Saparyň dowamynda kupala uniwersitetiniň wekilleri litwaly kärdeşlerine “Rus diliniň milli korpusynyň didaktiki mümkinçilikleri (corpus-based u corpus-driven learning)” atly seminaryň guramasy we onuň mazmuny barada birnäçe maslahatlar berdiler. Şoňa meňzeş ylmy çäreleriň biri 2016-njy ýylyň 22-27 awgusty aralygynda Wilnus şäherinde daşary ýurt dili hökmündäki rus dilini okatýan mugallymlary üçin “Ýazuw mirasy we Informasion tehnologiýalary” atly Halkara ylmy konferensiýasyny Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň işgärleri tarapyndan geçiriljekdir.
Şeýle hem, hyzmatdaşlyk baradaky hereket etýän biziň uniwersitetimiziň, Litwanyň ylymlar akademiýasynyň litwa dil Institunyň we Wilnus uniwersitetiniň arasyndaky şertnamasy umumy medini mirasy gorap saklamak ýaly wajyp pudaklardaky ylmy hyzmatdaşlyk üçin baza döredilýändigini belläp geçmek gerekdir. Edil şolar ýaly arkalygyň mümkinçilikleri barada biziň uniwersitetimiziň wekilleri Wilnus uniwersitetiniň kitaphanasynyň medeni mirasy goraýyş barlag Merkeziniň işgärleri bilen gürleşdiler.
Wilnus uniwersitetiniň kitaphanasy – bu bir kitaplar ýygnanşygynyň iň baý ambary bolmak bilen çäklenmän, eýsem seýrek duş gelýän kitaplary gaýtadan dikeldiş we elektron görnüşe geçiriş ylmy Merkezidir. Häzirki döwürde hereket etýän iň bir köne zallaryň biri bolan, diwar bezegi zalyny döreden, Wilnus uniwersitetiniň professory Fransisk Smuglewiçiň adyny göterýän zal dürli sergileri geçirmek we seýrek metbugatlaryň ekspozisiýasy üçin ulanylýar, şeýle hem dürli asyrlara degişli bolan ekspozisiýalaryň köpüsi uniwersitetiň kitaphanasyna peşgeş berilendir. Biziň uniwersiteimiziň diller fakultetiniň umumy we slawýan dil öwreniş kafedrasynyň müdüri Lýudmila Wasilýewna Ryçkowanyň we şol kafedranyň uly mugallymy Alesýa Ýurýewna Stankewiçiň tanyşmak mümkinçiligini bolan ekspozisiýasy taryhy we kitaphana öwreniş ylymlaryna bagyşlanandyr.