýere toplady. Bu çärä ençeme hormatlanýan şahsyýetleri bolan Belarus Respublikasyndaky daşary ýurtly ilçihanalarynyň wekilleri çagyryldy.

Festiwalyň Gatnaşyjylaryň içinde Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplary we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň Hytaýly diňleýjileri bardy.

– Biziň talyplarymyz we diňleýjilerimiz göze ýakymly owadan aýdym-tansly çykyşy bilen tapawutlandy, - diýip Milletara Bilim Merkeziniň daşary ýurtly talyplar bilen işleýän we akademiki mobillik bölüminiň baş hünärmeni Ýelena Znadowiç belläp geçdi. – Umaman aýdanyňda BDU Liseýi sahna meýdançasynda dürli ýurtlardan ýaş ýetginjekleri ýygnady. Olaryň ählisi hem gaýtalanmajak dürli-dürli Belarus, Azerbeýjan, Hytaý, Eýran, Türkmenistan, Nigeriýa, Gazagystan, Ukraýina, Palestina, Liwan we Täjigistan ýaly döwletleriň milli tansdyr aýdymlary bilen haýrana goýdylar. 

Kupalow uniwersitetiniň wekilleri BDU-daky geçen uniwersitetleriň milli medeniýet festiwalynyň gatnaşyjylarynyň diplomlaryna we guramaçylaryň ýadygärlik sowgatlaryna eýe boldylar.

 3217 1 ab615d28d7 (1)

3217 2 c03e2f18ca

3217 4 6a952e68b3

Gazagystanyň sport we turizm akademiýasyndan çagyrylan professor bedenterbiýe fakultetinde saparda boldy

1112221

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň bedenterbiýe fakulteti dekabr aýynyň 6-10-ny aralygynda Gazagystanyň sport we turizm akademiýasyndan çagyrylan professory bolan olimpiýa sport fakultetiniň dekanyny Ryskul Lesbekowany garş aldy.

– Myhman öz saparynyň dowamynda belarus ýokary bilen sistemasy bilen giňden tanyşdy. Bu tanyşlyga mysal bolup biziň alma materimiz hyzmat etdi, – diýip bedenterbiýe fakultetiniň dekanyň Andreý Nawoýçik. – Şeýle hem bolsa Ryskul Buranownanyň saparynyň esasy maksady biziň fakultetimiziň talyplary üçin leksiýa okamak bolup durdy. 

Mundan başgada, çagyrylan professor biziň uniwersitetimiziň bilim işleri boýunça prorektory Ýuriý Belyh bilen we Milletara Bilim Merkeziniň başlygy Elena Belokoz bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň maksady ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we mugallymlary üçin akademiki mobilligi we olaryň halkara proýektlerde we konferensiýalarynda çykyş etmekleri bolup durdy.

Ryskul Lesbekowanyň sapary fakultetiň professoro-mugallymçylyk we ýolbaşçylyk düzümi bilen tegelek stolda tamamlandy.

Bedenterbiýe fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz

DSC00505 c4eea0256d

DSC00512 b1edfff2bb

DSC00514 643a32105c

DSC00530 90ec75eed0

Şwesiýa korollygynyň Belarus Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Martin Oberg Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da saparda boldy

1

Duşuşyk Şwesiýa korollygynyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasyndan gelen delegasiýanyň we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň we talyplarynyň arasynda noýabr aýynyň 23-ne  Martin Obergiň Grodno welaýatyna resmisaparynyň dowamynda geçdi.

Delegasiýany uniwersitetiň birinji prorektory Irina Kiturko garş aldy.

–  Biz tüýs ýurekden Siziň Belarus we Şwesiýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyklarynyň syýasy, ykdysady, durmuşy, medeni we bilim taýdan alnyp barylýan ýörelgeleriniň mundan beýläkde ösmegi we berkemegi üçin etýän diplomatiki işleriňize uly hormat goýýarys – diýip Irina Fedorowna belläp geçdi.

– Biz deň hukukly, ynamdarlylyga esaslanan gürrüňdeşliklere, hyzmatdaşlyklara, we ilçihananyň we  uniwersitetiň arasyndaky iki taraplaýan gerekli netijelere ýetirjek doslukly gatnaşyklara umyt etýäris.

Uniwersitetiň birinji prorektory Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň regiondaky iň gowy hasaplanýan Belarusiýanyň klassiki ýokary okuw jaýydygyny aýtdy. Bu ýerde giň profildäki hünärmenler taýýarlanylýar: gumanitar hünärmenlerden başlap tä tehniki hünärmenlere çenli.

