Duşenbe, 12 Sentýabr 2016 11:33

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary “Ykdysadyýet ýaşlaryň gözi bilen” atly ýaş alymlaryň IX Halkara ykdysadyýet forumyna gatnaşýarlar

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary “Ykdysadyýet ýaşlaryň gözi bilen” atly ýaş alymlaryň IX Halkara ykdysadyýet forumyna gatnaşýarlar

 Economic Forum

Belarus Döwlet Ykdysadyýet Uniwersiteti 2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 16-17-sine öz diwarlarynda ylmy bileleşigiň, biznesiň, kolležleriň okuwçylary we talyplary “Ykdysadyýet ýaşlaryň gözi bilen” atly IX Halkara ykdysadyýet forumyna ýygnady.

Konferensiýada çykyş etýälerin arasynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary Karolina Lapko we Semýon Sorkin.

Ady agzalan forumyň dowamynda kupalow uniwersitetiniň wekilleri “Name üçin alym bolmaly” atly tegelek stola we ylmy bileleşigiň, biznesiň wekilleri bilen bilelikde taýýarlanan tok-şowa, şeýle hem Belarus Respublikasynyň WAK wekilleri, BDYU-daky dessertasiýa goraýyş Soweti we BDYU-nyň ýokary kwalifikasiýanyň ylmy kadyrlary taýýarlamak boýunça Dolandyryşy tarapyndan taýýarlanan “Dessertasiýa: oý pikirden – üstünlikli goraga” atly master klas geçirdiler.

Mundan başgada, biziň talyplarymyz “buhgalteriýa hasabaty we analizi”, “Döwlet we Hukuk”, “Menejment, marketing we logistika”, “Ykdysady ösüşiň sosial-gumanitar nukdaýnazarlary”, “Ykdysadyýetdäki tehnologiýalar”, “Turizm we sportyň ykdysadyýeti”, “Finansirleme we pul aýlawy”, “Harby-senagat kompleksy”, “Ykdysadyýet we Innowasiýalar” ýaly ugurlar boýunça geçiriljek tegelek stollarda çykyş ederler.

Kupalow uniwersitetiniň wekilleriniň dokladlary ylmy materiallar ýygyndysyna girer.

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň ähli tazelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

 

Read 10319 times
banner11 banner21 banner31