Anna, 24 Iýun 2016 10:06

Peýdaly maglumatlar

DAŞARY ÝURTLY ABUTURIÝENTLER ÜÇIN

Peýdaly maglumatlar

Döwlet dilleri – rus dili, belarus dili

Milli pul birligi – belarus rubly

Aragatnaşyk operatorlary – MTC, velcom, life

Eger-de siz Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde okamak isleseňiz, size aşakdaky çykdajylary göz öňüne tutmagyňyz gerekdir:okuw pulyny (girýän okuwyňa baglylykda okuw tölegi bölüminden seredip bilersiňiz);

  • okuw pulyny (girýän okuwyňa baglylykda okuw tölegi bölüminden seredip bilersiňiz);
  • saglyk strahowkasy 1 ýyllyk – 170 ýewro (isleg boýunça);
  • saglyk ýagdaýynyň barlagyny geçmeli – 70 ABŞ dollary;
  • Belarus Respublikasynyň içeri işler edarasynda (1 ýyllyk möhleti bilen wagtlaýyn) registrasiýa etdirmeli – 40 ABŞ dollary;
  • umumy ýaşaýyş jaýynyň tölegi – 30-50 ABŞ dollary (her aýda);
  • tomusky / gyşky dyýn alaş wagtynda öz ýurdyňyza gidip gelmek üçin çykyş-giriş wizasynyň tölegi – 30 ABŞ dollary.

Her hepdede iýmit üçin 1 adama ortaça 30 ABŞ dollary sarp edilýär.

Uniwersitetiň naharhanasynda 3-5 ABŞ dollaryna ertirlik we günartanlyk edinmek bolýar.

Ýolagçy tepegi jemgyýetçilik transportynda 1 aýlak möhleti bilen – 12 $. Jemgyýetçilik transportlaryndan Grodno şäherinde awtobuslar we tralleýbuslar irden sagat 6.00-dan gije sagat 00.00 çenli hereket etýär.

Belarus döwletinde tomusda howanyň tempraturasy +18-den +30 gradusa çenli, güýz-gyş wagtlary (oktýabr-mart aýlary) ­–10dan +10 gradusa çenli, şol sebapli satyn aljak egin-eşikleriňiziň bahalaryny göz öňüne tutyň (200-400 ABŞ dollary).

Read 2878 times
banner11 banner21 banner31