Duşenbe, 17 Oktýabr 2016 15:18

Grodno şäheriniň içeri işler bölüminiň wekilleri Ýanka Kupala adyndaky GrGU-nyň daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdylar

Grodno şäheriniň içeri işler bölüminiň wekilleri Ýanka Kupala adyndaky GrGU-nyň daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdylar

nov 1

2016-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde “Belarus Respublikasyndaky daşary ýurt talyplaryň hukuklary we borçlary” atly seminar geçirildi. Biziň uniwersitetimiziň daşary ýurt talyplarynyň öňünde Grodno şäheriniň hukuk goraýyş organlaryň wekilleri çykyş etdiler.

Kupalow uniwersitetiniň diwarlarynda myhmanlary Milletara Bilim Merkeziniň başlygy Ýelena Iosifowna Belekoz garş aldy.

Soňra ähli ýygnanan talyplaryň öňünde Grodno şäheriniň Lenin raýonynyň içeri işler bölüminiň raýatlar we migrasiýa boýunça inspektory Olga Wladimirowna Genýuş wiza almak we ony resmileşdirmek barada gürrüň berdi, şeýle hem daşary ýurt raýatlary üçin registrasiýanyň aýratynlyklary barada belläp geçdi.

Has köp, ýygy-ýygydan bozulýan ýol hereketiniň düzgünleri barada we olaryň öňüni alyş barada Grodno weleýatynyň içiri işler dolandyryşynyň transport boýunça bölüminiň birinji orunbasary Waleriý Wiktorowiç Sakowiç gürrüň berdi. Daşary ýurtly talyplaryň iň köp duçar meselereriň biri daşary ýurt raýatlaryň kanun bilmezligi diýip talyplaryň ünsüni özüne çekdi.

Duşuşygyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan, biziň ýurdymyza giriş baradaky soraglary berdiler.

nov 2

nov 3

Read 7010 times
banner11 banner21 banner31