Gyşky Rus dili Mekdebi – 2017
Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti 16-njy ýanwardan 29-y aralygynda Grodno şäherinde geçjek 2017-nji ýylky Gyşky Rus dili Mekdebine daşary ýurtly raýatlary çagyrýar.
Bu mekdep diňe bir rus dilinden bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, özüň üçin Belarus döwletini täzeden açmaga, onuň däp-dessurlary bilen tanyşmaga, dünýäniň dürli künjeginden täze-täze dost tutunmaga we gyzykly çäreleri görmäge mümkinçilik berýär.
Mekdebi gutaran her bir adam şahadatnama alýar.
Gyşky Rus dili Mekdebiniň bahasy – 210 ýewro.
Заявки принимаются до 15 декабря 2016 года. Для этого необходимо электронную заявку http://www.rls.grsu.by/en/apply.
2016-njy ýylyň 15-nji dekabryna çenli gatnaşmak üçin arza kabul edilyär.
Habarlaşmak üçin:
Tel.: + 375 (152) 68-02-29
E-mail.: Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.
Web: http://rls.grsu.by
XXI birinji kurs talyplaryň “Alma mater – söýgi birinji kursdan” atly çeper özbaşdaklyk bäsleşiginiň finaly Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da geçer.
Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň esasy sahnasynda halkara talyp gününde, 17-nji noýabrda, “Alma mater – söýgi birinji kursdan” atly çeper özbaşdaklyk bäsleşiginiň finaly geçer.
Tomaşaçylaryň öňünde birinji kursly diller fakultetiniň, mugallymçylyk fakultetiniň, hukuk fakultetiniň we daşary ýurtly talyplar ýygyndysynyň talyplary çykyş ederler. Şeýle hem dürli çykyşlary finala çykmadyk fakultetleriň talyplary hem siziň dykgadyňyza ýetirerler.
Çäräniň başlaýan wagty: 18.30
Salgymyz: köç. Lenin, jaý 32, konsert zaly
Biletler üçin uniwersitetimiziň esasy binasyndaky (köç. Ožeşko, jaý 22) Regional syýahat Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: 77-37-85, +375 (29) 869-06-02.
Sorag jogap üçin: 8 (0152) 74-03-76, +375 (29) 869-06-05.
Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 25 ýyllygy Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da bellenilýär
2016-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk konserti geçirilýär.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da “Ekologiýanyň aktual meseleleri - 2016” atly XI Halkara ylmy-praktiki konferensiýasy geçirilýär
2016-njy ýylyň 5-7-nji oktýabrynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň biologiýa we ekologiýa fakultetinde “Ekologiýanyň aktual meseleleri - 2016” atly XI Halkara ylmy-praktiki konferensiýasy geçirilýär.
Научная встреча направлена на обсуждение кардинальных направлений развития современной экологии.
Ylmy duşuşygyň maksady – ekologiýanyň häzirki wagtdaky ösüşiniň kardinal ugurlary baradaky gürrüňlere ugruldyrylandyr.
Konferensiýada talyplar, magistrantlar, aspirantlar we hünärmenler, şeýle hem dürli ekologiýa pudagynda işleýän isleg bildirijiler çykyş edip bilerler.
Konferensiýada lanyljak diller: rus dili, belarus dili, polýak dili, iňlis dili.
Habarlaşmak üçin:
Salgymyz: Belarus Respublikasy, 230023, şäh. Grodno, köç. Dowator, jaý 3/1, kab. 129a (biologiýa we ekologiýa fakulteti)
Tel.: 8 (0152) 48-50-01
E-mail: Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.
Web: http://fbe.grsu.by
Habarlaşmak üçin: Olga Mihaýlowna Tretýakowa (+375 (29) 284-17-83)
2016-njy ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň sungar we dizaýn fakultetinde “Dünýewi sungat medeniýetiniň aktual meseleleri. Professor U.D. Rezenfeldiň hatyrasyna” VIII Halkara ylmy-praktiki konferensiýasy geçirilýär.
Çärä gatnaşmaga magistrantlar, aspirantlar we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary çagyrylýar.
Konferensiýa aşakdaky ugurlar boýunça geçirmek planlaşdyrylýar:
- dünýewi sungat medeniýetini öwrenmegiň teoretiki we metodologiki meseleleri;
- döwrebäp medeniýetiniň sazy;
- şekillendiriş sungaty we döwrebap medeniýetiniň ösüşiniň meseleleri;
- bilimiň saz metodikasynyň we metodologiýasynyň soraglary;
- теоретические и практические аспекты формирования дизайнера.
- dizaýneriň kämillendiriş teoretiki we praktiki nukdaýnazarlary.
Konferensiýada lanyljak diller: rus dili, belarus dili, polýak dili, iňlis dili.
Gatnaşmak üçin arzalary 2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 16-syna çenli Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz. elektron poçtasyna ugratmaly.
Habarlaşmak üçin:
Salgymyz: Belarus Respublikasy, 230023, şäh. Grodno, köç. Deržinski, jaý 28, kab. 4 (Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň sungat we dizaýn fakulteti)
Tel.: +375 (152) 74-07-33 (dekanat), 74-43-21 (şekillendiriş sungatynyň kafedrasy), 77-05-85 (dizaýnyň kafedrasy)
E-mail: Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.
Web: http://art.grsu.by
Ýanka Kupala adyndaky GrDU öz talyplaryny, mugallymlaryny we işgärlerini uniwersitetiň uçurymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagyndaky guraljak estrada konserdyna çagyrýar
Sentýabr aýynyň 8-ne (penşenbe) we 12-ne (duşenbe) Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň konsert zalynda biziň uçurumlarymyzyň we talaplarymyzyň gatnaşmagynda estrada konserty boljakdyr.
