Çarşenbe, 14 Sentýabr 2016 15:14

Belostokdaky Uniwersitetiň wekilleri Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da saparda boldylar

Belostokdaky Uniwersitetiň wekilleri Ýanka Kupala adyndaky GrDU-da saparda boldylar

bialystok tm

Belostokdaky Uniwersitetiň bilim boýunça prorektory Woýseh Sleşinski, Taryh we Pilitehniki ylymlar Institutynyň direktory Ýan Meçislaw Snopko Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň prorektory Ýuriý Eduardowiç Belyh bilen duşyşdylar.

Duşuşyga gatnaşýanlaryň arasynda taryh, komminikasiýa we turizm fakultetiniň dekany Aleksandr Nikolaýewiç Neçuhrin we GrDU-nyň milletara bilim Merkeziniň başlygy Ýelena Iosifowna Belakoz.

Taraplar magistraturanyň “Taryh” hünäri boýunça talyplary bilelikde taýýarlamak barada soraglary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, uniwersitetleriň wekilleri Belostok Uniwersitetinde Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň edarasyny açmak we ençeme bilelikde geçirilýän hyzmatdaşlyk programmalarynyň durmuşa geçirmek barada gürleşdiler. Hyzmatdaşlyklaryň esasynda ýokary okuw jaýlarynyň fakultetleriniň arasynda talyplar bilen alyp-çalyş, bilelikde ylmy derňewler we webinarlary, proýektleri durmuşa geçirilýar we okuw planlary işlenýär.

Duşuşygyň soňunda Ýuriý Eduardowiç rektor Andreý Dmitriýewiç Korolyň adyndan Belostok Uniwersitetiniň rektory Robert Syborowskiny kupalow uniwersitetine çagyrdy.

 

Read 7809 times
banner11 banner21 banner31