Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň alyp barýan işiniň 2013-2017 ýyllaryndaky TOP netijeleri
19 sany täze magistrlik programmalary açyldy we olaryň 15-si praktika ähmiýetli programmalar.
Dört esse magistrleriň sany artdy.
Ýöriteleşdirilen orta bilimiň esasynda gaýwana okuwa kabul ediliş 30 % peseldildi.
Praktika ähmiýetli bilimiň sistemasy döredildi: her fakultetde Koordinasion sowetleri döredildi; kärhanalarda we guramalarda 78 sany kafedralaryň filiallary işleýär; kadrlary buýrujylar bilen işjeň gatnaşyklaryň netijesinde uçumlar 100 % ilkinji iş ýerleri bilen üpjün edilýärler; diplom we magistrlik ylmy işleri kärhanalaryň we guramalaryň buýrugy boýunça ýazylýar. 2015-nji ýyldan bäri kärhanalarda we guramalarda mugallymlaryň we professorlaryň professionallyk başarjaňlygyny ýokarlandyryş sistemasy döredildi.
Uniwersitetiň ylmy-tehnologiki seýilgähi döredildi. Onuň üçin ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet komitetiniň respublikan fondyndan we oblastyň innowasion fondundan maliýeleşdirme alyndy.
Ýurtda ilkinji Innowasion mediýni klasteri döredildi. Klaster boýunça geçirilýän ylmy we praktiki seminarlar arkaly regional gazetleriň saýtlaryna giriliş, sitata getirmäniň indeksleri, gözleg sistemalarda has ýokary galdy.
Guramaçylyk düzümini optimizasiýalaşdyryş işleri geçirildi: norma laýyk getirmeklik maksady bilen kafedralaryň sany 84-den (2013-nji ýylda) 65-e getirildi (2017-nji ýylda). Düzüm bölümçeleriniň sany azaldyldy: häzirki wagtda 2 sany dolandyryş bölümi, 6 sany merkez, 10 sany bölüm işleýär. Milletara Bilim Merkezi döredildi we metbugat gullugy döredildi.
Goşmaça bilim we beýleki hyzmatlaryň esasynda 300 % girdejilik serişdelerin möçberi ýokarlandy.
Uniwersitetde ortaça aýlygyň möçberi hem artdyryldy.
Material-tehniki bazada inwestisiýalaryň göwrümi ulaldyldy: bibliotekada, naharhanalarda kapital remonty edildi; bilim mediakompleksy döredildi, Talyplar mediamerkezi, Uniwersitetiň baýdak meýdançasy açyldy; täze talyplar şäherçesiniň gurluşygy başlady.
11 sany iňlis dilinde geçilýän bilim programmasy açyldy (2013-nji ýylda olaryň sany 0 we 2017-nji ýyla çenli 11).
Dört esse bilim hyzmatlarynyň möçberi ösdi.
Indiwidual we kafedral reýtingleriň, rektoryň grantynyň, moral sylaglarynyň we maliýe tölegleriniň üsti arkaly proffessorlary we mugallymlary höwesini artdyryş sistemasy durmuşa geçirildi.
Ylmy derejeli mugallymlaryň we profesorlaryň sany 2013-nji ýylda 40,3% bolup 2017-nji ýyla çenli 48,7 % barabar boldy.
Işgärleriň kanagatlananlygy artdy: 2000 gowrak işgärleriň arasynda 2012-nji ýylda 3,8 bolsa, 2017-nji ýylda 4,1 barabar.
“Uniwersitet-muzeý” konsepsiýasy durmuşa geçirilýär: «Ад гімназіі да ўніверсітэта» ‘Gimnaziýadan uniwersiteta çenli’ atly unikal interaktiw ekspozisiýasy döredildi. Uniwersitetiň Ýyl ýazgysy alnyp barylýar we wagtal-wagtal aktiwleşdirilip durýar.
Köpçülik maglumat serişdelerinde uniwersitet barada aýdylýan gowy işleriň sany öňkiden 8 esse köpeldildi.