Grodnadaky Polşa Respublikasynyň general konsuly Ýaroslaw Ksenžek Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da saparda boldy
2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda bolan saparyň maksady – Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti bilen tanyşmak we iki taraplarýan ösüş ugurlaryny ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak.
Ýaroslaw Ksenžek Genaral konsullyk wezipesine şu ýylyň sentýabr aýynda bellenildi. Bilim pudagyna bolan höwes, aýratynda myhmanlaryň kupalow uniwersitetine bolan höwesi tötänleýin däl: ol öz hünärini Warşawa Uniwersitetiniň Taryh Institutynda mugallym bolup başlapdy, ondan soňra diplomatiki işçilik ýoluna gadam basdy, - mugallymçylyk we Seuldaky (Günorta Koreýa), Harkowdaky (Ukraýina), Moskwadaky (Rossiýa) işilerini bile alyp bardy.
Duşuşygyň dowamynda rektor Andreý Dmitriýewiç Korol General konsulyna Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň ylmy we medeni pudaklardaky gazanan üstünlikleri barada, şeýle hem halkara gatnaşyklary pudagyndaky alma mater üstünlükleri barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň Polşa ýokary okuw jaýlary bilen gatnaşyklar baradaky baglanylyşan 29 sany ylalaşyklary bar. Biziň Uniwersitetimiz Belostok Uniwersiteti bilen, Belostok Politehniki Uniwersiteti bilen, Gdansk Uniwersiteti bilen, Belsko-Býala şäherindäki Gumanitarno-tehniki Akademiýasy bilen, Poznan şäherindäki Adam Miskewiç adyndaky Uniwersitet bilen aktiw aragatnaşygyny saklap gelýär. Ýokary okuw jaýlarynyň arasynda akademiki mobillik guramaçylyk işleri Abraýly etaplarda alnyp barylýar, professorlaryň arasynda berk iş we şahsy gatnaşyklary ýola goýulandyr. Eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna rus dilini öwrenmek üçin uniwersitetdäki hereket etýän Tomusky rus dili Mekdebine Polşanyň dürli uniwersitetlerinden gelýärler. 2013-nji ýylda polonistikany öwdürmek maksady bilen biziň uniwersitetimizde polşa dil, edebiýat we medeniýet Merkezi açyldy.
Merkeziň işi bilen myhmanlary polýak filologiýa kafedrasynyň müdüri Ýewgeniý Arkadýewiç Pankow tanyşdyrdy.
– 1989-njy ýylda uniwersitetde polýak filologiýasynyň kafedrasy döredildi. Şondan bäri hem polonistika bolan höwes gün-günden artýar. Ahyryn 2013-nji ýylyň aprel aýynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da polşa dil, edebiýat we medeniýet Merkezi açyldy, – diýip Ýewgeniý Arkadýewiç aýtdy.
Ýaroslaw Ksenžik hem öz gezeginde, – Mundan beýläp hem biz öz gatnaşyklarymyzy ösdüreris diýip umyt etýärin, sebäbi biziň aramyzda öz aragatşyk işlerimiz üçin ösmäne entäk hem uly mümkinçilikler bar – diýip belläp geçdi.