Sişenbe, 12 Sentýabr 2017 16:56

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplary we mugalymlary oblast boýunça geçirilen «Чытаем разам класікаў» atly aksiýa gatnaşdylar

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplary we mugalymlary oblast boýunça geçirilen «Чытаем разам класікаў» atly aksiýa gatnaşdylar.

12092017

“Dostlaşyk” proýektini durmuşa geçirmegiň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary oblast boýunça geçirilen «Чытаем разам класікаў» atly aksiýa gatnaşdylar.
Bu aksiýa Ý.F. Karskiý adyndaky Grodno oblastynyň ylmy kitaphanasynda geçirildi. Kupalow uniwersitetiň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde belarus, fransuz, arab, türkmen we iňlis dillerinde Ýanka Kupalanyň we Ýakub Kolasyň goşgylary ýaňlandy.
Klassikleriň edebi mirasyndan çäre gelen Grodno şäheriniň Lenin raýonynyň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksandr Kowş, OAO «Молочный Мир» kärhanasynyň logistika we satyjylyk bölüminiň başlygy Petr Pogranowskiý, Grodno oblastynyň ОАО «АСБ Беларусбанк» profbirleşik kärhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Çeslaw Mulýarçik ýaly hormatly myhmanlar öz söýgüli setirlerini okadylar. Şeýle hem çärede Grodno şäheriniň gimnaziýalarynyň we mekdepleriniň okuwçylary çykyş etdiler.
Bu çäre klassikleriň döredijilik setirlerini bilelikde okamaklyk bilen tamamlandy.

Read 8975 times Last modified on Duşenbe, 02 Oktýabr 2017 15:10
banner11 banner21 banner31