Açyk festiwal Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde ähli Nowruz baýramyny belleýän daşary ýurtly talyplary bir ýere jemledi. Nowruz baýram – bu astronomiki gün kalendary boýunça täze ýyl bolup durýar.
Öz şatlyklaryny talyplar bilen paýlaşmana kupalow uniwersitetine Adatdan daşary we dolyygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasyndan delegasiýa geldi.
Talyplar bilen gürleşmekden öňürti Ilçi kupalow uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýlede, taraplar ýokary derejedäki Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň we Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň kadalaşdyrylan hyzmatdaşlyklarynyň barlygyny, şeýlede Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen kadalaşdyrylan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň barlygyny belläp geçdiler.
Soňra myhmanlar “Döredijilik älemgoşary” atly Gündogar atmosferasyna çümük bolýan, milli egin-eşiklerini, çaý-seplerini we türkmen halkynyň gündelik durmuşyny görüp bolýan, türkmen milli naharlaryny iýip bolýan we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplarynyň talyp durmuşy bilen tanyşyp bolýan sergide boldylar. Nazarguly Şagulyýew ilçihananyň ähli wekilleriniň adyndan Nowruz baýramy bilen gyzgyn gutlap, onuň diňe bir milli baýram dälde, eýsem halkara baýram bolandygyny aýdyp geçdi.
Rektor Andreý Korol hem özgezeginde, türkmen medeniýetiniň däpleri boýunça ýaz paslyny kupalow uniwersitetiniň diwarlarynda garş alynmagyň özi biziň ýokary okuw jaýymyzyň dürli medeniýetleri görkezmek üçin ençeme mümkinçilikleri berýän köp milletlidigi barada aýtýar diýip belläp geçdi.
– Bu zatlaryň ahlisi daşary ýurtly talyplaryň okuw işlerine pozitiw alamatlar boljagyna berk ynanýaryn. Ondan başgada, bu ýerde dürli medeniýetler bilen tanyşmagyň özi – bu bir hyzmatdaşlygyň we doslugyň esasy bolup durýar, – diýip rektor belledi. – Bu gün talyplar ýokary derejede uly baýramy gurnadylar, sergi we şowhunly sport çärelerini gurnadylar. Şeýle-de, bu çäreleriň köp dürlüligi haýrana goýýar.
Şeýle hem uniwersitetiň rektory we Türkmenistanyň Belarus Respublikasynyň ilçihanasyndan gelen delegasiýa Milli türkmen göreşi boýunça geçen açyk turniriniň açylyşyna gatnaşdylar we ýaryşa gatnaşyjylara üstünlik we ýeňiş arzuw etdiler.
Göreş barada aýdanymyzda, bu ýaryşda onlarça Türkmenistanly talyplar, Belarusýaly we Täjigistanly talyplar gatnaşdylar. Nazarguly Şagulyýew bu göreşi geçirilişi simwollaşdyrylandygyny bellemek bilen, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlarynyň boljaklygyny aýtdy.
Açyk festiwal dabaraly ýagdaýda Milli türkmen göreşiniň ýeňijilerini sylaglanyş we “Döredijilik älemgoşary” atly serginiň işjeň gatnaşyjylaryny sylaglanyş we uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.
Okuw işleri boýunça prorektor Ýuriý Belyhyň aýtmagyna görä, türkmen diasporasy Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da okaýan daşary ýurtly talyplaryň içinde iň ulysy, köp sanlysy bolup durýar. Her ýyl türkmen talyplary öz milli baýramçylyklaryny belleýärler, a kupalow uniwersitetiniň ýolbaşçylary her dürli ýollar bilen olara kömek etýärler. Olardan, däp bolan baýramçylyklaryň içinde dabaraly konsert görnüşinde geçirilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk we Garaşsyzlyk baýramlary, Gurban baýramy we birnäçe dürli çäreleri wagtal-wagtal geçirilip durulýandyr.