Çarşenbe, 17 Awgust 2016 10:01

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Belarus we Rossiýa döwletlerinden programmist-talyplar ýygnanşýarlar

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da Belarus we Rossiýa döwletlerinden programmist-talyplar ýygnanşýarlar

acm

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti MISiS we MFTI bilen bilelikde 2016-njy ýylyň awgust aýynyň 15-den 24-ne çenli «MoscowACM/ICPCWorkshops» kompaniýasynyň gözegçiligi astynda “Programmirlemeden mesele çözmek boýunça halkara çempionatynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy” atly çäre geçirýär.

Çärä gatnaşýan talyplaryň sany Belarus we Rossiýa döwletinden 22 barabardyr. Olara mugallym hökmünde NITU-dan, Moskwanyň fiziki-tehnika Institutyndan we Ýanka Kapala adyndaky GrDU-dan bolan bäş adam hyzmat eder.

Bu ýerde boljak sapaklar iki toparda geçiriler: “A” we “B”. Olaryň her birinde 4 gün dürli mogzuklar (her gün bir mogzuk) boýunça leksiýalar we praktiki sapaklary bolar. Şeýle hem, ýene 4 gün komandalaryň arasynda bäsleşikler bolar. Toparlaryň programmalaryna laýyklykda geçjek temalary: sanlaryň teoriýasy, oýunlaryň teoriýasy, setirleýin algoritmler we maglumatlaryň gurluşy.

Türgenleşik informafion tehnologiýalar pudagynda talyplaryň taýýarlygyny ösdürmek we talyplary programmirleme boýunça çempionata taýýarlamak maksady bilen geçirilýär. Şeýlelikde şu ýylyň oktýabr aýynda talyplardan düzülen toparlar iň bir ady belli bolan çempionata, ýagny ASM/ISPS programmirlemesi boýunça talyplaryň halkara  olimpiýadasynyň dörtdenbir finalyna gatnaşarlar. Dörtden bir finalynyň netijesi boýunça iň güýçli topar ýarym finala, soňra 2017-nji ýylyň ýazynda boljak finalyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýeňijiler mynasyp bolan diplomlaryndan başgada bir näçe dürli baýraklar bilen sylaglanarlar. Mundan başgada olara dünýäniň iň uly ady belli IT-kompaniýalarynda öz karýeralaryny başlamaga mümkinçilik beriler. 

 

Read 7083 times
banner11 banner21 banner31