Anna, 11 Awgust 2017 10:43

K. Žubanow adyndaky Atkýubinski regional döwlet uniwersitetiniň wekilleri ilkinji gezek Ýanka Kupala adyndaky GrDu-da saparda boldylar

K. Žubanow adyndaky Atkýubinski regional döwlet uniwersitetiniň wekilleri ilkinji gezek Ýanka Kupala adyndaky GrDu-da saparda boldylar

11082017

Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýanka Kupala adyndaky GrDU Belarus uniwersitetleriniň içinden ilkinji bolup K. Žubanow adyndaky Atkýubinski regional döwlet uniwersiteti bilen bile işleşmegi maksat tutunýar. Gazak uniwersitetiniň birinji prorektory Kuanyşbek Şunkeýewiň belläp geçmegine görä, Atkýubinski uniwersitetiniň berk halkara ylmy gatnaşyklary bar, şeýle hem bu uniwersitet Gazagystanyň Atkýubinski welaýatynda işleýän hytaý kärhanalarynyň işgärleri bilen bilelikde praktiki ähmiýetli ylmy işler bilen meşgullanýar.

Gazagystandan gelen myhmanlaryň we Kupalow uniwersitetiniň alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň içinden has ileri tutulýanlarynyň biri diýip we talyplaryň we işgärleriň akademiki  alyş-çalyşlary we bilim pudagyndaky bile edilýän işleri belläp geçdiler. Aýratynda Atkýubinski uniwersitet Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň alymlarynyň spektroskopik derňewler, nanotehnologiýalar we ekologiýa, şeýle hem «Технолаб» atly okuw-ylmy-önümçilik Merkezi pudagyndaky alynyp barylýan işler bilen gyzyklanýarlar.

Okuw işleri boýunça prorektor Ýuriý Belyh kupalow uniwersitetiniň diňe bir ylmy pudakdaky özara gatnaşyklara şat dälde, eýsem biziň uniwersitetimiz K. Žubanow adyndaky Atkýubinski regional döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryny we alymlaryny «Çagyrylan professor» atly programmanyň üsti bilen kabul etmäne taýýarlygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda iki tarapyn wekilleri hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ähli ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra myhmanlar biziň uniwersitetimiziň muzeýinde boldylar, şeýle hem fiziko-tehniki fakultetin laboratoriýalarynda bolup eksprementleriň awtomatizasiýalarynyň usullary bilen tanyşdylar. Şeýlede umumy fizika kafedrasynyň bu pudakda Gazagystanly işgärleri bilen öz toplan tejribelerini bölüşmäne taýýardyklaryny görkezdiler.

 

Read 8474 times
banner11 banner21 banner31