Sişenbe, 23 Awgust 2016 12:04

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde 2016-njy ýylky Tomusky rus dili mekdebine gatnaşyjylar belarus durmuş toýuny gurnadylar

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde 2016-njy ýylky Tomusky rus dili mekdebine gatnaşyjylar belarus durmuş toýuny gurnadylar

sv

ÝankaKupalaadyndakyGrodnoDöwletUniwersitetinde 2016-njy ýylkyTomuskyrusdilimekdebiniň mugallymlarywewolontýory daşary ýurtly myhmanlara diňe bir gerekli bilimleri bermän, eýsem güýçli depginde belarus medenýeti we däp-dessyrlary bilen giňden tanyşdyrmana çalyşýarlar.

Şeýlelikde, mekdebe gatnaşýan daşary ýurtly diňleýjilere rus dili sapaklarynda üç hepdäniň dowamynda Belarus döwletiniň taryhy barada   gürrüň berdiler, myhmanlary belarus kinomatografiýasy bilen tanyşdyrdylar, geçirilen master klaslarda olar öz elleri bilen birnäçe oýunjaklary ýasadylar we onuň ýüzüne belarus gölleri we keşdeleri çekdiler. Şeýle hem milli belarus tansy bolan “Лявониха” tansyny öwrendiler we birnäçe milli saz gurallarynda saz çalmaga synanşdylar.

-      Daşary ýurtly talyplar üçin belarus däp-dessurlarynyň içinden iň bir gyzykly däpleriň biri – sahnalaşdyrylan belarus durmuş toýu boldy. Bu baýramçylygyň dowamynda myhmanlara milli däp-dessurlaryň häzirki zaman görnüşi tomaşaçylaryň dytgatyna ýetirildi  – diýip 2016-njy ýylky Tomusky rus dili mekdebiniň wolontýory Ýuliýa Goponik gürrüň berdi. Diňleýjiler üçin biz belarus medeniýetiniň şatlykly däp-dessurlaryndan gyzykly sahna ýazdyk we daşary ýurtlylary haýrana goýan ençeme belarus naharlaryny taýýarladyk.

Toýda oýnaljak wezipeleri paýlaşygyň dowamynda öýlenýän oglanyň wezipesi Sloweniýa döwletinden gelen Lukaş Şabika düşdi, a çykýan gyz Ýaponiýadan gelen gyz Akane Nemoto. Belarus durmuş toýunda iň bir zerur adamlar – sawçylar, şaýatlar öýlänýän oglanyň we çykýan gyzyň ene-atalary bolup durýar. Ol wezipeleri Tomusky mekdebiň diňleýjileri, belarus we polýak wolontýorlarynyň ýerine ýetirdiler.

-      Dabaramyz sawçylykdan başlady we ertekili personaž garakçy Soloweýiň wezipesini öz boýnuna alan Italýaly diňleýji Françesko Prete ýerine ýetirmeginde gelini alyp gaçmak däbi bilen dowam etdildi – diýip Ýuliýa belläp geçdi. Soňra öýlenýän ýigit öz gelinini suwperilerinden we Baba Ýagadan satyn almaly boldy. Şeýlelikde Lukaş öz dostlary bilen bilelikde birnäçe päsgelçilikli synaglardan geçdi. 

Saçak başyna geçmezden öňürti öýlänýän ýigidi we täze gelini belarus däpleri boýunça wolontýorlaryň bişiren baýramçylyk çöregi bolan Karawaý çöregi bilen garş aldylar, soňra olar bezegli polotensanyň üstünde durup özbaşdak ýasalan öý kwasyny içdiler.

Saçak başynda geliniň kellesinden fata çykaryş däbi geçirildi, soňra täze geliniň şaýady geliniň adyndan “Size baş egýän” diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Mundan soňra ähli myhmanlaryň ýerine ýetirmeginde belarus halk aýdymy “Kupalinka” ýaňlandy. 

Elbetde belarus toýy tansyz geçmedi. Öýlenýän ýigit Lukaşyň we täze gelin Akaneniň ilkinji tansyndan soňra, mekdebiň wolontýorlary toý myhmanlaryna belarus milli tansyny öwrenmegi hödürlenildi. Ähli toýa gatnaşyjylar bu tanslardan we milli oýunlar bolan “Ruçeýok” we “Gözdaňdy” oýunlaryndan emçeme şatlykly duýgulara başdan geçirdiler.

Toýdan soň öýlenýän ýigitde we täze gelinde ýeketäk elde ýasalan ýüzükler, taýýarlyksyz edilen nika şahadatnamasy we birnäçe ýatdan çykmajak şatlykly joşgunlar galdy, toýuň ähli myhmanlary bolsa uly-uly lezzet alandyklaryny belläp geçmekden başgada, Belarus döwletiniň beýleki birnäçe medini çäreleri we däp-dessurlary bilen tanyşmaga höwes bildirýänlikleri aýtdylar.

 

sv2

Öýlenýän ýigidiň synag geçişi

sv2

Gatnaşyjylaryň eden Ruçeýok tansy

sv2

Belarus däbi boýunça myhman kabul edilşik

sv2

Ýigit gyzy almaga gelen pursady

sv2

Belarus tansynyň öwreniliş purdady

sv7

Toý tutýan ýaşlar we olaryň şaýatlary

sv2

Kelleden fata çykarylyş däbi

sv2

Ýadygälik maşgala suraty

 sv2

Umumy surat

Read 8930 times Last modified on Sişenbe, 23 Awgust 2016 12:15
banner11 banner21 banner31