Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti
Sişenbe, 31 Ýanwar 2017 16:04

Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň filosofiýa kafedrasynyň professory Oleg Romanowa, ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşurdy

Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň filosofiýa kafedrasynyň professory Oleg Romanowa, ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşurdy

3456

Ýanwar aýynyň 26-syna, Aleksandr Lukaşenko dabaraly ýagdaýda ylymlaryň doktorynyň diplomyny we döwletiň pedagogik we ylmy işgäri şahadatnamasyny gowşurdy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşýanlara hormat goýup, Aleksandr Grigorýewiç ylmy köplenç okean bilen ­– köp ýerde görülmedik, adamlaryň öňünde müňlerçe mümkinçilikleri açyş etýän tebigy hadysalar bilen, – deňeýänligini belläp geçdi.

– Gözlegiň we açyşlaryň suw joşguny kimin burlak aly akymynda diňe standartlaryň araçäginden batyrlyk bilen çykýan, täze ýodalardan we ýollardan gitýän adamlar ýeňiji bolýarlar. Diňe öz öňünde beýik maksatlary, aýratynda ýetip bolmajak maksatlary goýup iň bir möhüm netijelere alyp bolýar – diýip hökümet Baştutany aýtdy.

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň mugallymçylyk fakultetiniň filosofiýa kafedrasynyň professory Oleg Romanowa ylymlaryň doktorynyň diplomyny gowşuryldy. Soňky 15 ýylyň içinde Belarus Respublikasynyň Ýokary attestasion barlagynda ykrar edilen  Oleg Aleksandrowiçiň filosofiýa boýunça doktorlyk dessertasiýasy ilkinji gezek goralandygyny belläp geçmek gerek. Bu 2016-njy ýylyň 9-njy iýunyňda Prezidium WAK-yň çykaran çözgüdi.

Oleg Romanow Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň biologiýa we ekologiýa fakultetini gutardy, 2000-nji ýylda biziň alma materimiziň filosofiýa kafedrasynda aspiranturany gutardy, 2001-nji ýylda “jemgyýetçilik transformasiýasynyň şertlerinde şahsyýetiň sosiallaşmagy” atly kandidatlyk dessertasiýasyny gorady, a 2007-nji ýylda oňa dosentlik derejesi berildi. 2012-nji ýylda Oleg Aleksandrowiç Belarusiýanyň Milli Bilimler Akademiýasynyň filosofiýa Institutynda doktoranturany gutardy. 2016-njy ýylda doktorlyk dessertasiýany gorady we şol ýylyň iýul aýynda hem doktorlyk derejesini aldy. Ol 2016-njy ýylda kupalow uniwersitetinde professorlyk wezipesini aldy.

 

Read 7029 times
banner11 banner21 banner31