Duşenbe, 15 Awgust 2016 11:45

Matematika we Informatika fakultetiniň matematiki analiz, defferensial deňleme we algebra kafedrasynyň müdüri A.A. Grin Berlin şäheriň Tehniki uniwersitetinde stajirowka geçdi.

Matematika we Informatika fakultetiniň matematiki analiz, defferensial deňleme we algebra kafedrasynyň müdüri A.A. Grin Berlin şäheriň Tehniki uniwersitetinde stajirowka geçdi.

ber

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň Matematika we Informatika fakultetiniň matematiki analiz, defferensial deňleme we algebra kafedrasynyň müdüri Aleksandr Aleksandrowiç Grin MOST proýetinde çykyş etdi. Iki hepdäniň dowamynda biziň uniwersitetimiziň wekili Berliniň Tehniki Uniwersitetiniň matematika Institutynda okuw prosessiniň we ylmy barlag işleriniň guramaçylyk işleri bilen tanyşdy.

Stajirowkanyň dowamynda Aleksandr Aleksandrowiç bu ýokary okuw jaýynyň matematiki sapaklarynyň döwrebap metodlaryny öwrendi. Mundan başgada birnäçe özbaşdak sistemalaryň klaslary we onuň goşundylary üçin ahyrky siklleriň ençeme meselelerini çözüş täze nukdaýnazarlary özleşdirdi. Kafedranyň müdüri özüniň şol ýerde alan bilimerini bu ýerde “Matematika (ylmy-pedagogiki işi)” hünäri boýunça okaýan biziň talyplarymyz üçin geçiljek “Defferensial deňlemeleriň hilli teoriyasy” atly ýöriteleşdirilen kursyň dowamynda ulanmagy planlaşdyrýar.

Aleksandr Aleksandrowiçiň stajirowkasy Matematiki Institutynyň işdeşleri bilen geçirilen duşuşyklar bilen tamamlandy. Duşuşygyň dowamynda iki tarapyň wekilleri uniwersitetleriň halkara bahalandyrmasyna gatnaşmaklygy, şeýle hem bilim pudagynda birek birek üçin amatly we mümkin bolan uzak wagtlaýyn hereket etjek hyzmatdaşlyklary barada gürrüňdeşlikleri geçirdiler

Matematika we Informatika fakultetiniň ähli täzelikleri bilen rus dilinde şu ýerde tanyşyp bolýar.

 

Read 7268 times
banner11 banner21 banner31