Anna, 05 Awgust 2016 11:07

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda dünýa WEBOMETRICS bahalandyrmasy boýunça öz ikinji ornuny saklap gelýär

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda dünýa WEBOMETRICS bahalandyrmasy boýunça öz ikinji ornuny saklap gelýär

wrwu

2016-njy ýylyň iýul aýynyň ahyrynda täzeden Webometrics boýunça geçirilen bahalandyrmada  Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ýene bir özüniň ikinji ýerini eýeledi.

Adatdaky ýaly Webometrics bahalandyrmasynda 1-nji orny Belarus Döwlet Uniwersiteti (BDU), 3-nji orny Belarus Milli Tehniki Uniwersiteti (BMTU) eýelediler.

Mundan başgada, kupalow ýokary okuw jaýy hemişekisi ýaly Grodnanyň ýokary okuw jaýlarynyň aralarynda özüniň liderlik ornuny saklamagy başardy. Şeýle hem, Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti 6-njy orunda Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda, Grodno Döwlet Oba-hojalyk Uniwersiteti bolsa 30-njy ýeri eýeledi.

Webometrics bahalandyrmasy boýunça tassyklanan top 10-na girýän Belarus döwletiniň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy:

1 Belarus Döwlet Uniwersiteti
2 Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet uniwersiteti
3 Belarus döwletiniň Milli Tehniki Uniwersiteti
4 Informatikanyň we Radioelektronikanyň Belarus Döwlet Uniwersiteti
5 Belarus Döwlet Tehnologiýa Uniwersiteti
6 Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti
7 Witebsk Döwlet Tehnologiýa Uniwersiteti
8 Fransisk Srorina adyndaky Gomel Döwlet Uniwersiteti
9 Belarus Döwlet Lukmançylyk Uniwersiteti
10 Halkara Uniwersitet MITSO

            Şeýle hem, instition repozitory Ranking Web Repositories (Webometrics) bahalandyrmada elektron kitaphanasy bolan “Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň alymlarynyň ylmy işleri” ýarym ýyl mundan ozalkysy ýaly döwletiň içindäki uniwersitetleriň elektron kitapnamalarynyň arasynda 3-nji orny (dünýäde 653-nji orny) eýeleýär. 1-nji orny bahalandyrmada adatky ýaly BDU eýeledi (114), ikinji orny – BMTU (351).

Bahalandyrma Webometrics(Webometrics Ranking of World Universities) 2004-nji ýylda we 12 ýylyň dowamynda Ispaniýanyň Milli Alymlar Sowetiniň düzümine girýän Cybermetrics ylmy alymlar topary tarapyndan hasaplanýandygyny ýatlatýarys. Munyň içinde diňe bir uniwersitetleriň arasyndaky dälde, eýsem lukmançylyk guramalarynyň, telekeçilik mekdepleriniň, ýokary okuw jaýlaryna degişli ylmy merkezleriň we kitaphanalaryň internet ulgamyndaky görkezilişlerine we sitatalaýyşlaryna baha berilýändir. 

 

Read 6890 times
banner11 banner21 banner31