Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ýylyň talyby saýlandy
31-nji dekabrda kupalow uniwersitetiniň konsertlik zalynda geçirilen “Ýylyň talyby - 2018” bäsleşiginiň finaly geçirildi.
Maşyngurluşygynyň innowasionlyk tehnologiýalarynyň fakultetiniň talyby Polina Bubeşko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ýylyň talyby diýen ada eýe boldy.
Hukuk fakultetiniň talyby Irina Kuliniç ikinji orny eýeledi, üçinji orna bolsa ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby
“Iň gowy gollaw-topary” ady bilen inžener-gurluşyk, hukuk we maşyngurluşygynyň innowasionlyk tehnologiýalarynyň fakultetleri ýeňiş gazandylar.
Adat boýunça bäsleşik iki etapda geçdi. Birinji gaýwana turda bäsleşige gatnaşyjylar “Meniň dünýäm” atly portfoliýalaryny, köpçülik kyýnçylyklaryny çözmek ýollaryny durmuşa geçiriş matsatlary bilen talyplaryň döredijilik we kärendeçilik ukuplarynyň has-da ulalýandygyny görkezýän özleriniň “Ýaşlaryň inisiatiwasy” atly iň gowy proýektleri eminleriň dykgatyna ýetirdiler. Şeýle hem gaýwana turyň ýene bir bäsleşigi bolan “Men talyp” atly wideorolik bäslegi geçirildi. Geçirilen bäsleşikleriň jemi esasynda ýokary netije görkezen talyplar finala gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Final wagtynda üstünlikli çykyş edip ady agzalan talyplar ýokardaky sanalan netijeleri görkezdiler.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da ýokary bilimiň tölegli görnüşine abituriýentleriň resminamalaryny kabul ediliş dowam etýär
Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde diňe bir belarus raýatlary üçin dälde eýsem daşary ýurtly raýatlary okuwa kabul ediliş güýçli depginde dowam etýär.
Uniwersitetiň bu ýylky hödürleýän hünärleriniň sanawyny, tertiplerini we gerekli resminalar barada giňişleýin maglumatlary www.education.grsu.by adresiniň üsti bilen tanyşyp bilersiňiz.
Şeýle hem, daşary ýurtly talyplary kabul ediliş barada bilmek üçin aşakdaky telefonlaryň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz:
+375 152 681244
+375 25 9384678
+375 33 6229590
Türkmen milli göreşi boýunça turnir, milli oýunlar we milli naharlar: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Nowruz baýramy geçirildi
Bu festiwal kupalow uniwersitetinde ähli Nowruz baýramyny – astronomiki gün kalendary boýunça täze ýyl belleýän daşary ýurtly talyplaryň ählisini bir ýere jemledi.
Ilkinji gezek Nowruz baýramy Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar watandaşlygynyň inisiatiwasy esasynda geçen ýyl bellenildi. Şonda bu baýramçylykda 5 uniwersitetiň wekilleri gatnaşypdy. Bu ýyl festiwala 9 uniwersitetiň wekilleri gatnaşdylar: Belarus Döwlet Uniwersiteti, Belarus Döwletiniň Bedenterbiýe Uniwersiteti, Maksim Tank adyndaky Belarus Döwlet Mugallymçylyk Uniwersiteti, “BIP – Hukuk institut” hususy okuw jaýynyň Grodnoda filialy, “MITSO” Halkara uniwersitetiniň Witebs filialy, Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti, Polesk Döwlet Uniwersiteti, Grodno Döwlet Oba-hojalyk uniwersiteti we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti.
Ýalkymly salamlaşyk sözleri bilen myhmanlara we baýramçylygy guramaçylara Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory Irina Kiturko ýüzlendi.
Festiwalda myhmanlar dürli döwletleriň milli koloritleri görkezýän interaktiw meýdançalarynda boldular: milli tagamlary dadyp gördüler we öz elleri bilen gözden goraýan alaja örmäni öwrendiler, türkmen halkynyň şaý-sepleri we öý esbaplary bilen tanyşdylar. Çäräniň myhmanlary üçin iň gyzykly bolan master-klasslary – türkmen dili sapagy, arap, hytaý kalligrafiýasy we milli oýunlardan baýdak aldy, bäş daş we kanat çekişmek ýaly oýunlar boldylar. Sport bäsleşiginiň söýüjilerini bolsa Milli Türkmen göreşi boýunça geçirilen turnir bir ýere jemledi.