Programmada “Kankan” gülki teatrynyň, iň bir ökde balalaýkaçy Aleksandr Woronişeniň, “Geksogen” frik-teatrynyň, sungat we dizaýn fakultetiniň solistkasy we talyby Kristina Pronskaýanyň, saz gural dueti bolan Maksim Kozulenkonyň we Ýegor Sawiskiniň, gözbagçy Kiril Şwesyň çykyşlary bolarlar.
Konsertiň başlaýan wagty – 19.00
Bilediň bahasy – 3 rubl
Bilet zakaz etmek üçin tel. 74-03-76
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da biologiýa we ekologiýa fakultetiniň, fiziki-tehnika fakultetiniň, matematika we informatika fakultetiniň, şeýle hem inžener gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyllyk talyplary bilen duşuşyk geçer.
2016-njy ýylyň 30-nji awgustynda biologiýa we ekologiýa fakultetiniň, fiziki-tehnika fakultetiniň, matematika we informatika fakultetiniň, şeýle hem inžener gurluşyk fakultetiniň dekanlary bilen fakultetleriň 1-nji ýyllyk talyplar duşuşarlar.
Duşuşygyň dowamynda talyplar okuw prosessiniň şertleri we tertip düzgünleri bilen tanyşarlar, mundan başgada olara talyplaryň ylmy-derňew işleri, döredijilik işleri we uniwersitetiň sport durmuşy barada gürrüň bererler.
Duşuşyk biologiýa we ekologiýa fakultetinde Dowator köçesiniň 3/1-nji jaýynyň 103-nji we 201-nji otaglarynda sagat 11.00-da başlaýar.
Duşuşyk fiziki-tehnika fakultetinde Wrublewski köçesiniň 33-nji jaýynyň 204-nji otagynda sagat 11.00-da başlaýar.
Duşuşyk matematika we informatika fakultetinde Ožeşko köçesiniň 22-nji jaýynyň 218-nji otagynda sagat 10.00-da başlaýar.
Duşuşyk inžener gurluşyk fakultetinde Kurçatow köçesiniň 1-nji “a” jaýynyň 510-njy otagynda sagat 11.00-da başlaýar.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da taryh, kommunikasiýa we turizm fakultetiniň, bedenterýe fakultetiniň, sungat we dizaýn fakultetiniň, şeýle hem diller fakultetiniň 1-nji ýyllyk talyplary bilen duşuşyk geçer.
2016-njy ýylyň 29-nji awgustynda taryh, kommunikasiýa we turizm fakultetiniň, bedenterýe fakultetiniň, sungat we dizaýn fakultetiniň, şeýle hem diller fakultetiniň dekanlary bilen fakultetleriň 1-nji ýyllyk talyplary duşuşarlar.
Duşuşygyň dowamynda talyplar okuw prosessiniň şertleri we tertip düzgünleri bilen tanyşarlar, mundan başgada olara talyplaryň ylmy-derňew işleri , döredijilik işleri we uniwersitetiň sport durmuşy barada gürrüň bererler.
Duşuşyk taryh, kommunikasiýa we turizm fakultetinde Ožeşko köçesiniň 22 jaýynyň 226-njy otagynda sagat 11.00-da başlaýar.
Duşuşyk bedenterýe fakultetinde Zaharow köçesiniň 32-nji jaýynyň 100-nji otagynda sagat 10.00-da başlaýar.
Duşuşyk sungat we dizaýn fakultetinde Deržinski köçesiniň 28-nji jaýynyň 2-nji otagynda sagat 10.00-da başlaýar.
Duşuşyk diller fakultetinde Lenin köçesiniň 32-nji jaýynyň aktiw zalynda 11.00-da başlaýar.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da hukuk, psihologiýa we maşyn gurluşygyň innowasion tehnologiýasy fakultetleriniň 1-nji ýyllyk talyplary bilen duşuşyk geçer.
2016-njy ýylyň 27-nji awgustynda hukuk, psihologiýa we maşyn gurluşygyň innowasion tehnologiýasy fakultetlerinde 1-nji ýyllyk talyplar bilen fakultetleriň dekanlary duşuşarlar.
Duşuşygyň dowamynda talyplar okuw prosessiniň şertleri we tertip düzgünleri bilen tanyşarlar, mundan başgada olara talyplaryň ylmy-derňew işleri , döredijilik işleri we uniwersitetiň sport durmuşy barada gürrüň bererler.
Duşuşyk hukuk fakultetinde Dowator köçesiniň 3/1 jaýynyň 201 otagynda sagat 12.00-da başlaýar.
Duşuşyk psihologiýa fakultetinde BLK köçesiniň 21 jaýynyň 201 aktiw zalynda sagat 11.00-da başlaýar.
Duşuşyk maşyn gurluşygyň innowasion tehnologiýasy fakultetinde Kurçatow köçesiniň 1a jaýynyň 701 otagynda sagat 11.00-da başlaýar.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da pedagogiki fakultetiniň 1-nji ýyllyk talyplary bilen duşuşyk geçer.
2016-njy ýylyň 26-nji awgustynda pedagogiki fakultetiň dekany Swetlana Ýakowlewna Kostrisa bilen fakultetiň 1-nji ýyllyk talyplary duşuşarlar.
Duşuşygyň dowamynda talyplar okuw prosessiniň şertleri we tertip düzgünleri bilen tanyşarlar, mundan başgada olara talyplaryň ylmy-derňew işleri , döredijilik işleri we uniwersitetiň sport durmuşy barada gürrüň bererler.
Duşuşyk pedagogiki fakultetde Zaharow köçesiniň 32 jaýynyň 100 otagynda sagat 10.00-da başlaýar.