Sişenbe, 14 Fewral 2017 10:05

Bedenterbiýe fakulteti Gazagystanyň sport we syýahatçylyk akademiýasynyň kafedralary bilen özara gatnaşyk işlerini ýola goýýar

Bedenterbiýe fakulteti Gazagystanyň sport we syýahatçylyk akademiýasynyň kafedralary bilen özara gatnaşyk işlerini ýola goýýar

234 1

Bu barada 3-4-nji fewralda Almata şäherinde Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň bazasynda geçen “Innowasiýa – Bilim – Sport” atly talyplar sportynyň Bütündünýä halkara federasiýasynyň ylmy konferensiýasynda habar berildi.

Gazak uniwersitetiniň rektory we dekanlary bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň bedenterbiýe fakultetiniň sport sapaklary kafedrasynyň ýolbaşçysy Witaliý Hramow bedenterbiýe bilimini informatizasiýalaşdyş pudagynda özara gatnaşyklaryň ösüş ýollaryny mälim etdi. Şeýle hem, taraplar akademiýada hereket etýän bedenterbiýe we sport üçin işgärleri taýýarlaýyş we kwalifikasiýalaryny galdyryş Merkezi bilen hyzmatdaşlygyň formalaryny alamatlandyrdylar.

Dünýäniň 45 döwletini bir ýere jemlän ylmy forumda Witaliý Wladimirowiç Belarus Respublikasynyň mekdepleriniň bedenterbiýe sapaklaryndaky tehnologiki innowasiýalara baradaky doklady bilen çykyş etdi. Şeýle hem, biziň uniwersitetimiziň wekili Gazak akademiýasynyň fakultetleriniň bilim proseslary bilen tanyşdy we sportyň gyşky görnüşleri boýunça Bütündünýä uniwersiadasynyň binalaryny görmäne bardy.

Bedenterbiýe fakultetiniň ähli täzelikleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

 

234 2

234 3

234 4

234 5

234 6

Read 7348 times
banner11 banner21 banner31