Festiwal daşary ýurtly talyplaryň döredijilik sahnalarynyň üsti bilen öz medeniýeti bilen tomaşaçylary tanyşdyrmak arkaly baýramçylyk konserti bilen jemlenildi. Bu konsertiň dowamynda göreşiň ýeňijiçilerini, interaktiw meýdançalarynyň işjeň gatnaşyjylaryny, şeýle hem, “Täze gün” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini kuboklar, medallar, diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Ýatlatýarys:
2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy bolmadyk medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna goşuldy, 2010-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda OON-nyň Genaral Assambleýesiniň 64-nji sessiýa 21-nji mart Bütin dünýä Halkara Nowruz güni diýip yglan etdi.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň wekilleri Azerbeýjandaky belarus biliminiň günlerine gatnaşdylar
Okuw işleri boýunça prorektor Ýuriý Belyh we biologiýa we ekologiýa fakultetiniň dekany Aleksandr Karewskiý belarus delagasiýasy bilen 4-nji martdan 8-nji marta çenli Baku şäherinde (Azerbeýjanda) belarus biliminiň günlerine gatnaşdylar.
Belarus delegasiýasynyň sapary Azerbeýjanyň bilim beriş jaýlary we beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we Azerbeýjanyň bilim hyzmatlar bazarynda “Belarusdaky bilim” atly öňegidişlik brendini ösdürmek maksady bilen gurnalyndy. Belarus döwletiniň 20 töwerek ýokary okuw jaýlarynyň gatnaşmagynda belarus biliminiň sergisi geçirildi. Ol ýerde Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň wekilleri ýokary bilimiň birinji we ikinji derejedäki hünärleri barada gürrüň berdiler, aspiranturada okuwy dowam etmegiň mümkünçilikleri barada, şeýle hem kupalow uniwersitetindäki Tomusky mekdepleri barada gürrüň berdiler.
Bilim pudagyndaky beýik tehnologiýalaryň durmuşa geçiriliş opytyny öwrenmek üçin belarus delegasiýasy Baku şäheriniň okuw jaýlarynda boldylar. Şeýlelikde, Belarus wekilleriniň bolan on uniwersitetleriniň içinde belarus dili we medeniýet Merkeziniň hereket etýän Bekin slawýan uniwersiteti hem bardy. Bu Merkeze biziň uniwersitetimiziň adyndan Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň mugallymlarynyň belarus dilinde çap eden kitabyny sowgat berildi.
Mundan başgada, Ýuriý Belyh we Aleksandr Karewskiý birnäçe gimnaziýalarda we hünärmen mekdeplerinde boldylar we Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda halkara olimpiadalaryna taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu çäräniň guramaçysy bolup Belarus Respublikasynyň Bilim Ministrliginiň halkara gatnaşyklar Merkezi we Belarus Respublikasynyň Azerbeýjandaky ilçihanasy çykyş etdiler.
Ilkinji gezek Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň Milletara Bilim Merkezi we Belarus Respublikasynyň Bilim Ministerstwasynyň Halkara gatnaşyklar Merkezi bilelikde “Ýewropa bilim pudagynda Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary bilim sistemasy” atly okuw syýahatyny gurnadylar.
Kupalow uniwersitetiniň delegasiýasyna 9 talyp we daşary ýurt talyplary bilen işleýän we akademiki mobilligiň hünärmeni Geldi Baýrammyradow girdi.
Syýahatyň dowamynda talyplar Praktiki ähmiýetli ylymlaryň Berlin Halkara Uniwersitetine we Pariž Akademiýasyna bardylar, ýokary okuw jaýlarynyň taryhy, ösüşi we öz işlerini alyp baryşlaryny öwrendiler, leksiýalary diňlediler, praktiki seminarlarda, seminar göwrnüşdäki ekskursiýalarda, fabriklerde, zawodlarda, muzeýlerde praktiki ähmiýetli sapaklarda boldylar. Bilim beriş çärelerden başgada talyplar üçin Berlinde, Parižde, Amsterdamda we Praga şäherlerinde medeni programmalar gurnanyldy.
Bu gezelençiň netijesi boýunýa okuw syýahatynyň ähli gatnaşyjylaryna olaryň hakykatdanda bu syýahata gatnaşanlyklary tassyklaýan şahadatnamalary gowşuryldy.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplary erkin göreş boýunça Belarus döwletiniň çempionatynda altyn we kümüş medallaryna eýe boldylar
Minskiň sport köşginde erkin göreş boýunça Belarus Respublikasynyň çempionaty geçirildi.
Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň talyplaryndan bolan Grodno oblastynyň ýygyndysy Minsk toparyny 6 utuk tapawudy bilen ýurdyň iň güýçli komandasy boldy. Kupalow talyplary bu ýygyndynyň gaznasyna üç altyn medalyny we bir kümüş medalyny getirdiler. Bu netije Grodnanyň taryhynda sportyň şu görnüşi boýunça iň üstünliklisi boldy.
