Anna, 02 Sentýabr 2016 13:50

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti we Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlar Uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglanyşdylar

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti we Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlar Uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglanyşdylar

asd231

Belarus-norwegiýa inisiatiwlaryny durmuşa geçiriş «Investigating Pedagogical learning Spaces» («Изучение педагогических обучающих пространств») maksatnamasy esasynda ylmy işler boýunça prorektor Wladimir Georgiýewiç Barsukowyň ýolbaşçylygynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň delagasiýasy Trondheým şäherinde Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlar Uniwersitetinde (NTNU) saparda boldy.
Diller fakultetiniň delagasyýasynyň düzümine umumy we slawýan kafedrasynyň müdüri Lýudmila Wasilýewna Ryçkowa, daşary ýurt dilleri kafedrasynyň müdüri Swetlana Wiktorowna Gonçar, şeýle hem umumy we slawýan kafedrasynyň uly mugallymy Olga Wiktorowna Perkowa girýärler.
Kupalow Uniwersitetiniň wekilleri okuw prosesiniň guralyşyny we Norwegiýanyň ýokary okuw jaýlaryndaky akademiki alyş-çalyş esasyndaky okuw sapaklarynyň kreditleşdirijisini öwrendiler. Mundan başgada, NTNU-nyň iki fakultetiniň sifr we inžiner labaratoriýasynyň esasynda dürli hünärde okaýan talyplaryň innowasion okuwynyň («smart learning») durmuşa geçiriş ýollary bilen tanyşdylar. Şular ýaly laboratoriýalar, praktika üçin niýetlenen («learning by doing») pedagogiki tehnologiýalaryny we indiwidual okuwy ösdürýän maglumat bazalaryny döretmek mümkinçiliklerini höweslendiriş ýollaryny («simulation method») durmyşa geçirýärler.
Şeýle hem, biziň uniwersitetimiziň işgärleri Norwegiýa Tehniki Uniwersitetiniň bazasynda güýçli depginde ýokary derejeli ylmy-pedagogiki stajirowkasyny geçdiler.
Saparyň dowamynda NTNU-nyň tehnologiýa fakultetiniň dekany Terýe Meýler we tebigy ylymlar kafedrasynyň müdüri Ketil Arnesen, şeýle hem, uniwersitetiň birnäçe ylmy barlag laboratoriýalarynyň işgärleri we müdürleri bilen resmi duşuşyklar geçirildi. Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň wekilleri we Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlar Uniwersiteti mümkin bolan ugurlaryň iki taraplaýyn arkalaşyklary barada gürrüňdeşlik geçdiler we 2016-njy ýylyň programmasyny ykrar edip iki ýokary okuw jaýynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekdiler.
Duşuşygyň jemi boýunça bilelikde alnyp baryljak «Innovative Collaborative Learning Spaces in Belarus and Norway» («Belarus we Norwegiýa döwletlerinde Innowasion okadylyş pudagy») bilim proýektiniň mümkinçilikleri barada ylalaşyga geldiler. Şeýle hem Norwegiýanyň bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlyk Merkezine, bäsleşikde çykyş etmek üçin, beriljek arzanyň üstünde işlediler.

  • ÝK adyndaky Grodno-1
  • ÝK adyndaky Grodno-2
  • ÝK adyndaky Grodno-3
  • YK adyndaky Grodno-4
Read 10737 times Last modified on Anna, 02 Sentýabr 2016 14:05
banner11 banner21 banner31