Anna, 07 Iýul 2017 12:21

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty Iwan Tihon biýik döwlet baýragy bolan “Hormat” ordenine mynasyp boldy

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty Iwan Tihon biýik döwlet baýragy bolan “Hormat” ordenine mynasyp boldy

998899

Prezident Belarus döwletiniň iň öňde baryjy adamlaryna biýik döwlet baýraklaryny gowşurdy. Sylaglananlaryň sanawy 39 adama barabar. Olaryň arasynda Rio-de-Žaneýroda geçen Olimpiýadasynyň kümüş medalynyň eýesi, Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň aspiranty Iwan Tihon hem bardy.

Belarus Respublikasynyň iň wajyp hadysalarynyň biri bolan Garaşsyzlyk baýramynda ýurdyň öňde barajy şahsyýetlarini dabaraly gutlamak ajaýyp däp dessurlaryň birine öwrüldi. Sylaglanyş darasy iýul aýynyň 4-ne Garaşsyzlyk köşgünde geçirildi. Ordenler we medallar iň dürli hünärleriň wekillerine, ata-babalarymyzyň bize goýup giden şöhratlaryny beýige galdyrýan, nusga edip öz borçlaryny we batyrlyklaryny gözkezýän ähli şahsyýetlere gowşuryldy. Sylaglananlaryň içinde – lukmanlar, daýhanlar, harby işgäler, mugallymlar, sungat işgärleri, sportsmenler we ýaragly güýçler strukturalarynyň wekilleri bardylar.

Aleksandr Lukaşenko ýygnananlaryň ählisini Garazsyzlyk baýramy bilen gutlady we olara professionalizmlik we olaryň ýeten beýik derejeleri üçin sag bolsun aýtdy, şeýle hem her bir raýat öz goşan goşandy üçin bellenip geçiljekdigini aýdyp geçdi.

Dabaraly çäre gutarandan soň Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň aspiranty bilen bolan söhbetdeşlikde ol özüniň häzirki wagtda güýçli depginde Ýewropa çempionatyna, 2019-njy ýylda Belarus döwletinde geçiriljek Ýewropa Olimpiýa oýunlaryna we elbetda öz sportda ýeten derejeleri bilen alan baýraklarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen 2020-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýandygyny aytdy.

 

Read 7995 times
banner11 banner21 banner31