Ýurdyň çempiony bolan hukuk fakultetiniň talyby Nýurgün Skrýabin 61 kg agramda, bedenterbiýe fakultetiniň talyplary Andreý Karpaç 74 kg agramda we Aleksandr Guştyn 97 kg agramda çykyş etdiler. Kümüş medalyny bedenterbiýe fakultetiniň talyby Witaliý Pesnýak 125 kg agramda eýelemegi başardy.
Şeýle-de kupalow talyplary ýaňy-ýakynda ýurdyň çempionatynda grek-rim göreşi boýunça altyn we kümüş medallarynyň eýeleri boldylar.
Grodnanyň uniwersitetleriň daşary ýurtly talyplary dilewarlyk ussatlygynda bäsleşdiler
Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetinde 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda “Watanymy wasp etýärin” atly daşary ýurtly talyplarynyň arasynda dilewarlyk ussatlygy boýunça regional bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşik Grodno Döwlet uniwersitetiniň rus dili kafedrasy tarapyndan iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Çärä gatnaşanlaryň ählisi Grodno şäheriniň uniwersitetlerinde ýokary bilim alýan daşary ýurtly talyplary boldylar. Diller fakultetiniň dekanynyň aýtmagyna görä bu bäsleşik dürli ýurtlardan gelen talyplary bir ýere jemlemek bilen olaryň Belarus döwleti bilen tanyşlygyny we rus dili bilimini ýokarlandyrmaga ýardam etýär.
Bu gezek dilewarlyk ussatlygy boýunça geçirilen bäsleşik Türkmenistanly, Türkiýeli, Gruziýaly, Marokkoly, Bangladeşli, Şri-Lankaly we Gazagystanly kupalow uniwersitetiniň we Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň talyplaryny ýir ýere ýygnady.
Bäsleşik üç tapdyrdan ybarat boldy. Birinjisinde – “Dilewarlaryň parady” – her gatnaşyjy özi bilen we öz ritoriki şygary bilen tanyşdyrdy. Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar dilewarlyk sözleýişinde tomaşyçylary öz Watany, medeniýeti we öz halkynyň däp-dessurlary, şeýle hem öz halkynyň buýsanýan taryhy ýadygärlikleri barada gürrüňler arkaly tanyşdyrdylar. Üçünji tapgyrda – “Açyk mikrofon” – rus atalar sözleriniň we nakyllarynyň manysyny ýüze çykarmak we öz ene dilinden olara meňzeş mysal getirmek şerti boldy.
Şeýlelikde bäsleşigiň ýeňijisi diýip Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň talyby Nikolaý Idolenkow yglan edildi.
Ikinji orny bolsa Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Mariýa Motornaýa we Udika Rimaşika Agampodige eýe boldylar.
Üçinji orun alanlaryň hataryna – kupalow uniwersitetiniň talyby Hasan Bepari we Lukmançylyk uniwersitetiniň talyby El Azami El Hasani girdiler.
Eminleriň gelen netijesinä görä aýratyn tapawutlanan talyplar hem sylaglandylar. Şeýlelik-de iň ynandyryjy dilewar diýip Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyby Röwşen Öwezow ykrar edildi. Iň gowy ýerine ýetirijilik ussatlygyny GrGMU-nyň talyby Günaý Nasibowa, a tüýs ýürekden edilen çykyş diýip GrGMU-nyň talyby Aýjan Koý Bagarowa hasap edildi.
Mundan başgada, ýadygärlik sowgatlary bilen Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň talyplary Şirin Turaýewa, Näzikjemal Hallyýewa, Şahrinoz Egemberdiýewa, Mähri Joraýewa we Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň talyby Gunça Baýramgeldiýewa sylaglanyldy.
Ýanka Kupala adyndaky GrDU we K.Žubanow adyndaky Aktýubin Regional Döwlet Uniwersiteti, mekdepler we Gazagystanyň ýokary okuw jaýlary üçin labaratoriýa enjamlaryny bile öndürmek barada şertnama baglaşdylar
Bu ylalaşyga Aktýubin Regional Döwlet Uniwersitetiniň ylmy-tehniki bazasynda geçirilen “Häzirki zaman fiziki okuw eksperimenti. Ýagdaý, mesele, gelejek” atly seminaryň dowamynda gelindi.
Gazagystanyň mekdepleri we ýokary okuw jaýlary üçin labaratoriýa enjamlarynyň önümlerini bilelikde ösdürmek mogzugy şäher we etrap okuw müdürlikleri üçin, mekdep müdürleri, şeýlede seminara çagyrylan fizika mugallymlary üçin örän wajyp meseleleriň biri boldy. Bu seminara gatnaşyjylar “Tehnolab” atly biziň okuw-ylmy-önümçülik Merkezimiziň labaratoriýa we demonstratiw önümleriniň enjamlary bilen tanyşdylar.
