Ýanka Kupala
 adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti
Anna, 22 Sentýabr 2017 15:55

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň we Şandun ulag ýollar uniwersitetiň bilelikde alnyp barylýan bilim programmasy durmuşa geçirilip başlady

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň we Şandun ulag ýollar uniwersitetiň bilelikde alnyp barylýan bilim programmasy durmuşa geçirilip başlady

]

Şandun ulag ýollar döwlet uniwersitetiniň (şäh. Şandun, Hytaý Halk Respublikasy) we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň ilkinji gezek “2+2” atly bilim programmasy 2017-2018-nji okuw ýyllarynda durmuşa geçirilýär.

Bu okuw ýylynda kupalow uniwersitetine Hytaý Halk Respublikasynyň iki raýaty okuwa kabul edildi. Tao Žan Şandun ulag ýollar uniwersitetinde iki ýyl okan  hytaý gyzy “2+2” programmasy arkaly Grodno şäherine okuwa geldi. Häzirki wagtda bu talyp gyzy diller fakultetiniň “Rus filologiýasy (iş kommunikasiýasy)” hünäri boýunça 3-nji ýyllyk talyby boldy we ýene 2 ýyldan Ýanka Kupala adyndaky GrDU-ny okap gutarar.Okuwlaryň jemi boýunça uçurum bolmak bilen bir hatarda bu talyp iki ýokary okuw jaýynyň bakalawrlyk diplomy alar. “2+2” programmasynyň durmuşa geçmegi uniwersitetleriň okuw planlarynyň derňewinden soňky ylalaşykdan soň mümkin boldy.  

Belarus we hytaý okuw jaýlarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň netijesinde daşary ýurtly raýatlar üçin taýýarlyk bölümine Şandun uniwersitetiniň talyby Ýan Haýžun kabul edildi. Bu hytaý gyzy Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da stajirowka geçer we bir ýylyň dowamynda rus dilini okar. Bu ylalaşyk mugallymlaryň, işgärleriň we talyplaryň akademiki alyş-çalyşyny we ylym pudagyndaky özara gatnaşyklary göz öňüne tutýar.

Read 6678 times Last modified on Duşenbe, 02 Oktýabr 2017 15:56
banner11 banner21 banner31