Anna, 15 Dekabr 2017 10:59

Ýanka Kupala adyndaky GrDU we K.Žubanow adyndaky Aktýubin Regional Döwlet Uniwersiteti, mekdepler we Gazagystanyň ýokary okuw jaýlary üçin labaratoriýa enjamlaryny bile öndürmek barada şertnama baglaşdylar

Ýanka Kupala adyndaky GrDU we K.Žubanow adyndaky Aktýubin Regional Döwlet Uniwersiteti, mekdepler we Gazagystanyň ýokary okuw jaýlary üçin labaratoriýa enjamlaryny bile öndürmek barada şertnama baglaşdylar

Bu ylalaşyga Aktýubin Regional Döwlet Uniwersitetiniň ylmy-tehniki bazasynda geçirilen “Häzirki zaman fiziki okuw eksperimenti. Ýagdaý, mesele, gelejek” atly seminaryň dowamynda gelindi.

Gazagystanyň mekdepleri we ýokary okuw jaýlary üçin labaratoriýa enjamlarynyň önümlerini bilelikde ösdürmek mogzugy şäher we etrap okuw müdürlikleri üçin, mekdep müdürleri, şeýlede seminara çagyrylan fizika mugallymlary üçin örän wajyp meseleleriň biri boldy. Bu seminara gatnaşyjylar “Tehnolab” atly biziň okuw-ylmy-önümçülik Merkezimiziň labaratoriýa we demonstratiw önümleriniň enjamlary bilen tanyşdylar.

 Hazirki zaman okuwçylary meselaniň çözülişi däl-de, eksperimentleriň geçirilişi gyzyklandyrýar. Şonuň üçin biz seminarda fiziki eksperimentlerini tejribede görkezdik we fizika boýunça geçirilýän modulluk labaratoriýa işleri hakynda gürrün berdik. Şeýlede öz gazak ildeşlerimizi “Tehnolab”-yň okuw mekdepleri we labaratoriýalar üçin işläp çyrarýan enjamlary bilen tanyşdyrdyk, - diýip Aleksandr Wasilýewiç aýtdy – Seminaryň jemi boýunça etrap we şäher mekdepleriniň mugallymlaryna sertifikatlar gowşuryldy.

Aktýubin Regional Döwlet Uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Grodno Döwlet Uniwersitetiniň wekilleri Gazagystanyň mekdepleriniň fizika otaglary enjamlaryny öz wagtynda bellenilen ýerlerine ýetirmek baradaky soraglar ara alynyp maslahatlaşyldy, a uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen bolsa geljekdäki bile öndüriljek önümleri we umuman belarus-gazak aragatnaşyklaryn ösdürmek barada gepleşdiler. Bu proýekt mekdeplerdäki enjamlary täzemegi üçin we tejribe işleriniň ýokary basgançaga çykmak üçin badalgasydyr.

 

Read 8003 times
banner11 banner21 banner31