Dünýäniň 14 döwletinden Ýanka Kupala adyndaky GrDU-a rus dilini öwrenmäge geldiler
Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetinde ikinji gezek Tomusky rus dili mekdebi öz işine başlady.
Bu ýyl oňa gatnaşýanlar dünýäniň 14 döwletinden gelen talyplar, aspirantlar, mugallymlar we dürli kompaniýanyň işgärleri: Beýik Britaniýa birleşik karollygyndan, Demirgazyk Irlandiýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Kamerundan, Kanadadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Polşadan, Slowakiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan we Ýaponiýadan. Umuman aýdanyňda, özleriniň rus dilini ösdürmek we Belarus döwletiniň durmuşy we medeniýeti bilen tanyşmak üçin gelen 31 sany daşary ýurt raýatlarydyr.
Tomusky rus dili mekdebinde eýýäm 2-nji awgustda rus dili sapaklary başlady. Test işleriniň jemi boýunça gatnaşyjylar 5 topara bölündiler we bu toparlarda daşary ýurt dili hökmündäki rus dili mugallymlary: Inna Ýurýewna Samoýlowa, Ýelene Iwanowna Bilýutenko, Natalýa Grigorýewna Muzyçenko, Irina Grigorýewna Kraskowskaýa we Tatýana Wladimirowna Çerkes sapak geçýärler.
Okamakdan başgada Tomusky mekdebe gatnaşyjylara baý manyly medeni programmalar garaşýar. Şonuň bilen birlikde olar belaruslaryň däp-dessurlary we gündelik durmuşy bilen tanyş bolarlar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin Belarus döwletiniň we Grodno şäheriniň bir näçe taryhy ýerleri boýunça we “Grodno” teleradiokompaniýasyna, Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň taryhy muzeýine boýunça ekskursiýalar, Awgust kanalynda baýdarkada ýüzüw, halk döredijili boýunça bir näçe master-klaslar, Neman derýasynda korablda aýlanmak, tanyşlyk agşamlary we şuňa meňzeş wagtyňy hoş geçirmek üçin birnäçe çäreler geçiriljekdir. Kurslaryň ahyrynda daşary ýurtly raýatlar Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň Tomusky rus dili mekdebine gatnaşyjysynyň sertifikatyny alarlar.
Proýekte gatnaşyjylaryň iň ýaşyna – 20 ýaş, a iň ulysyna – 59 ýaş (geçen 2015-nji ýyl bilen deňäniňde, Sloweniýaly gatnaşyjynyň 36 ýaşy doldy). Geçen ýyl Tomusky rus dili mekdebine 20 gyz we 6 sany oglan gatnaşypdy, emma bu ýyl oglanlaryň sany öňküden ep-esli artdy: 12 oglan, a gyzlaryň sany 18-e barabar bolup durýar. Mundan başgada Tomusky mekdebiň geçen 2015-nji ýylky Italiýaly gatnaşyjysy diňe bir özi Belarus döwletine ikinji gezek gelmek bilen çäklenmän, eýsem ýany bilen öz dostuny getirdi, a Polşa döwletinden bir gyz bolsa biziň bu proýektimizde wolontýor hökmünde çykyş etmäge isleg bildirdi.
Ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetiniň lingwistiki sapaklary we daşary ýurt dili hökmündäki rus dili kafedrasy bu proýektiň guramaçysydyr we inisiatorydyr.