Anna, 18 Awgust 2017 15:35

Ýanka Kupala adyndaky GrDU Belarus, Rossiýa, Ukraina, Singapur we Özbegistan ýaly döwletlerden talyp-programmistleri kabul etýär.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU Belarus, Rossiýa, Ukraina, Singapur we Özbegistan ýaly döwletlerden talyp-programmistleri kabul etýär.

news tm 18 08

15-nji awgustdan 25-ne çenli Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň bazasynda sport programmirowaniýasy boýunça halkara türgenleşik ýygnanşyklary gurnanyldy. Olaryň inisiatory bolup «Moscow Workshops ACM ICPC»we Moskwanyň fiziko-tenhiki instituty çykyş etdiler (MFTI).

 

 

Bu ýygyndylary geçirmek üçin Kupalow uniwersiteti tötänleýin saýlanan ýer däl. Grodnodaky türgenleşigiň koordinatory, ykdysadyýet sistemalary üpjün edijilik matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy Ýuriý Stepiniň aýtmagyna görä, biziň şäherimiz talyplary halkara bäsleşiklere we açyk çempionatlara sport programmirowaniýasy boýunça taýýarlan merkezi şäherleriniň biri bolup durýar.

– Şeýlelikde, ACM ICPC formatlaryndaky bäsleşiklerde çykyş etýän ýaryşa gatnaşyjylar “W”diwiznona düşýärler. Olar üçin iňlis dilinde sapaklar alynyp barylýar. Algoritm meseleler dünýäsiniň öwrenijileri “S” diwiznona düşýärler. Ol ýerde ähli sapaklar rus dilinde geçýär diýip, – Ýuriý Genrihowiç belläp geçdi.

Türgenleriň okuw programmasy programmirowaniýa boýunça birnäçe gezek halkara bäsleşiklerde özlerini görkezen metodistler tarapyndan taýýarlanan. Olaryň içinde dört gezek ACM ICPC ýarym finalynyň baýragyna eýe bolan, ACM ICPC 2014 finalisty we CROC 2013 we Russian Code Cup 2014 finalisty Filipp Ruhowiç  we 2010-2012 ýyllardaky informatika boýunça halkara olimpiýadasynyň ençeme baýraklarynyň eýesi, 2012-2013 ACM ICPC finalisty Kinan Alsarmini.

Ilkinji gezek bu türgenleşik Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň bazasynda 2015-nji ýylda geçirildi. Şol wagt türgenleşik diňe Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň we «МИСиС» NITU-nyň talyplaryny bir ýere ýygnady. Hormatly myhman bolup tehniki ylymlaryň doktory, professor Rossiýanyň ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Wladimir Arlazarow çykyş etdi.  

Read 8122 times Last modified on Duşenbe, 02 Oktýabr 2017 15:09
banner11 banner21 banner31