Şenbe, 24 Mart 2018 10:46

Türkmen milli göreşi boýunça turnir, milli oýunlar we milli naharlar: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Nowruz baýramy geçirildi

Türkmen milli göreşi boýunça turnir, milli oýunlar we milli naharlar: Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Nowruz baýramy geçirildi

Bu festiwal kupalow uniwersitetinde ähli Nowruz baýramyny – astronomiki gün kalendary boýunça täze ýyl belleýän daşary ýurtly talyplaryň ählisini bir ýere jemledi.

Ilkinji gezek Nowruz baýramy Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar watandaşlygynyň inisiatiwasy esasynda geçen ýyl bellenildi. Şonda bu baýramçylykda 5 uniwersitetiň wekilleri gatnaşypdy. Bu ýyl festiwala 9 uniwersitetiň wekilleri gatnaşdylar: Belarus Döwlet Uniwersiteti, Belarus Döwletiniň Bedenterbiýe Uniwersiteti, Maksim Tank adyndaky Belarus Döwlet Mugallymçylyk Uniwersiteti, “BIP – Hukuk institut” hususy okuw jaýynyň Grodnoda filialy, “MITSO” Halkara uniwersitetiniň Witebs filialy, Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti, Polesk Döwlet Uniwersiteti, Grodno Döwlet Oba-hojalyk uniwersiteti we Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti.

Ýalkymly salamlaşyk sözleri bilen myhmanlara we baýramçylygy guramaçylara Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory Irina Kiturko ýüzlendi.

  • Men sizi baýramçylygyz bilen gutlaýaryn we Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da bellenilýän Nowruz baýramynyň inisiatory bolan talyplara öz minnetdarlygymy bildirýärin. Şeýle hem, gelen myhmanlara sag bolsun aýtman isleýän, siz sebäpli bu festiwal biziň uniwersitetimiziň çäginden daşyna çykdy we talyplary birikdirýän, doslaşdyrýan gowy däp-dessurlaryň biri boldy, – diýip Irina Fýodorowna belläp geçdi we myhmanlara baýramçylyk tortuny sowgat berdi.

Festiwalda myhmanlar dürli döwletleriň milli koloritleri görkezýän interaktiw meýdançalarynda boldular: milli tagamlary dadyp gördüler we öz elleri bilen gözden goraýan alaja örmäni öwrendiler, türkmen halkynyň şaý-sepleri we öý esbaplary bilen tanyşdylar. Çäräniň myhmanlary üçin iň gyzykly bolan master-klasslary – türkmen dili sapagy, arap, hytaý kalligrafiýasy we milli oýunlardan baýdak aldy, bäş daş we kanat çekişmek ýaly oýunlar boldylar. Sport bäsleşiginiň söýüjilerini bolsa Milli Türkmen göreşi boýunça geçirilen turnir bir ýere jemledi.

Festiwal daşary ýurtly talyplaryň döredijilik sahnalarynyň üsti bilen öz medeniýeti bilen tomaşaçylary tanyşdyrmak arkaly baýramçylyk konserti bilen jemlenildi. Bu konsertiň dowamynda göreşiň ýeňijiçilerini, interaktiw meýdançalarynyň işjeň gatnaşyjylaryny, şeýle hem, “Täze gün” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini kuboklar, medallar, diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

 

Ýatlatýarys:

2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy bolmadyk medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna goşuldy, 2010-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda OON-nyň Genaral Assambleýesiniň 64-nji sessiýa 21-nji mart Bütin dünýä Halkara Nowruz güni diýip yglan etdi.

Read 11272 times Last modified on Duşenbe, 13 Aprel 2020 11:55
banner11 banner21 banner31