Perşenbe, 22 Sentýabr 2016 15:17

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurt talyplary Gurban baýramçylygyny bellediler

Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurt talyplary Gurban baýramçylygyny bellediler

kb

Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersitetiniň daşary ýurt talyplary yslam dini medeniýetiniň iň wajyp baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramçylygyny giňden bellediler.

Üç günüň dowamynda Ýanka Kupala adyndaky GrDU-nyň daşary ýurt talyplary tarapyndan 2-nji, 3-nji we 4-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda Gurban baýramçylygyny gurnanyldy. Gurban baýramyň birinji güni kupalow uniwersitetiniň daşary ýurt talyplar delegasiýasy Grodno Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetine öz watandaşlaryny gutlamaga gitdiler. Ikinji we üçinji günleri Lukmançylyk we Oba-hojalyk uniwersitetleriniň talyplary jogap edip biziň kupalow talyplarymyzy Gurban baýramy bilen gutlamaga geldiler. Mundan başgada, biziň uniwersitetimiziň birnäçe işgärleri we mugallymlary baýramçylygyň çagyrylan myhmany boldylar.

- Bu baýramy 4-nji umumy ýaşaýyş jaýynda gurnamak üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň ähli işgärleri ulydan kömek etdiler. Umumy ýaşaýyş jaýynyň müdüri we terbiýeçileri oglanlar üçin okalga zalyny we gyzlar üçin uly bolan otaglaryň birini berdiler, gap-çanak, haly we saçak tapmaga kömek etdiler – diýip umumy ýaşaýyş jaýynyň starostasy bolan, bedenterbiýeçilik fakultetiniň 3-nji ýyllyk talyby Ihlasbek Taňirberganow belläp geçdi.

Baýramçylykda taýýarlanylýan esasy naharlaryň biri diýip goýun etinden edilýän türkmen milli nahary “dograma” hasaplanylýar. Ony taýýarlamak üçin talyplar 8 sagatdan hem gowrak çörek we goýun etini bişirdiler. Şeýle hem, milli naharlardan somsa, içlekli we süýjilik nahary bolan şek-şeki  taýýarlanyldy.

Gurban baýramy – bu iki esasy musulman baýramçylyklarynyň biri bolup durýar. Ähli umumy yslam dünýäsinde bu baýramy agyz bekleniş gutarandan 70 gün soň bellenilýär. Adatça bu baýram günleri musulmanlar namaz okap, gowydan gowy dileg etýärler, täze eşik geýýärler we metjide gidip wagyz nesihat diňleýärler. Üşüp okalýan namazdan soň baýramçylygyň kuliminasiýasy – gurban edilşik başlaýar. Biziň daşary ýurtly talyplarymyz myhmanlar we umumy ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýyjylary üçin her gün iki goýuny gurban etdiler we 100-den gowrak adamy naharladylar.

kb1

Nigeriýaly talyplaryň Gurban baýramynda bolan pursady

kb2

Gurban baýramyny bellemek üçin berlen gyzlar otagy

kb3 

kb4

Daşary ýurt talyplary baýramçylyk wagtynda

kb5

kb6

kb7

Türkmen milli nahary “Dograma”

 kb8

Oglanlaryň otagy

 kb9

Köpçülik üçin töwür okan mollalarymyz

Read 14149 times
banner11 banner21 banner31