Perşenbe, 23 Iýun 2016 13:59

DAŞARY ÝURTLY ABUTURIÝENTLER ÜÇIN

DAŞARY ÝURTLY ABUTURIÝENTLER ÜÇIN

BELARUS DÖWLETINE HOŞ GELDIŇIZ!
Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetine Hoş Geldiňiz!

    Belarus Respublikasynda iň bir meşhur ýokary okuw jaýy bolan Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti Sizi öz talyplarynyň arasynda görmäge örän şatdyr. Şu ýerde görkezilen maglumatlaryň üsti bilen biz Size Belarus durmuşyna öwrenişip, gelejekdäki biziň uniwersitetimizde boljak talyp durmuşy barada giňişleýin bilmäge ýardam eder diýip umyt etýaris. 
    Häzirki wagtda GrDU-da ýedi ýüzden gowrak daşary ýurtly talyplar okap bilim alýarlar, şonyň bilen bir hatarda Rossiýa Federasiýasyndan, Türkmenistandan, Azerbeýjandan, Ukrainadan, Täjikistandan, Angoladan, Ermenistandan, Wetnamdan, Kongodan, Zimbabweden, Yrakdan, Gazagystandan, Hytaýdan, Latwiýadan, Litwadan, Liwandan, Moldowadan, Nigeriýadan, Päkistandan, Türkiýadan, Özbekistandan, Şri-Lankadan, we Ekwador döwletinden gelip biziň uniwersitetimize ýokary hilli baha berýärler. Daşary ýurtly talyplar Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiň iň bir aýratyn tapawutlanýan taraplarynyň içinde aşakdakylary belläp geçýärler:

  •    - hünärlariň uly saýlawy;
  •    - iň täze bilim tehnologiýalarynyň ulanylmagy;
  •    - ylmy işleri bilen meşgullanmaga berilýän uly mümkinçilikleri;
  •    - döwrebap kompýuter ulgamlarynyň bazasy;
  •    - umumy ýaşaýyş jaýlarynyň komfortlylygy;
  •    - daşary ýurtly talyplar bilen işlemekde uly tejribesiniň barlygy;
  •    - Belerus Respublikasyna gelmegiň oňaýly şertleriň döredilenligi.

   Biziň uniwersitetimizi gutarýan uçurymlar GrDU diplomy bilen guwanýarlar we şu ýerde berilýän bilimiň hiline, okuw üçin we ýaşaýyş üçin döredilýan şertlere, döredijilik we öz arzuwlaryňy durmuşa geçirmek üçin döredilen şertlere, mugallymlaryň professionallygyna we uniwersitetiň ýeten ylmy derejesine ýokary baha berýärler.

Read 6224 times Last modified on Duşenbe, 11 Iýul 2016 09:25
More in this category: Talyp bolmak üçin »
banner11 banner21 banner31