Ilçi hem öz gezeginde delegasiýanyň adyndan biziň alma matermiziň ýolbaşçylaryna Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti bilen tanyşmak üçin berlen mümkünçiliklere köp-köp sag bolsun aýtdy we şu günki saparyň diňe bir Şwesiýa bilen Grodno welaýatynyň aragatşygyny ösdürmek üçin dälde, eýsem, kupalow ýokary okuw jaýynyň gatnaşyklaryny hem çuňlaşdyrjakdygyny belläp geçdi.

Duşuşykdan soňra Martin Oberg talyplar bilen gürleşdi we olaryň ençeme soraglaryna jogap berdi. Aýratynda kupalow talyplaryny ilçiniň talyp ýyllary, onuň näme üçin diplomatiki ugur saýlamagy, şwedleriň birnäçe şahsy we medeni aýratynlyklary gyzyklandyrdy. Şeýle hem, ilçi özünde belarus adamlarynyň we Belarus döwletiniň galdyran tasirleri barada gürrüň berdi.

Ondan başgada, Şwesiýa korollygynyň Belarus Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Martin Oberg şwed ýazyjysy Ýewa Sussonyň «Снежны чалавек у Мінску» (‘Minskdäki gar adam’) atly çagalar kitabyny sungat we dizaýn fakultetiniň talyplaryna we mugallymlaryna görkezilen açyk leksiýasyna gatnaşdy. Duşuşykda ýazyjy kupalowlylara çagalaryň kitaplarynda suratlaryň zerurlygy, döredilişi we çap edelişi barada, şeýle  hem, ýazyjy bilen suratkeşiň bile işlemelidigi barada aýtdyp geçdi.

Şwesiýa korollygynyň Belarus Respublikasyndaky ilçihana delagasyýasynyň sapary şwed ylmy-barlag Merkezi we biziň uniwersitetimiziň talyplary, magistrantlary, aspirantlary we mugallymlary üçin bilim programmalary bilen tanyşdyrmak arkaly dowam etdi.  Duşuşyk janköýerlik teatrynyň aktýorlaryyň ýerine ýetirmeginde şwed klassigi bolan Awgust Strindbergiň gyz bilen oglanyň aragatnaşyklary baradaky ýazan “Frenken Žýuli” atly romanynyň sahnalaşdyrmasy bilen soňlaňdy.

 1 2

 1 3

 1 4

 1 5

 1 6

 1 7

 1 8

 1 9

 1 10

Talyplaryň Erasmus+ Halkara alyş-çalyş ulgamynyň wise-prezidenti Metýu Klemo Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde saparda boldy

er 1

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetine talyplaryň Erasmus+ Halkara alyş-çalyş ulgamynyň wise-prezidenti Metýu Klemo  “SUNet” halkara talyplaryň işjeňlik klubynyň işini öwrenmek maksady bilen geldi.

Bu sapar 2016-njy ýylyň Aprel aýynda Warşawa şäherinde geçen ESN milli wekilleriň ýygnagynda meýilleşdirildi.Ýygnagyň jeminde Belarus Respublikasynyň, aýratynda Kupala uniwersiteti ESN guramasyna girmeklige dalaşgär bolandygy ýatlatýarys.

Metýu Klemo gelmezinden öň onuň üçin gyzgalaňlykly programma taýýarlanyldy. Ilki bilen ESN guramasynyň wise-prezidenti Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň muzeýini görmäge bardy, Eliza Ožeşkanyň öý-muzeýinde, milli belarus tagamlarynyň agşamynda, janly aýdym-saz konsertinde boldy we daşary ýurt talyplaryň “Watandaşlyk” guramasy bilen duşuşdy. Saparyň birinji gününde Kupala uniwersitetiniň duşuşyk agşamynda, Metýu Klemo we “SUNet” Halkara talyplaryň işjeňlik klubynyň wekili, diller fakultetiniň 3-nji ýyllyk talyby Aleksandr Lapatnew talyplary Erasmus Student Network guramasynyň işi bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem saparyň dowamynda Metýu Klemo we “SUNet” klubynyň wekilleri Milletara Bilim Merkeziniň işgärleri bilen duşuşdy.

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti Erasmus Student Network guramasynda Belarus Respublikasynda ilkinji ýerli we ýeketäk milli wekili bolmaga mümkinçiligi barlygyny belläp geçmek gerek.

er 2

er 3

er 4

er 5

er 6

er 7

er 8

er 9

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplar ýygyndysy we Türkmenistanly talyplaryň mini-futbol boýunça dostluk duşuşygy

fb 1

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp noýabr aýynyň 1-ne Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň diwarlarynyň içinde mini-fulbol boýunça bäsleşikler geçirildi. Bu turniri Milletara Bilim Merkeziniň kömegi astynda daşary ýurtly talyplaryň “Watandaşlyk” guramasy we uniweritetiň sport kluby geçirdi.

