Sişenbe, 23 Awgust 2016 16:44

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty Iwan Tihon – Rio-de-Žaneýrodaky olimpiýa oýunlarda kümüş medalyna eýe boldy

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty Iwan Tihon – Rio-de-Žaneýrodaky olimpiýa oýunlarda kümüş medalyna eýe boldy

itw

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty bolan belarus demir zyňyjysy Iwan Tihon awgust aýynyň 19-na Riodaky 2016-njy ýylky XXXI Tomusky Olimpiýa oýunlar bäsleşiginiň finalynda üstünlikli çykyş edip kümüş medalyny eýe boldy.

Ilkinji synanşygynda 76 metr 13 santimetr uzaklyga zyňyp Iwan öz sektorynda nähili çykyş etmeligini bütün dünýä aýan etdi. Şol pursatdan belli boluşy ýaly Tihona bässeşlik etýänlerden Aziýanyň ýeňijisi Täjikistanly türgen Dilşod Nazarow we özüniň ilkinji zyňyşyndan medal üçin söweşýänligi görkezen Wengriýaly 2012-nji ýylky Olimpiýadanyň çempiony Kristian Parş bardy. Şeýle hem bu çedele 2015-nji ýylky dünýä çempionatynyň baýragyna eýe bolan Polşaly Woýseh Nowiski goşuldy. 3-nji synanşygynda Nazarow 78 metr 7 santimetr uzaklyga zyňmak bilen özüni liderlik dereje bilen üpjün etdi. Soňra ol birinji ýere eýe boldy (78m 68sm). Bäşinji synanşygynda Iwan Tihon 77 metr 79 santimetr aralyga zyňmak bilen özüniň iň gowy netijesini görkezdi we kümüş medalyna eýe boldy.  

– Şatlykly ýagdaýda durun, şondada azagulak kemsinýärin, - diýip Iwan Tihon aýtdy. – Men elimde baryny edip söweşdim, elbetde ulyrak ýeri isleýärdim, emma şular ýaly boldy. Hemmelerem öz mynasyp netijelerini görkezdiler.

Belarus Respublikasynyň Halkara olimpiýa komitetiniň metbugat gullygyň maglumatlary boýunça

 

Read 8474 times
banner11 banner21 banner31