DAŞARY ÝURTLY ABUTURIÝENTLER ÜÇIN
Talyp bolmak üçin
Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde okamak isleýän daşary ýurtly raýatlar Belarus Respublikanyň ilçihanasynda okuw wizasyny açdyrmak üçin çakylyk hatyny almaga borçlydyrlar.
ÇAKYLYK HATYNY BIZIŇ UNIWERSITETIMIZ MUGT UGRATÝAR
Ýöriteleşdirilen çakylyk hatyny almak üçin gerek resminalaryň we etmeli işleriň sanawy:
• daşary ýurt pasportynyň nusgasy;
• orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy;
• daşary ýurt pasportyň we orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň terjimesi we käpilleşdirmesi (notarius) üçin 40 bel. rubl ( ̴ 20 $);
• girjek fakultetiň we aljak hünäriň adyny habar bermeli.
Resminamalary ugratmak üçin salgymyz:
Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti
Daşary ýurtly talyplar bilen işleýän bölüm
Lenin köçesi, jaý 32, kabinet 11
Şäher Grodno, indeks 230000
Belarus Respublikasy
Telefon/faks (rus dilinde): +375 152 73 00 68
Biziň internet salgylarymyz:
• uniwersitetimiziň saýty: www.education.grsu.by
• elektron poçtasy: Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz.
Sizi gyzyklandyrýan islendik soraglar bilen türkmen dilinde habarlaşmak üçin Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz. ýa-da Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz. poçtasyna ýazyp bilersiňiz. Türkmen dilinde habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz + 375 152 68 12 40, +375 152 68 12 44, +375 25 938 46 78.
Biziň uniwesitetimize okuwa gelen ähli daşary ýurt raýatlary Belerus döwletine girensoň Grodno şäheriniň, Lenin köçesiniň 32 jaýynyň 11 kabinetine ýüz tutmaly we öňki ugradylan resminamalaryň üstüne aşakdaky resminamalary getirmeli:
• Belarusynyň respublikasynyň okuw wizasy goýulan pasporty;
• orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň asyl nusgasy;
• saglyk ýagdaýy barada kepilnama, spid ýokanç keselleriniň ýoklugy baradaky kepilnama, flýuorografik barlagynyň netijesi;
• 6 sany 3x4 ölçegli surat;
• dogluş şahadatnamasy.
Resminamalary tabşyrylandan soň uniwersitet işgärleriniň kömegi bilen edilmeli işler:
• wagtlaýyn registrasiýa etdirmeli (6 $);
• saglyk ýagdaýynyň ilkinji barlagy;
• umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşmeli (aýyna 30-50 $);
• okuw üçin şertnama baglaşmaly;
• umumy saglyk ýagdaý barlagyny geçmeli (50-70 $)
• şertnama baglaşanyndan soň 5 günüň dowamynda okuw pulyny tölemeli;
• okuwa kabul ediliş.
Daşary ýurt raýatlar Belarus Respublikasynyň içeri işler edarasynda (1 ýyllyk möhleti bilen wagtlaýyn) registrasiýa etdirmeli. Registrasiýa tölegi 40 $.
DAŞARY ÝURTLYABUTURIÝENTLER ÜÇIN