Duşenbe, 04 Iýul 2016 10:09

Rektorski bal

Ilkinji gezek uniwersitet baýdagynyň Meýdançasynda dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä uniwersitetiň iň ökde uçurymlary, uniwersitetiň rektoraty, fakultetlaryň dekanlary, mugallymlary, hormatly myhmanlar, ene-atalar we uçurymlaryň dost-ýarlary gatnaşdylar.

daf123

 

Salamlaşyk sözi bilen uniwersitetiň rektory Andreý Dmitriýewiç Karol ýüzlendi dabaraly çärä gatnaşyjylara. Rektor uçurymlara öz ýüreklerini diňläp öňlerinde belli bir maksat goýmany öwrenmegi we şonyň bilen birlikde goýulan maksatlara ýetirmek üçin her bir ädimini güýçli depginde alyp barmany öwrenmegi  we ol derejelere ýeňillik bilen ýetmegi we uçurymlaryň professionallyk ugurynda her sagatda, her minutda döreýän soraglara jogap tapmaklaryny arzuw etdi.

Bu çäräniň hormatly myhmany bolan OAO “Grodno et kombinatynyň” müdüri, ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň kadyrlary taýýarlamak boýunça koordinasion mashahatynyň başlygy bolan Anatoliý Grişuk uçurymlara aktiwlik we inisiatiwlik arzuw etdi.

Soňra Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň rektory we hormatly myhman Anatoliý Grişuk iň ökde 2016-njy ýylyň uçurymlara, ýagny ylymda ýokary derejelere ýeten, dürli premiýalaryň laureatlary bolan, sport bäsleşikleriniň ençeme prizleriniň eýesi bolan we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan  uçurymlara ýokary bilim hakyndaky diplomlary, hormat hatlaryny we uniwersiteti gutarýanlygyny aňlatýan akademiki belliklerini gowşurdylar. Mugallymçylyk fakultetiniň dekany Swetlana Ýakowlewna Kostrisa ähli dekanatlaryň we mugallymlaryň adyndan uçurymlara ýüzlenip, uniwersitetde talybyň diňe bir hünär almak bilen çäklenmän, durmuşyň dürli kyýnçylyklaryny geçmäne, öz häsiýetlerini berkitmegi, asylly gatnaşmagy we doslaşmagy öwrenýänliklerini belläp geçdi.

Hukuk fakultetiniň uçurymy bolan Olga Nazarowa ähli uçurymlaryň adyndan uniwersiteti dolandyryjylara, professerler we mugallymlar düzümine we bütün okuw döwrüniň dowamynda kupalow diwarynyň içinde berk durmana kömek eden ene-atalaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Ähli ene-atalaryň adyndan harby fakultetinde okan uçurym Alekseý Kutafinanyň kakasy Nikalaý Wiktorowiç Kutafin gutlag we minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi.

Şeýlelikde, wals tansy bilen dabaraly baýramçylyk çäresi tamamlandy. 

Read 7094 times Last modified on Duşenbe, 04 Iýul 2016 10:15
banner11 banner21 banner31