Diller fakultetiniň wekilleri häzirki wagtda Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlar Uniwersitetinde saparda.
Bäş günüň dowamynda, ýagny awgust aýynyň 15-den 19-na çenli Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň diller fakultetiniň delegasiýasy ylmy işler boýunça prorektor Wladimir Georgiwiç Barsukowyň ýolbaşçylygyndaNorwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlar Uniwersitetinde Trondheým şäherinde saparda bolarlar.
Duşuşygyň dowamynda ýerli işgärler bilen biziň uniwersitetimiziň wekilleri ylmy pudakda, innowasion we okuw işlerinde hyzmatdaşlyklaryň ugurlary barada gürrüňdeşlik geçirerler we belarus-norwegiýa inisiatiwasy bolan «Investigating Pedagogical learning Spaces» boýunça öz tejribeleri bilen alyş-çalyş ederler, şeýle hem mobilleşdirilen okuw boýunça bilim proýektyny durmuşa geçirmek üçin Halkara hyzmatdaşlygyň Norwegiýa Merkezine arza ýazarlar.
Diller fakultetiniň delagasyýasynyň düzümine umumy we slawýan kafedrasynyň müdüri Lýudmila Wasilýewna Ryçkowa, daşary ýurt dilleri kafedrasynyň müdüri Swetlana Wiktorowna Gonçar, şeýle hem umumy we slawýan kafedrasynyň uly mugallymy Olga Wiktorowna Perkowa girýärler.
Ähli diller fakultetiniň täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.