Türkmenistandan gelen daşary ýurtly talyplar “Ýewropa bilim pudagynda Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary bilim sistemasy” atly okuw syýahatyna gatnaşdylar
Ilkinji gezek Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň Milletara Bilim Merkezi we Belarus Respublikasynyň Bilim Ministerstwasynyň Halkara gatnaşyklar Merkezi bilelikde “Ýewropa bilim pudagynda Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary bilim sistemasy” atly okuw syýahatyny gurnadylar.
Kupalow uniwersitetiniň delegasiýasyna 9 talyp we daşary ýurt talyplary bilen işleýän we akademiki mobilligiň hünärmeni Geldi Baýrammyradow girdi.
Syýahatyň dowamynda talyplar Praktiki ähmiýetli ylymlaryň Berlin Halkara Uniwersitetine we Pariž Akademiýasyna bardylar, ýokary okuw jaýlarynyň taryhy, ösüşi we öz işlerini alyp baryşlaryny öwrendiler, leksiýalary diňlediler, praktiki seminarlarda, seminar göwrnüşdäki ekskursiýalarda, fabriklerde, zawodlarda, muzeýlerde praktiki ähmiýetli sapaklarda boldylar. Bilim beriş çärelerden başgada talyplar üçin Berlinde, Parižde, Amsterdamda we Praga şäherlerinde medeni programmalar gurnanyldy.
Bu gezelençiň netijesi boýunýa okuw syýahatynyň ähli gatnaşyjylaryna olaryň hakykatdanda bu syýahata gatnaşanlyklary tassyklaýan şahadatnamalary gowşuryldy.
- Ýewropa ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlary bilen olaryň bilim sistemalary bilen tanyşmak – iň wajyp tejribeleriň biri bolup durýar. Men Berlin, Pariž ýaly şäherleri görmegi arzuw edip ýördüm we men öz arzuwymyň öz uniwersitetimiz arkaly amala aşandygyna örän begenýän, – diýip diller fakultetiniň 5-nji ýyllyk talyby Mamedowa Jennet özünde talan täsirleri bilen paýlaşdy.