Inženerlik goşunlaryň podpolkownigi, asudalygy saklaýjy güýçleriň polkownigi, şahyr Wladimir Petrow diller fakultetiniň daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdy
Bu duşuşyk Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň diller fakultetiniň daşary ýurt dili hökmündäki rus dili kafedrasy tarapyndan “Dostluk” proýektini durmuşa geçirilmegi esasynda gurnalyndy.
– Bu proýektiň esasy maksatlarynyň biri talyplary dürli milli medeniýetler bilen, olaryň gyzyklanmalaryny we başga döwletlere we milletlere, medeniýetine we şol milletlere mahsus bolan işlerine goýulýan hormatyny ösdürmek üçin, tanyşmaga kömek etmek bolup durýar, – diýip kafedranyň mugallymlary belleýär.
Duşuşykda talyplar Wladimir Petrowyň wzwodyň komandiriniň serkerdeliginden inženerlik goşunlar bölüminiň ştabynyň başlygynyň orunbasarlygyna çenli geçen serkerdelik ýoly barada, şeýle hem özüniň 10 ýyllyk harby kafedrasynda geçen mugallymçylygy barada gürleşdiler. Şeýle-de, talyplar şahyryň döredijiliginiň köp taraplydygyny belläp geçdiler, soňra olar Wladimir Iwanowiçiň goşgularyny okadylar. Mundan başgada, daşary ýurtly talyplar şahyryň kitaplary bilen tanyşdylar, onuň suratlaryny we şahyrlaryň dürli bäsleşiklerinde eýe bolan diplomlaryny gördiler. Wladimir Petrowyň özi hem, näme üçin Watan goragçylyk hünärini saýlandygyny gürrüň berdi, şeýle hem, gulluk eden ýyllary barada we öz döredijilik ýollary barada aýdyp berdi.
Daşary ýurtly talyplar Belarus şahyry bilen duşuşyk baradaky täsirlerini daşary ýurt dili hökmündäki rus dili sapagyndaky ýazan düzmelerinde beýan etdiler.
Diller fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.