Hazirki zaman okuwçylary meselaniň çözülişi däl-de, eksperimentleriň geçirilişi gyzyklandyrýar. Şonuň üçin biz seminarda fiziki eksperimentlerini tejribede görkezdik we fizika boýunça geçirilýän modulluk labaratoriýa işleri hakynda gürrün berdik. Şeýlede öz gazak ildeşlerimizi “Tehnolab”-yň okuw mekdepleri we labaratoriýalar üçin işläp çyrarýan enjamlary bilen tanyşdyrdyk, - diýip Aleksandr Wasilýewiç aýtdy – Seminaryň jemi boýunça etrap we şäher mekdepleriniň mugallymlaryna sertifikatlar gowşuryldy.
Aktýubin Regional Döwlet Uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Grodno Döwlet Uniwersitetiniň wekilleri Gazagystanyň mekdepleriniň fizika otaglary enjamlaryny öz wagtynda bellenilen ýerlerine ýetirmek baradaky soraglar ara alynyp maslahatlaşyldy, a uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen bolsa geljekdäki bile öndüriljek önümleri we umuman belarus-gazak aragatnaşyklaryn ösdürmek barada gepleşdiler. Bu proýekt mekdeplerdäki enjamlary täzemegi üçin we tejribe işleriniň ýokary basgançaga çykmak üçin badalgasydyr.
Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetiniň rektorlyk wezipesine Irina Kiturkany bellemäne öz razylygyny berdi
Ýurdyň ýolbaşçysy 7-nji dekabrynda kadrlyk soraglaryna täzeden seretdi we birnäçe täze ýolbaşçylary belledi, – diýip БелТА belleýär.
Şeýlelikde, Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetiniň şu güne çenli birinji prorektory bolup işläp gelýän Irina Kiturkany uniwersitetiň rektorlyk wezipesine belledi. Sungatlar we Mediniýet Belarus Döwlet uniwersiteti rektory diýip – Alina Korbuty belledi.
Ýokary okuw jaýlarynyň täze ýolbaşçylaryny bellemek bilen, Aleksandr Lukaşenko gelejekde talyplar kollektiwine uly üns berjekdigini aýdyp geçdi.
– Gelejekde, talyplar kollektiwi bilen birnäçe düşuşyklarynyň geçjekdigine ynanýaryn, – diýip Aleksandr Lukoşenko aýtdy. – Dogrydanda, bu biziň gelejegimiz. Olar ertirki gün jemgyýetde ýolbaşçylyk etmeli we ösüşiň wektoryny anyklamaly.
Prezident aýratynda häzirki zaman ýaşlary üçin, talyplar üçin diňe bir şu gün dälde, eýsem perspektiwada olar üçin wajyp bolan soraglary uly üns bermegi planlaşdyrýar.
Ýanka Kupala andyndaky GrDU-nyň talyplary Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetinde myhmançylykda boldylar
Belarus döwletinde geçirilyän «F.-ART.by» atly daşary ýurtly talyplaryň döredijilik festiwaly Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde dowam etdi.
Bu çäre Minsk, Grodno şäherindäki daşary ýurtly talyplary bir ýere jemledi. «ESNYKSUG» atly halkara inisiatiwlik talyplar klubyny wekilleri Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplary belarus toýynyň dap-dessury gelen myhmanlaryň dykgatdyna ýetirdiler. Şeýle hem Türkmen talyplary özleriniň haýran ediji tanslary bilen tomoşaçylary şatlandyrdylar.
–Men özümiň şu çäraniň bir bölegime öran şat, has-da ýene birnäçe günden men öz ýokary okuw jaýymy gutarýanlygym üçin. Gutarmazdan öňürti özüme okuwdan, Grodno şäherinden, Belarus döwletinden mümkin bolan maksimum tasirleri almaga we ony mähriban watanyma alyp gidip öz ildeşlerim bilen paylaşmana howlugýaryn. Şu gün men belaruslaryň toýunda öýlenyän ýigidiň rolyny oýnadym, meniň üçin – bu bir öran şatlykly wakalaryn biri bolup dur! Munuň yaly çärelere gatnaşmak, biz üçin, ýagny daşary ýurt talyplary üçin, – örän wajyp, – diyip biz bilen diller fakultetiniň 5-nji ýyllyk talyby Röwşen Öwezow öz duýgularyny paylaşdy.
Bedenterbiýe fakultetiniň talyby Wladislaw Ýedeşko taýski boks boýunça Ýewropanyň çempiony boldy.
“Wernisaž” atly Ýanka Kupaly adyndaky GrDU-nyň talyplar teatryna “Belarus Respublikasynyň Halk söýgülilik kollektiwi” diýen adyny yglan etdiler.