Ýaryşa gatnaşyjylary gutlag sözleri bilen sport klubynyň başlygy Kiril Akulewiç ýüzlendi. Şeýle hem biziň döwletlerimiziň arasyndaky köp wagtlyk doslugy barada belläp geçdi we talyplara bu ýaryşda üstünlik arzuw etdi.

Kupalow talyplaryň ýygyndysy birnäçe oýunlary geçirip Türkmenistanly talyplary ýeňip geçmegi başardylar.

Turniriň Eminleri hökmünde Bedenterbiýe fakultetiniň sport kafedrasynyň uly mugallymlary Arkadiý Obelewskiý we Olga Pawlýut çykyş etdiler.

fb 2

Ýaryşa gatnaşyjylary gutlag sözleri bilen sport klubynyň başlygy Kiril Akulewiç ýüzlendi

 fb 3

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplar ýygyndysy we biziň uniwersitetimiziň Türkmenistanly talyp ýygyndysy

fb 4

Ýygyndylar ýeňijini saýlamak üçin birnäçe oýun geçirdiler

 fb 5

Ýygyndylar ýeňijini saýlamak üçin birnäçe oýun geçirdiler

 fb 6

Bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenistanly talyplar 2 ýere mynasyp boldylar

 fb 7

Türkmenistanly talyplar ýygyndysy

fb 8

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň ýygyndysy bäsleşigiň ýeňijisi boldy

 fb 9

Dostluk duşuşygyna gatnaşyjylar

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk konserti geçirildi.

 pr 1

Baýrammyçylyk konsertini otkýabr aýynyň 31-ne daşary ýurtly talyplaryň “Watandaşlyk” guramasy we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň Milletara Bilim Merkeziniň işgärleri gurnadylar.

Kupalow uniwersitetiniň müňden gowrak kollektiwiniň adyndan we ähli ýolbaşçylaryň adyndan uniwersitetiň terbiýeçilik işleri boýunça prorektory Wasiliý Wasiliýewiç Senko gutlag sözleri bilen baýramçylyga gelenlere ýüzlendi.

– Şu gün  daşary ýurtly talyplarymyz, Belarus döwletiniň dostlukly gatnaşýan Respublikalarynyň biri bolan, Türkmenistanyň Şanly Garaşsyzlygynyň ýubileýini belläp otyr. Bizi bu iki halkyň arasyndaky serhetlere seretmezden dörän we häzirki wagtda batly depginde ösmegini dowam etýän mähirli we dostlukly aragatnaşyklary şatlandyrýar. Şeýle hem,  biziň döwlet baştutanlarymyzyň dostlugy biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklaryny berkitýänligini belläp geçesim gelýär – diýip Wasiliý wasilýewiç belläp geçdi.  – Bu baýramçylyk güni Türkmen döwletine mundan beýläk hem gülläp ösmegi arzuw etýän.

Türkmen talyplarynyň biziň alma-matermyzda nähili ýaşaýanlyklary, nähili işler bilen gyzyklanýanlyklary, nahili derejelere ýetenlikleri  we üstünliklere eýe bolanlyklary barada daşary ýurtly talyplaryň “Watandaşlyk” guramasynyň ýolbaşçysy Geldi Baýrammyradow.

– Şü günki gün kupalow uniwersitetinde 677 sany daşary ýurtly talyp okap, olaryň 428 sanysy Türkmenistandan bolup, bäşisi magistraturada okap bilim alýar. Umuman GrDU-nyň ýokary bilim baradaky diplomyny 1863 sany Türkmenistanly uçurumlar alandygyny Geldi Baýrammyradow aýdyp geçdi.  – Türkmen talyplary aktiw ýagdaýda uniwersitetiň medeni, ylmy durmuşynda çykyş etýärler: öz talantlaryny özbaşdak çeperpeçilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda çykyş etmek bilen gökezýärler we ylmy konferensiýalar üçin dürli dokladlary taýýarlaýarlar.

Konsertiň dowamynda ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Ene Geldiýewa we hukuk fakultetiniň talyby Meýlis Täçmämmedow alyp baryjylar hökmünde çykyş etdiler we bu agşamyň myhmanlaryna parahat, asuda, berkarar döwleti bolan Türkmenistan döwletine syýahat etmegi hödürlediler. Bu zatlaryň hemmesi daşary ýurtly kupalow talyplarynyň we belarus talyplarynyň taýýarlanmagy esasynda durmuşa geçirildi. Ýaş oglan gyzlaryň ýerine ýetirmeginde tans we aýdym çykyşlary, gülkünç sahnalarynyň we halk saz kompozisiýalaryň üsti bilen baýramçylyk çaresine bezeg berdiler.

pr 2

pr 3

pr 4

pr 5

pr 6

pr 7

pr 8

pr 9

pr 10

pr 11

Sahypa 7 dan 10
banner11 banner21 banner31