Sişenbe, 30 Awgust 2016 10:43

Goşmaça: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň Rio-de-Žaneýrodaky XXXI Tomusky Olimpiýa oýunlarda kümüş medalyna eýe bolan aspiranty Iwan Tihony Halkara aeroportynda garş aldylar

Goşmaça: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň Rio-de-Žaneýrodaky XXXI Tomusky Olimpiýa oýunlarda kümüş medalyna eýe bolan aspiranty Iwan Tihony Halkara aeroportynda garş aldylar

sf3r1ad

Demir zyňyjy Iwan Tihony garş alyjylaryň içinde Belarus Respublikasynyň sport ministri Aleksandr Igorýewiç Şamko, Grodno welaýat dolandyryş komitetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Wiktor Andreýewiç Liskowiç, Rektor Andreý Dmitriýewiç Korolyň ýolbaşçylygyndaky Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň delegasiýasy, şeýle hem Iwanyň birnäçe janköýerleri bardy.
Kupalow Uniwersitetiniň aspirantyny ýeňişi bilen ençeme gutlag sözleri we köp-köp sag bolsunlar aýtmak bilen biziň alma matermiziň Rektory Andreý Dmitriýewiç Korol gyzgyn gutlady. Türgen hem öz gezeginde özüniň ähli güýjini sarp edip Olimpiýadada elinde baryny edenligini we şu netijä mynasyp bolanlygyny aýtdy.
– Biziň ähli işimiz ugruna boldy. Olimpiýa oýunlarynda Belarus döwletiniň abraýyny goran komanda köp zada mynasyp. Men hem özümiň şol komandanyň içindeligime guwanýaryn. Şeýle hem men ýene-de 4 ýyldan Tokio şäherinde geçjek Olimpiýadada şu elimde altyn medalynyň boljakdygyna öz umudymy ýitiremok – diýip Iwan belläp geçdi.
Mundan başgada, biziň türgenimiz öz okuwyny Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň aspiranturasynda tamamlamagy, ylmy synçynyň diplomyny alyp kitap ýa-da ylmy iş ýazyp öz tejribesini ýaş ýetginjekler bilen paýlaşmagy planlaşdyrýanlygy barada aýtdy.
Şeýle hem, Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň talyplaryndan aspirant Iwan Tihonyň (demir zyňma), talyplar Ýelena Sobolýewa we Pawel Boreýşa (demir zyňma), Irina Ýakolsewiçiň (uzyn taýak bilen bökmek), Soslan Daurowyň (grek-rim göreşi, 59 kg agramlykda), şeýle hem uniwersitetiň uçurymlary bolan Mariýa Filonçikiň (basketbol) we Witaliý Bubnowiçiň (ok atma) Olimpiýada gatnaşanlyklary barada ýatlatýarys.
Giňişleýin fotoreportažda görüp bilersiňiz.

  • tm1
  • tm2
  • tm-3
  • tm-4
  • tm5
Read 10194 times Last modified on Çarşenbe, 31 Awgust 2016 12:11
banner11 banner21 banner31