Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti
Sişenbe, 29 Awgust 2017 11:47

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň delegasiýasy Respublikan pedsowetinde çykyş etdi.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň delegasiýasy Respublikan pedsowetinde çykyş etdi.

23-24-nji awgustda geçen Respublikan pedsoweti Minsk şäherinde 800 gowrak adam ýygnady. Ol duşuşyga Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, gulluk wezipelerindäkiler, döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýerli halk wekilleri, deputatlar, ýurdyň ähli welaýatlaryndan we Minsk şäherinden okuw jaýlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Auditoriýanyň öňünde çykyş etmek bilen Belarus Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilim pudagynyň ösüşiniň esasy nukdaýnazarlaryny belläp geçdi. Soňra açyk mikrofon formatynda ýurdyň okuw jaýlarynyň işgärleri dürli soraglar boýunça öz pikirleri, garaýyşlary we tejribeleri bilen paýlaşdylar. Bu çäräniň plenar mejlisinde Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory Andreý Korol hem regionyň durnukly ösüş Merkezini uniwersitetleriň alyp barýardygy barada gürrüň berdi.  

Şeýle hem Respublikan pedsowetine gatnaşylylar effektiw pedagogiki tejribesiniň, pedagoklaryň döredijilikli üstünlik netijeleriniň, okuw we okuw-metodiki edebiýatynyň, bilim pudagyndaky täze tehnologiýalaryň nusgalarynyň sergisinde boldylar. Forumyň birinji güni dürli tematiki seksiýalar we tegelek stollar geçirildi. Hünärmenler mekdebe çenli berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin ulanylýan nukdaýnazarlary, aýratyn bilimi belarus ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine öwürmegi başarjak goýumlary we ýokary bilim beriş jaýlarynyň esasy ugurlary ýaly ençeme wajyp soraglary ara alyp maslahatlaşdyrlar. Mundan başgada, inklýuziw biliminiň (инклюзивное образование), döwrebap şertlerde sosial, terbiýeçilik, ideologik aktual jähtleriniň we pedagogiki kadrlary taýýarlamagyň ösüşlerine uly üns berildi.  

Read 6523 times Last modified on Duşenbe, 02 Oktýabr 2017 15:09
banner11 banner21 banner31