Duşenbe, 13 Iýun 2016 14:03

Respubliki uçurym baly

GrDU-nyň 6 sany talyby we uniwersitetiň rektory Andreý Dmitriýewiç Korol Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň Respubliki uçurym balyna gatnaşdylar.

afasgf13

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetinden uçurymlar Ýulia Dedkowa we Olga Nazarowa, matematika we informatika fakultetinden uçurym German Baýtinger, diller fakultetinden uçurym Weronika Komar, bedenterbiýe fakultetinden Iwan Belewskiý we harby fakultetiniň uçurymy Alekseý Kutafin baýramçylyk çäresine gatnaşdylar. Respubliki bala çagyrylanlaryň jemi sany 222 barabar bolup ýurdyň 52 ýokary okuw jaýlaryndan gelenlerdir. Çagyrylanlaryň içinde – Belarus döwletiniň iň ökde uçurymlary, olimpiadalaryň, bäsleşikleriň ýeňijileri we Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýörütileşdirilen fondlarynyň laureatlary boldylar. 

Ýurdyň Prezidenti çäre gatnaşajylara ýüzlenip, bu günki uçurymlaryň täze hünärmenler hökmünde öz işlerini ýurdyň dinamiki ösüşine ýaşlaryň ýardam boljagyna uly umut bildirýän täze bäş ýyllygyň birinji ýylyndan başlaýandygyny belläp geçdi. Aleksandr Lukaşenkonyň aýtmagyna görä, ýaşlaryň ykbaly döwlet üçin perwaýsyz däldir we döwlet olar üçin ähli möhüm bolan zatlary etýändir, şonuň bilen birlikdede ýaşlaryň her birini öz hünärleri boýunça ilkinji iş ýerleri bilen üpjün etýändir. Şeýle hem Prezident öz aýdan zatlaryna goşup, uçurymlar üçin professionallaşmagyň täze jogapkärçilikli etabynyň başlaýanlygyny aýtdy. Bu bir özboluşly, şu çaka çenli öwrenen zatlarynyň we öz bilimleriniň gündelik tejribede ulanyljak barlagydyr.

Şeýle hem, ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlarynyň Respubliki balynda Aleksandr Lukaşenko ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryny we ýolbaşçylaryny birnäçe ýyllap edilen uly netije görkeziji işleri üçin, professionallyk işinde ýetilen uly derejeler üçin, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goltgy berýän şahsy goşantlary üçin döwlet derejesindäki baýraklar bilen sylaglady.  

34123r123

Read 7648 times Last modified on Duşenbe, 04 Iýul 2016 10:12
More in this category: Rektorski bal »
banner11 banner21 banner31